Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistanda diplomy galp bolandygy üçin, öňki prorektoryň üstünden jenaýat işi gozgaldy


Azamat Akbarowyň «filosofiýanyň doktory» diýen ýasama diplomy.
Azamat Akbarowyň «filosofiýanyň doktory» diýen ýasama diplomy.

Samarkantdaky «Ýüpek ýoly» halkara turizm uniwersitetiniň öňki prorektory Azamat Akbarowyň «filosofiýanyň doktory» (PhD) ylmy derejesi dogrusyndaky diplomy galp bolandygy üçin, onuň üstünden dokumenti galplaşdyrmakda aýyplama bildirilip, jenaýat işi açyldy.

Azamat Akbarowyň baş goşan bu hereketinde birnäçe aýyplama göz öňünde tutulýar. Ol Özbegistanyň Jenaýat kodeksiniň 228-nji maddasy («Galp dokumentleri taýýarlamak, ştamplary, möhürleri, resmi iş kagyzlaryny ýasap satmak ýa-da peýdalanmak») boýunça aýyplanýar.

Eger sud Akbarowy günäli tapsa, ortaça aýlyk hakynyň 50 derejesi möçberinde jerime ýa-da iki ýyla çenli düzediş-zähmet işine çekmek, ýa-da alty aý türme tussaglygy, ýa-da iki ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek göz öňünde tutulýar.

43 ýaşly Azamat Akbarow Samarkantdaky «Ýüpek ýoly»halkara turizm uniwersitetiniň birinji prorektorydy, onuň ylmy derejesini tassyklaýan diplom galp saýylandan soň, şu ýylyň 7-nji ýanwarynda wezipesinden boşadyldy.

Ýokary Attestasiýa Komissiýasyndaky ekspertizanyň tassyklamagyna görä, onuň daşary ýurtdan alan filosofiýanyň doktory (PhD) baradaky diplomy galp bolup çykdy.Göýä ylmy dereje oňa Saraýewo şäherindäki (Bosniýa we Gersogowina döwleti) BURCH halkara uniwersiteti tarapyndan berlipdir.

BURCH halkara uniwersitetiniň rektory, professor Merşid Poturak tarapyndan gol çekilip iberilen hatda, Akbarowyň diplomynyň ýasamadygy aýdylýar.

«Halkara BURCHuniwersiteti tarapyndan Azamat Akbarow hiç haçan PhD (doktorlyk derejesi) berilmedi. Şeýle atly adam hiç haçan BURCHHalkara uniwersitetiniň aspiranty hem bolmandy. Mundan daşary-da, BURCH Halkara uniwersitetiniň diplomynyň daşky görnüşi jenap Akbarowyň diplomyndan tapawutlanýar»diýlip,ol hatda aýdylýar.

Prezident Şawkat Mirziýaýewiň «Bilim berlişiniň hiline gözegçilik ulgamyny kämilleşdirmek boýunça goşmaça çäreler hakyndaky»karary esasynda, Özbegistanda 2019-njy ýylyň 1-nji martyndan başlap, bilim barada daşarky döwletlerden berlen dokumentleri hasaba alyş hem nostrifikasiýa – ykrar etmek ýeňilleşdirilen tertipde alnyp barylýar.

Material AÝ/AR-nyň Özbek gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG