Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen-eýran serhedinde ýolundan saklanan özbek sürüjileri 20 gün bäri ýük ulaglarynda ýaşaýar


Türkmen-eýran serhedinde ýolundan saklanan özbek ýük ulag sürüjileri

Türkmenistanyň häkimiýetleriniň koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen türkmen-eýran serhedini ýapmagy netijesinde, özbegistanly ýük ulag sürüjileriniň onlarçasy indi 20 gün bäri "Lütfabad" we "Sarahs" serhet geçelgelerinde ýolundan saklanyp galýar.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugy bilen habarlaşan sürüjiler 23-nji fewraldan bäri ýük ulaglarynda, sanitariýa talaplaryna ters gelýän şertlerde ýaşaýandyklaryny we özleriniň pulunyň gutarandygyny gürrüň berdiler.

Özbek sürüjileri telefon arkaly beren maglumatlarynda azyk önümleri we gurluşyk harytlary ýüklenen ulaglaryny serhet geçelgesinde goýup gidip bilmejekdiklerini hem aýtdylar.

"Lüftabad" serhet geçelgesindäki sürüjileriň biri soňky 20 günüň dowamynda sürüjileriň öz ýük ulaglarynyň kabinasynda ýaşaýandygyny we bu ýerdäki şertleriň sanitariýa talaplaryna ters gelýändigini gürrüň berdi.

"Biz 100 göterim sanitariýa talaplaryna ters gelýän şertlerde ýaşaýarys, ýöne bize koronawirus ýokuşmady. Biz doly sagdyn. Biz keselçiligiň ýaýran ýerinden 1000 kilometr uzakda ýerleşýäris. Biziň eýýäm pulumyz gutardy. Özbek ilçihanasynyň wekilleri bize 'Eger siz transport serişdeleriňizi bu ýerde galdyrsaňyz, biz size watana dolanmaga kömek ederis' diýdiler. Ýöne ulaglarymyz bize ynam bildiren adamlaryň ýükleri bilen doly. Şol sebäpli biz ulaglarymyzy goýup, Özbegistana gidip bilmeýäris. Biz gözegçilik astynda Özbegistana alnyp gidilmäge-de taýýar" diýip, 11-nji martda anonimlik şertinde söhbetdeş bolan özbek sürüjisi aýtdy.

Özbegistanyň Tährandaky ilçihanasy 11-nji martda AÝ/AR-nyň Özbek gullugyna beren maglumatynda, häzirki wagt özbek diplomatik missiýasynyň sürüjileri öz ulagynda ýurda getirmek boýunça Eýranyň we Türkmenistanyň degişli häkimiýetleri bilen gepleşikleri geçirýändigini aýtdy.

"Türkmenistan koronawirusyň ýaýramagy bilen bagly öz serhedini ýapdy. Şol sebäpli biziň sürüjilerimize öz transport serişdelerini gümrük postlarynda goýup, Özbegistana uçarly dolanmak teklip edildi. Ýöne biziň sürüjilerimiz bu teklibi kabul etmediler. Häzirki wagt biz sürüjilerimizi Özbegistana getirmek boýunça Türkmenistanyň we Eýranyň degişli resmileri bilen gepleşikleri geçirýäris" diýip, Tährandaky özbek ilçihanasynyň işgäri aýtdy.

Mundan öň, 7-nji martda Özbegistanyň ýük ulag sürüjileri özleriniň ýurda dolanmagyna kömek etmegi sorap, özbek prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň adyna wideo ýüzlenmäni ýazgy edipdiler. Olaryň bu ýüzlenmesi Youtube saýtynda çap edilipdi.

Eýranda koronawirus bilen kesellänleriň we ölenleriň sanyny artmagynyň yzýany, fewral aýynyň ortalarynda Türkmenistan, Türkiýe, Yrak, Pakistan, Ermenistan we Owganystan özleriniň bu ýurt bilen döwlet serhetlerini ýapdylar.

Türkmenistan özüniň Eýran bilen serhedini haçan açjakdygy barada häzirlikçe hiç hili maglumat bermeýär.

Täze koronawirus 2019-njy ýylyň dekabrynda Hytaýda peýda boldy. Bu wirus dünýäde 120 müňe golaý adama ýokuşdy we ondan 4000-e golaý adam öldi. Bu wirusdan kesellän adamlaryň sany boýunça Hytaý, Eýran we Italiýa ilkinji orunlarda ýerleşýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG