Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Wokzallarda adamlaryň gyzgyny barlanýar, awtobuslar ýuwulýar, daşary ýurtlulara Türkmenistana barmazlyk maslahat berilýär


Aşgabadyň awtobuslarynda dezinfeksiýa geçirýärler
Aşgabadyň awtobuslarynda dezinfeksiýa geçirýärler

Türkmenistanyň hökümetiniň COVID-19 wirusy bilen bagly ýurtdaky karantin zonalary we şol ýerde saklanýan adamlaryň sany barada maglumat bermekden saklanýan wagtynda, daşary ýurtlaryň ilçihanalary öz raýatlaryny Türkmenistana barmakdan saklanmaga çagyryp, karantine düşmeginiň ähtimallygyny duýdurýarlar. Şol bir wagtda-da ýurtda kesellänleri anyklamak boýunça işler geçirilýär.

Azatlyk Radiosynyň Marydaky habarçysynyň sözlerine görä, şu günki gün welaýatyň jemgyýetçilik ýerlerinde, şol sanda demirýol wokzallarynda adamlaryň gyzgyny barlanýar.

"Maryda, meselem, wokzalyň girelgesinde plastmas pistolet görnüşli gural bilen gyzgyny barlaýarlar. Ony adamlaryň maňlaýyna çak bilen 25-45 santimetr aralykdan çeneýärler" diýip, Marydaky habarçymyz 11-nji martda habar berdi.

Mundan öň Azatlygyň habarçylary käbir ýagdaýlarda, şol sanda Türkmenabadyň aeroportunda adamlaryň gyzgynynyň termometr bilen baglanýandygyny habar beripdi. Häzirki wagtda ähli halkara uçarlar Türkmenistanyň gündogarynda Türkmenabat şäherine gonýar. Uçarlaryň ähli ýolagçylarynyň gyzgyny barlanýar.

Şeýle-de, Türkmenabatda koronawirus bilen baglylykda karantine salynýan adamlaryň ýerleşdirilýän zonasy ýerleşýär. Habarçylarymyzyň sözlerine görä, soňky günlerde Türkmenabadyň ýokanç keseller hassahanasynyň ýanyndaky çadyr lageri getirilýänleriň sanynyň köpelmegi sebäpli esli giňeldilipdir, bu ýerde geçirilýän barlaglaryň wagty hem adamlaryň karantinde saklanýan wagt möhleti 28 güne çenli uzaldylypdyr.

Şol bir wagtda-da Aşgabatda jemgyýetçilik transportynda arassaçylyk işleri güýçlendirilýär.

"Türkmenistanyň Hronikasy" neşriniň maglumatyna görä, Aşgabatda COVID-19 wirusyň ýaýbaňlanmagynyň öňüni almak maksady bilen şäher awtobuslarynyň her gatnawyndan soň hlor bilen ýuwýarlar.

"Köşi, 8-nji mikroraýon, Awtokombinat, Parahat-7 etrapçasy, Teke bazary we beýleki duralgalarda jemagat edaralarynyň işgärleri awtobuslarda esgi we dezinfeksiýa serişdeleri bilen oturgyçlary, tutawaçlary we gapylary ýuwýarlar" diýip, neşir 10-njy martda habar berýär.

Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysynyň sözlerine görä, 11-nji martda mugallymlara paýtagtda orta mekdepleriň karantine ýapylmagynyň ähtimaldygy aýdylypdyr.

"Mekdepleriň duşenbe günden başlap, ýapylyp biljekdigini, emma goşmaça görkezmä garaşmalydygyny aýtdylar" diýip, habarçymyz, paýtagtyň mugallymlaryna salgylanyp, belleýär. Onuň sözlerine görä, medisina maskalaryny dakynmak gadagançylygy ýene-de bir gezek nygtalypdyr.

Şol bir wagtda-da, habarçylarymyz bilen söhbetdeş bolan Aşgabadyň orta mekdepleriniň okuwçylary we olaryň ene-atalary özlerine karantin barada aýdylmandygyny habar berdiler.

Mundan başga-da, habarçylarymyz ýurduň türmelerinde bendileriň ýanyna barmagyň gadagan edilendigini we diňe olaryň yzyndan eltilýän zatlaryň geçirilýändigini habar berdiler.

Türkmen häkimiýetleri özleriniň alyp barýan bu çärelerini kommentirlemeýärler, ilata hiç hili düşündiriş bermeýärler. Döwlet habar beriş serişdeleri koronawirus bilen bagly täzelikler hem munuň bilen baglylykda alnyp barylýan çäreler barada düýpden habar bermeýärler.

Şol bir wagtda-da, Türkmenistana baranlaryň karantine salynýandygyny daşary ýurtlaryň ilçihanalary hem habar berýärler.

"2020-nji ýylyň 5-nji martyndan başlap, Türkmenistana barýan ähli halkara reýsler ýolagçylaryň hökmany barlagy we analizleriň alynmagy üçin Türkmenabadyň aeroportunda gonýar, ýolagçylar öz hasabyna içerki reýs bilen Aşgabada ugradylýança, netijeleriň alynmagy üçin 12 sagatlyk şol ýerde saklanýar. Testiň pozitiw netije beren ýagdaýynda ýolagçy azyndan 14 günlük karantine salynýar" diýlip, Fransiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň 10-njy martda çap bolan maglumatynda aýdylýar.

Şeýle-de, bu maglumatda barlag geçirmezden, daşary ýurtlularyň Türkmenistandan çykarylmagy bilen bagly wakalaryň bolandygy aýdylar.

"Bu ýagdaýda, şol çäreler güýjünde saklanýança, Fransiýanyň raýatlaryna uly zerurlyk bolmasa islendik saparlary ýatyrmagy nygtap maslahat berýäris" diýilip, ilçihananyň maglumatynda aýdylýar.

​Mundan öň, Türkmenistanda karantine salnan we keseli tassyklanmadyk birnäçe daşary ýurt raýatynyň barlaglar üçin puly tölenýänçä olaryň dokumentleriniň häkimiýetler tarapyndan yzyna berilmändigi habar berlipdi.

Fewral aýynda ABŞ-nyň we Beýik Britaniýanyň hökümetleri öz ýurtlarynyň raýatlaryna Türkmenistana baranda karantine salynmagynyň ähtimaldygyny duýdurypdy.

ABŞ-nyň ilçihanasynyň maglumatyna görä Türkmenistanda koronawirus barlaglary daşary ýurt raýatlary üçin azyndan 300 dollara durýar.

5-nji martda Daşary işler ministrligi ýurtda koronawirus sebäpli kesellän ýa-da COVID-19 wirusy ýokaşan bolmakda güman edilýän ýekeje-de adamyň ýokdugyny daşary ýurtly diplomatlara habar berdi.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG