Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Syrderýada sapagyna gelmedik okuwçylar üçin, synp ýolbaşçylarynyň aýlygyndan tutuldy


Illýustrasiýa suraty

Özbegistanyň Syrderýa welaýatynyň Gülüstan şäheriniň magaryf bölümi umumy bilim berýän mekdeplerde ýörite barlag geçirdi. Netijede, birnäçe okuwçynyň fewral aýynda sapaga gatnaşmandygy üçin, olaryň synp ýolbaşçylarynyň aýlygyndan tutup galýarlar. Özbegistanyň Kärdeşler arkalaşygy federasiýasynyň bilermeni mugallymlara garşy beýle çäre görmegiň «gödek ýalňyşlykdygyny»aýdýar.

Gülüstan şäheriniň mekdepleriniň biriniň 11-nji synp ýolbaşçysy Azatlyk Radiosyndan öz adynyň tutulmazlygyny haýyş edip, geçen fewral aýynda aýlygyndan 85 müň sum (8 dollar) saklanyp alnandygyny aýtdy.

Mugallymanyň sözüne görä, bu pul şol synpa ýolbaşçy bolany üçin aýlygynyň üstüne berilýän goşmaça puluň ýarysyna deň.

– Barlag geçirilen güni 38 okuwçydan, dört sanysy sapakda ýokdy. Ol okuwçylaryň şol gün okuwa gelmediginiň sebäbi maňa bellidi, onuň ýeterlik sebäbi bardy. Olar mydama okuwdan galyp ýörenler däl. Muňa garamazdan, buhgalteriýa meniň fewral aýlygymdan 85 müň sum tutupdyr. Eýsem bu adalatlylykmy? – diýip, mugallym aýal soraýar.

Bu gepleşikden öň Azatlyk Radiosy ol mugallymadan hat alypdy. “Döwlet býujetini şu usul bilen doldurjak bolýarlarmy? Mugallymlaryň aýlygy iş ýüzünde artdyryljakmy ýa-da kagyz ýüzünde ýokarlandyrylýarmy?” diýip, ol sorag berýärdi.

Şol mekdebiň direktory Muhabbat Kasymowa mugallymyň aýlygyndan saklanandygy baradaky informasiýany tassyklady.

– Şäher magaryf bölüminiň ýolbaşçylary öz borçlaryny doly ýerine ýetirmeýän mugallymlara çäre görmegi karar etdi. Şoňa laýyklykda mugallymlaryň geçen aýdaky bir synpa ýolbaşçylyk edýändigi üçin goşmaça berilýän puluň ýarysyny saklap galdylar. Hakykatda bolsa ol goşmaça puluň ählisini saklamaly etdiler, ýöne men mugallymlaryň tarapynda bolup, onuň diňe ýarysyny saklamagy teklip etdim – diýip, mekdep direktory aýdýar.

Onuň sözüne görä, şol günki geçirilen barlag netijesinde, mekdepde diňe 6 synp ýolbaşçysynyň goşmaça aýlygyndan saklanypdyr.

– Ol saklanan aýlyk diňe okuwçylaryň sapaga gatnaşmadygy üçinem däl, ýolbaşçy mugallymlar öz okuwçylarynyň gündeligini barlamandyrlar, olaryň kitaplarynyň hem depderleriniň daşynda jilt ýok. Bir söz bilen aýdylanda, synp ýolbaşçylarynyň üns bermedik zady köp eken – diýip, Gülüstan şäheriniň 2-nji orta mekdebiniň direktory Muhabbat Kasymowa aýdýar.

Şäher magaryf bölüminiň müdiri Şuhrat Husanow Azatlyk Radiosy bilen gepleşende, synp ýolbaşçylaryna jerime salnandygyny tassyklady. Ýöne synp ýolbaşçylarynyň goşmaga aýlygyndan 50% däl, eýsem 10% tutulandygyny aýtdy.

– Biz synp ýolbaşçylarynyň goşmaça aýlygyndan diňe 20 müň sum saklap galdyk – diýip, şäher magaryf bölüminiň müdiri takyklady.

Ol Gülüstan şäherinde 17 orta mekdepde barlag geçirilendigini hem-de 30-40 çemesi mugallyma jerime salnandygyny-da sözüne goşdy.

– Onsoňam mugallymlaryň aýlygyndan tutup galmaly diýip, men buýruk beremok, muny mekdep direktorlary edýärler – diýip, şäher magaryf bölüminiň müdiri Şuhrat Husanow aýdýar.

Iş buýrujy bilen işgäriň arasyndaky gatnaşyk Özbegistan respublikasynyň Zähmet Kodeksine esaslanmaly. Ýöne Kodeksde haýsy ýagdaýda işgäriň aýlygyndan saklap galmaga rugsat edilýändigi barada takyk görkezme ýok.

Bu mesele dogruda Azatlyk Radiosy Özbegistanyň Kärdeşler arkalaşygy federasiýasynyň bilermeni bilen gürrüňdeş boldy.

– Owaly meniň şuny aýtmagym gerek, meselämi aýdyňlaşdyrmak üçin, ýagdaýyň ýüze çykan ýerine baryp, mugallymlar hem mekdep direktory bilen ýüzbe-ýüz gürleşmegimiz gerek. Mekdep ýolbaşçysynyň näme esasynda mugallymyň aýlyk hakyndan tutandygyny bilmeli. Ýöne bir zady açyk aýdyp biljek, okuwçynyň sapakdan galany üçin, mugallymyň iş hakyndan tutmak gadagan. Bu doly kanunsyzlyk – diýip, Özbegistanyň Kärdeşler arkalaşygy federasiýasynyň bilermeni aýdýar.

Material AÝ/AR-nyň Özbek gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG