Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Häkimiýetler önüm öndürijilerden harytlara şu ýylyň şygary bolan “Bitaraplyk nyşanyny" ýelmemegi talap edýär


"Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany" şygarynyň nyşany ýelmenen towuk eti.

Türkmenistanyň hökümeti geçen ýylyň aýagynda ýurtda 2020-nji ýylyň “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” şygary astynda geçiriljekdigini resmi derejede yglan etdi. Munuň yzýany döwlet derejesinde täze şygaryň wagzy bat aldy. Şu günler häkimiýetler önüm öndürijilerden Türkmenistanyň “Bitaraplyk” şygarynyň nyşanlaryny harytlara ýelmemegi talap edýär.

“Önüm öndüriji telekeçilerden öz önümleri üçin şu ýylyň şygary bolan nyşanlary satyn almak talap edilýär, ‘Bitaraplygyň mekany’ diýlip ýazylan nyşany” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy ýurt içinden habar berdi.

Onuň maglumatlaryna görä, bu talap ýurt boýunça ähli önüm öndürjilere degişlidir.

Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylarynyň we çeşmeleriniň maglumatlaryna görä, ýurtda azyk harytlaryň gytçylygy we gymatçylygy, nagt ýetmezçiligi, döwlet dükanlarynyň öňünde häli-şindi döreýän alyjy nobatlary bilen ýatda galan 2019-njy ýyly “Türkmenistan – Rowaçlygyň watany” atlandyran türkmen hökümeti 2020-nji ýyly “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” atlandyrdy.

Şü günler Türkmenistanyň çar tarapyndaky goňşulary koronawirusyň pandemiýa howpuny ykrar edýän mahaly, Türkmenistan daşardan abanýan wirus wehimine garşy döwlet mediasynda habar berilmeýän çäreler bilen bir hatarda, ýurduň içinde daşary syýasatyň “bitaraplyk” wagzyny güýçlendirýär.

Türkmen resmileri ýurduň daşynda-da bitaraplyk şygarynyň wagzyny batlandyrýar. 10-njy martda “Türkmenistanyň hronikasy” neşiriniň habar bermegine görä, Germaniýanyň Wisbaden şäherinde awtobuslaryň daş ýüzünde Türkmenistanyň täze bitaraplyk şygarynyň nyşany peýda boldy. Wisbadeniň ýaşaýjylaryna ilteşigi mälim bolmadyk bitaraplyga bagyşlanan resmi saýtyň çelgisi hem nyşanyň gapdaly bilen awtobuslara ýelmendi.

Şygar ýelmemek işleri ýurduň çar künjünde ýylyň başyndan bäri bat alýar. Ýatlasak, Mary welaýatynda ýerli häkimiýetler ýanwaryň başyndan başlap, “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” şygary ýazylan plakatlaryň ähli edara-kärhanalarda asylmagyny talap edip başlady. Habarçymyzyň maglumatlaryna görä, onuň bahasy 20-100 manat aralygyndadyr. Lebapda häkimiýetler ähli döwlet edara-kärhanalaryna, çagalar baglaryna, mekdeplere we ýokary okuw jaýlaryna täze şygaryň asylmagy üçin 5-nji fewrala çenli möhlet beripdi.

Galyberse-de, Türkmenistan öňümizdäki dekabrda ýurduň bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp, Aşgabatda geçiriljek iri halkara maslahata taýýarlyk görýär. Döwlet baştutany derejesinde onuň guramaçylygy hökümet maslahatlarynda yzyzgiderli ara alnyp maslahatlaşylýar, daşary ýurtlaryň liderleri foruma çagyrylýar. Ýöne beýleki tarapdan dünýäde häzirki global pandemiýa sebäpli öňümizdäki tomusda, hatda güýzde geçiriljek köp sanly iri halkara çäreler ýatyrylýar.

Şygaryň ýurt içindäki wagzynda döwletiň berk gözegçiligindäki media we metbugat serişdeleri ony yzygiderli mahabatlandyrýar.

“Bu ajaýyp şygar merdanalyk mekdebini müdimi özleşdirip ýaşaýan halkymyz üçin buşluk bolup ýaňlandy” diýip, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň “Milli Goşun” neşiri ýazýar.

“Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylynda ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynda uly üstünliklere ýetiljekdigini ynamly aýtmaga esas berýär” diýip, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň resmi web-saýtynda aýdylýar.

Döwlet Migrasiýa gullugynyň resmi saýtynda bu sözleriň çap edilmeginden 3 aý soň, 40-a golaý türkmenistanly zähmet migranty “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylynda Türkiýede ýasama arakdan köpçülikleýin zäherlenip aradan çykdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG