Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

COVID-19: Eýran wirusyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin tussag boşadýar, Ermenistan ýygnanyşyklary çäklendirdi


Eýranyň ýangyn söndürijileri aldajy koronawirusyň öňüni almak tagallalarynyň çäginde Tähranyň köçelerini dezinfeksiýa edýär. 13-nji mart, 2020-nji ýyl.

Eýranda koronawirus keselinden ölenleriň sany 1000 adama golaýlan wagty, ýurduň döwlet telewideniýesi, eger-de jemgyýetçilik saglyk çärelerini äsgermezlik etmäge dowam etse, bu keseliň ýurt boýunça "millionlarça" adamyň janyny alyp biljekdigini duýdurdy.

Bu duýduryş 17-nji martda günortan Saglyk ministrligi täze koronawirusdan soňky bir günüň dowamynda ýene 135 adamyň ölendigini habar bereninden soň ýaýradyldy, ölenleriň jemi sany soňky bir günde 13 prosent ýokarlanyp 988 adama ýetdi.

Eýran bu kesel bilen hasaba alnanlaryň sany boýunça Hytaýdan we Italiýadan soň üçünji ýerde durýar.

“COVID-19-yň ýokaşmagy bilen baglanyşykly 56-dan gowrak barlaghananyň hasabaty soňky 24 sagadyň dowamynda 1178 täze keseliň bardygyny görkezýär” diýip, Saglyk ministrliginiň metbugat wekili Kianuş Jahanpur aýtdy.

“Munuň bilen jemi näsaglaryň sany şu gün günortan 16,169 adama ýetdi” diýip, ol sözüne goşdy.

Ölümleriň sanynyň artmagy 17-nji martda irden 85,000 töweregi tussagyň wagtlaýyn boşadylýan wagtyna gabat geldi. Häkimiýetler bu çäräniň ýurtda COVID-19 wirusynyň öňüni almaga ýardam berjekdigini aýtdy.

Adalat ministrliginiň metbugat wekili Golamhoseýin Esmaili boşadylanlaryň arasynda syýasy tussaglaryň hem bardygyny aýtdy.

“Boşadylanlaryň 50 prosente golaýy howpsuzlyk bilen baglanyşykly tussaglardyr. Wirusa garşy göreşmek üçin biz türmelerde-de öňüni alyş çärelerini gördük” diýip, Esmaili aýtdy.

Hökümeti ýapyklykda we senzurada tanalýan Eýran yslam respublikasynda wirusyň häkimiýetleriň boýun alşyndan-da has erbetdigi barada şübheler bar.

16-njy martda prezident Hassan Rohani eýranlylary 20-nji mart Nowruz baýramçylygynda öýlerinde galmaga we baýramçylyk günlerinde syýahat etmezlige çagyrdy, döwlet telewideniýesi bolsa koronawirusyň täsirini çäklendirmek üçin şaýylar üçin mukaddes hasaplanýan zyýarathanalaryň ýapyljakdygyny habar berdi.

Bu bildiriş bilen şaýy ynanjyna wepaly aşa dinçi gazaply mähelle 16-njy martda giçlik Maşatdaky Ymam Ryza hem-de Komdaky Fatime Masumeh zyýarathanalarynyň howlularyna çozmaga çalyşdy.

Köpçülik adatça 7 gün 24 sagat ybadat edýär, şol sanda ybadathanany elleýär ýa-da ony öpýär. Bu ýagdaý Eýranyň şaýy ruhanylaryny birnäçe hepde bäri ybadathanalary ýapmaga çagyryp gelýän saglyk işgärlerini aldalandyrýar.

Ermenistan

Ermenistanda koronawirus näsaglarynyň sany bir günde iki esse ýokarlanyp, häkimiýetler ýurt boýunça adatdan daşary ýagdaý yglan edenden soň, 20-den köp adamyň gatnaşmagynda köpçülik çäreleriniň geçirilmegi gadagan edildi.

Premýer ministriň 30 günlük adatdan daşary ýagdaýyň baş utgaşdyryjysy wezipesine bellenen orunbasary Tigran Awinian bu wagtlaýyn çäräniň konsertlere, sergilere, teatr oýunlaryna, sporta, şeýle-de medeni çärelere, ylym-bilim we dynç alyş-güýmenje çärelerine degişlidigini aýtdy.

Hökümet doglan gün, toý we nika dabaralary, hatyralama we jynaza çäreleri ýaly, ýöne bular bilen çäklenmeýän, şahsy çärelere-de 20 adamlyk wagtlaýyn çäk girizdi.

Adatdan daşary ýagdaý sebäpli Ermenistan koronawirusdan iň agyr ejir çekýän ýurtlardan daşary ýurtlularyň ýurda girmegine gadagançylyk girizdi.

Berk çäreler Ermenistanyň Saglyk ministrligi goşmaça 22 näsagyň hasaba alnyp, ýurtda jemi näsaglaryň sanynyň 52 adama ýetendigini mälim etmeginden soň girizildi.

Gazagystan we Özbegistan

Gazagystanda koronawirusa ýolugan adamlaryň sany bir gijäniň dowamynda iki esse köpelip jemi 27 adama ýetdi.

Gazak saglyk ministri Elžan Birtanow 17-nji martda paýtagt Nur-Sultanda we Merkezi Aziýanyň iň uly şäheri Almatyda ýene 14 adamda ölüm howply wirusyň anyklanandygyny mälim etdi.

16-njy martda gazak prezidenti Kasym-Žomart Toakýew ýurt boýunça 15-nji aprele çenli adatdan daşary ýagdaý yglan etdi.

Goňşy Özbegistanyň saglyk ministrligi 17-nji martda ýurt boýunça hasaba alnan näsaglaryň sanynyň 10 adamdygyny mälim etdi.

Özbegistanyň Adalat ministrligi koronawirus keseli bilen baglylykda dowul döredýänlere 4,600 dollardan 9,300 dollara çenli jerime ýa-da 8 ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasynyň beriljekdigini mälim etdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG