Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azyk nobatlaryndaky adamlaryň sany 100-den aşýar. Alyjylar bir wagtda birnäçe dükanda nobat belleýär


Aşgabatda döwlet dükanynyň öňünde şeker nobatyna duran adamlar. Arhiwden alnan surat

Aşgabadyň döwlet dükanlarynyň öňünde ösümlik ýagy, towuk budy we şeker ýaly azyk harytlaryny satyn almak isleýän adamlaryň uly nobatlary saklanyp galýar. Öňkülerden tapawutlylykda, häzirki wagt paýtagtyň ýaşaýjylary bir wagtda birnäçe dükanda nobat belläp başladylar.

Azatlygyň bu barada habar berýän habarçysy şu günler döwlet dükanlarynyň öňünde azyk satyn almak üçin nobata duran adamlaryň sanynyň has-da köpdügini aýdyp, olaryň 100-den aşýandygyny aýdýar.

"Adamlar daňdan sagat 05:00-da nobata durup başlaýarlar. Magtymguly şaýolunyň ugrundaky "Desse" dükanynyň arka tarapynda, 42-nji, 32-nji we 8-nji dükanlaryň öňünde nobatlar gaty uly. Ir sagat 07:00-da dükanlar açyldy we sagat 07:17-de towuk budy satylyp gutardy. Adamlara 2 litr plastik gapda "OLEYNA" ýagy nagt däl görnüşde satyldy" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 19-njy martda gürrüň berdi.

Ol häzirki wagt alyjylaryň bir wagtda birnäçe dükanda nobat belleýändigini, munuň üçin olara maşgala agzalarynyň, şol sanda ogul-gyzlarynyň, goňşularynyň we tanyş-bilişleriniň kömek edýändigini hem aýtdy.

"Olar bir wagtda 2-3 dükanda nobat belleýärler. Sagat 7:00-da dükan açylan badyna towuk buduny we ösümlik ýagyny satyn alýarlar we soňra-da beýleki dükana ylgaýarlar. Käbir azyk dükanlary sagat 08:00-da açylýar, şeýle bolanda ýaşaýjylar beýleki dükanlardan hem towuk buduny we ösümlik ýagyny satyn alyp ýetişýärler" diýip, habarçy belledi.

Türkmenistanda indi üç ýyla golaý wagt bäri ykdysady kynçylyklar dowam edýär. Bu kynçylyklaryň fonunda, ýurduň döwlet dükanlarynda şeker, un, ösümlik ýagy, towuk budy we ýumurtgasy ýaly käbir azyk önümleriniň gytçylygy emele geldi. Bu gytçylyk bolsa, dükanlaryň öňünde adamlaryň uly nobatlarynyň döremegine getirdi.

Munuň bilen bir wagtda, ýurduň hususy söwda nokatlarynda beýleki harytlar bilen bir hatarda, gyt azyk önümleri gymmatlap, olaryň döwlet we hususy bahalarynyň arasynda uly aratapawut emele geldi.

Häzirki wagt döwlet dükanlarynda 1 litr ösümlik ýagy 13 manatdan, towuk budunyň 1 kilogramy 10-13 manatdan we şekeriň 1 kilogramy 7 manatdan satylýar. Hususyýetçilerde bolsa, ösümlik ýagy 18-20 manatdan, towuk budy 20-22 manatdan we şeker 8 manatdan bahalanýar.

Bu aralykda, Azatlygyň ýene bir habarçysy käbir beýleki azyk harytlarynyň bahalary barada maglumat berip, 19-njy martda Ahal welaýatynyň "Gökdepe" bazarynda 1 kilogram mandariniň 50, apelsiniň 60, armydyň 70 manatdan bahalanýandygyny habar berdi. Bular resmi kursa görä, degişlilikde $14, $17 we $20 barabardyr.

Türkmen häkimiýetleri ýurtdaky azyk gytçylygy we gymmatçylygy barada aç-açan çykyş etmän gelýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG