Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň bir döwlet dükanynda mekdep uniformasyndaky okuwçylara azyk harytlarynyň satylmagy gadagan edildi


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Aşgabadyň iýmit önümleri satylýan döwlet dükanlarynyň birinde mekdep formasyndaky okuwçylara azyk harytlarynyň satylmagy gadagan edildi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy ýerli ýaşaýjylara salgylanyp habar berýär.

“Şu gün irden (16-njy mart) dükanda satyjy mekdep formasyndaky okuwçylara azyk harytlaryň satylmagynyň gadagan edilýändigini alyjylara duýdurdy” diýip, habarçy aýtdy.

Azatlyk Radiosy howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli agzalýan döwlet eýeçiligindäki dükanyň belgisini aýan etmekden saklanýar.

Bu habar Aşgabadyň bir mekdebinde mugallymlaryň okuwçylary sapak wagtynda gyt harytlary satyn almak üçin golaýdaky dükanlara iberýändigi barada Azatlygyň paýtagtly habarçysynyň 9-njy martda beren maglumatynyň yzýanyna gabat gelýär.

“Käbir mugallymlar irden sagat 8 töwereginde mekdebe baran okuwçylara özleriniň plastik bank kartlaryny berýärler we olary golaýdaky döwlet dükanyna iberýärler. Olar okuwçylardan özlerine derek bu ýerde nobata durmagy we azyk önümlerini satyn almagy talap edýärler” diýip, habarçymyz mekdep okuwçylarynyň we olaryň ene-atalarynyň ençemesiniň sözlerine salgylanyp, geçen duşenbe habar beripdi.

Azatlyk howpsuzlyk aladalary sebäpli mekdebiň nomerini, okuwçylary azyk haryt satyn almak üçin döwlet dükanlaryna iberýän mugallymlaryň at familiýalaryny we wezipelerini köpçülige aýan etmekden saklanýar.

Habarçynyň maglumatlaryna görä agzalýan mekdebiň mugallymlary 7-nji, 8-nji we 9-njy klaslaryň okuwçylaryny gyt harytlary satyn almak üçin dükanlara iberýärler we bu ýagdaý geçen ýylyň sentýabryndan bäri yzygiderli görnüşde dowam edýär. Ene-atalar bu ýagdaýyň öz çagalarynyň okuwdaky ýetişigine oňaýsyz täsir edýändigini Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdiler.

Türkmenistanda ykdysady kynçylyklar dowam edýän mahaly, hususy söwdada gymmat bahadan satylýan towuk budy, ösümlik ýagy we beýleki käbir iýmit önümlerini arzan satyn almak isleýän raýatlar döwlet dükanlarynda uly nobatlara garaşmaga mejbur bolýarlar. Döwlet dükanlarynda iýmit önümleri hususy söwda bilen deňeşdirilende arzan bahadan satylýar.

Azatlygyň habarçysynyň maglumatlaryna görä, mekdep mugallymlary okuwçylardan peýdalanmak arkaly uly nobatly dükanlardan satyn alan harytlarynyň käbirlerini gymmat bahadan satyp, hem bank kartlaryndaky pullaryny nagtlaşdyrýarlar, şeýlelikde bankomatlaryň öňünde pul nagtlaşdyrmak üçin nobata garaşmakdan “dynýarlar”, hem-de öz maşgalalaryny zerur azyk harytlary bilen üpjün edýärler.

Azatlyk Radiosy mekdep formaly okuwçylara haryt satmagy bes eden döwlet dükanyndan soňky gadagançylyk barada kommentariýa alyp bilmeýär.

Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde okuwçy gyzlardan ýaşyl köýnek we tahýa geýmek, oglanlardan bolsa tahýa geýmek talap edilýär.

Soňky maglumatlardan çen tutulsa, dükanlaryň satyjylary mekdep okuwçylaryny olaryň uniformalarynyň esasynda anyklaýar. Galyberse-de, Azatlygyň habarçylarynyň we çeşmeleriniň mundan ozalky habarlaryna görä, gyt azyk harytlary döwlet dükanlarynda köplenç diňe ir sagatlarda satylýar.

Türkmenistanyň ykdysadyýeti soňky üç ýyldan gowrak wagtyň dowamynda, hususan-da energiýa serişdeleriniň global arzanlamagy, ýurduň 2016-2019-njy ýyllar aralygynda Russiýa, 2017-nji ýyldan bäri Eýran ýaly esasy gaz müşderilerini ýitirmegi bilen baglykda agyr kynçylygy başdan geçirip gelýär.

Galyberse-de, soňky pandemiýanyň fonunda Türkmenistanyň iň esasy gaz alyjysy Hytaý gaz importlaryny azaldýandygy barada fors mažor yglan etdi.

Türkmenistanyň döwlet media we metbugat serişdelerinde ýurduň ejir çekýän ykdysady kynçylyklary barada maglumat berilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG