Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

"Gulluga meýletin gidýänlere ýer bermegi wada etdiler, ýöne ýer bermediler, indi sürüjilik şahadatnamasyny wada edýärler”


Sürüjilik kursuna gatnaşýan ýaşlar.

Täjigistanyň Hatlon welaýatynyň ýolbaşçylary gulluk ýaşyna ýeten ýaşlary goşuna almak üçin, täze usuly oýlap tapdylar. Meýletin gulluga gidýän ýaşlara sürüjilik kursuna mugt gatnaşdyrmaga hem olaryň sürüjilik şahadatnamasyny edinjekdiklerine wada berýärler.

Geçen ýyllarda Täjigistanyň şäherlerinde hem raýon ýerlerinde gulluk edip gelen ýaş ýigitlere mellek ýerleriniň beriljekdigine söz berdiler, ýöne ol berlen wada ýerine ýetmedi. Gullukdan gelen ýaşlardan birnäçesi berlen sözi resmileriň ýadyna salmak üçin alada etdiler, ýöne ýerli häkimiýetlerden hiç biri olaryň ýüzlenmesine jogap bermedi.

Hatlon welaýatynyň administrasiýasy bolsa gulluga çagyryljaklara öz sözlerinde tapyljakdygyny aýdyp, munuň üçin sürüjilik kurslaryny açjakdygyny mälim etdiler. Bu iş 1-nji aprelden güýje girer. Ol kurslara entek gulluga çagyrylmadyk ýaşlar alnar.

Täjigistanda sürüjilik şahadatnamasyny aljak bolýan ýaşlara okuw kursy ortaça üç müň somona durýar.

Hatlon welaýatynyň resmileri elinde sürüjilik şahadatnamasy bolan ýaşlar gulluga çagyrylanda, sürüji bolarlar ýa-da maşyn-remont bölüminde ussa hökmünde gulluk ederler diýip belleýär. Meýletinçiler üç aýyň dowamynda sürüjilik tälimini hem ýük maşynlaryny remont etmegi doly öwrenerler.

Abdurahman Jamy raýonynyň ýaşaýjysy Muhammadnabi Bahodurzoda ol mugt kursda okamaga, soňra gulluk etmäge isleg bildirenlerden biri. Ol sürüjilik kursunda esasy ünsüň ýol-hereket düzgünlerine berilýändigini aýtdy. “Şonuň bilen birlikde, biz harby taýýarlygy-da öwrenýäris” diýip, sözüne goşdy.

Şol raýonynyň beýleki bir wekili Ýokup Saidzodanyň sözüne görä, ýerli ýolbaşçylar ýaşlary harby gulluga höweslendirmek üçin, täze mümkinçiligi öňe sürýärler. Kurslara alynmaly 50 okuwçydan 20 sanysynyň okuw tölegini ýurduň goranmak ministrligi berýär, 30 adamyň tölegini bolsa raýon administrasiýasy öz üstüne alýar.

Her ýyl ýaşlaryň täze tapgyryny gulluga çekmek kampaniýasy başlananda, mejbur ediji çäreleriň artýandygyndan, millet şikaýat edýär. Meselem, «oblawalar», ýagny ýaşlary gabawa salyp tutmak usuly bar. Käbir ekspertler gullukda «dedowşinanyň», ýany esgerleriň arasyndaky agalygyň höküm sürýändigini, soldatlara berilýän iýmitiň hiliniň aşa pesdigini, korrupsiýany hem-de «oblawalary»Täjigistanyň Ýaragly güýçlerindäki iň agyr mesele diýip görkezýärler. Ýöne resmiler täjik armiýasyndaky ýagdaýyň gowulaşýandygyny aýdýar.

Ýurduň Ýaragly güýçlerine ýaşlary çekmek üçin öňe sürülýän bu täze usuly ekspertler gutlaýarlar, ýöne okuw merkezleriniň tehniki taýdan kämilleşdirilmegini hem öňe sürýärler. Bilermen Rustam Safar: «Şu ýeňilligiň hatyrasyna ýaşlar Watan öňündäki borjuny berjaý ederler, şonuň bilen birlikde geljekki durmuşy üçin zerur boljak sürüjilik şahadatnamasyny-da alarlar»diýýär.

Şol wagtyň özünde ogly harby gulluga çagyrylmaly ene-atalaryň käbiri hökümetler tarapyndan basyş edilýändigini Azatlyk Radiosyna aýdýarlar. Adynyň tutulmazlygyny soran Wahdatdan bir ene 19 ýaşly oglunyň Orsýetde gazanç üçin işleýändigini aýdýar. Hökümet resmileri ony gulluga almak üçin, ýurda getirip bilmänsoň, onuň ejesiniň elektrik toguny kesipdirler, munuň daşyndan, eger ogly gulluga gitmese iş ýerinden – mekdepdäki mugallymçylyk kärinden kowuljakdygy bilen haýbat atypdyrlar. Beýleki biriniň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, onuň 27 ýaşa ýeten ogluny gulluk etmändigi üçin serhetden geçirmändirler hem oňa awia bilet satmandyrlar.

Täjigistanda ýylda iki gezek harby gulluga çagyrylyş geçirilýär; ýaşlar ýazda hem güýzde gulluga alynýar. Her çagyryşda 18 ýaşdan 27 ýaş aralygyndaky ýaşlardan 15 müňden 16 müň aralygynda adam gulluga alynýar.

Täjigistanyň prezidenti 22-nji fewralda eden çykyşynda, döwlet çinownikleriniň çagalary «ilkinji nobatda Ýaragly güýçleriň hatarynda hökmany suratda gulluk etmäge taýýar bolmalydyrlar. Kanunyň öňünde bar adam deň we jemgyýetiň ähli gatlagy kanunyň talabyny berjaý etmäge borçludyr»diýdi.Ýurduň ilatnyň köp bölegi goşun gullugyna diňe daýhanlaryň hem garyp gatlagyň çagalary çagyrylýar diýip zeýrenýär.

Material AÝ/AR-nyň Täjik gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG