Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Golliwud serialynda “Ýörite maksatly topar” türkmen harbylary bilen türgenleşik geçýär, ýöne toparyň başga-da bir missiýasy bar


CBS telekanalynyň "Ýörite maksatly topar" serialyndan bir kadr
CBS telekanalynyň "Ýörite maksatly topar" serialyndan bir kadr

Birleşen Ştatlaryň CBS hususy telewizion kanalynda efire berilýän “Ýörite maksatly topar” (SEAL Team) serialynyň 11-nji martda goýberilen seriasynda Golliwud režissýorlary ýene-de Türkmenistana üns çekdi.

Filmde Ýörite maksatly toparyň, senariýa görä, Türkmenistanda üstünlikli amala aşyran gizlin operasiýasy çeper beýan edilýär.

Filmiň senariýasyna görä, Birleşen Ştatlaryň söweşjeň taýýarlygy aýratyn ýokary Ýörite maksatly topary türkmen harbylary bilen geçiriljek bilelikdäki harby tälim-türgenleşik üçin Türkmenistanyň Türkmenbaşy şäherine barýar.

Ýöne saýlama toparyň harby tälim-türgenleşikden daşgary, Merkezi aňtaw gullugynyň malgumatlaryna esaslanýan, başga-da bir gizlin missiýasy bar – olar, senariýa görä, türkmen ýörite gulluklary tarapyndan alnyp gaçylan ýadro ýaraglary boýunça pakistanly inžener Said Latifi halas etmeli. Ol türgenleşik geçiljek harby bazadan 20 kilometr aradaşlykda gizlin ýerde saklanýar, ýöne bäş günlük harby tälimiň tamamlanmagyndan bir gün ozal inženeriň Türkmenbaşa getirilmegine garaşylýar. Kinofilmdäki Türkmenistan pakistanly inženeriň kömegi bilen, hamana, ýadro tehnologiýalaryny işläp düzmegi maksat edinýär.

“Biz näme üçin ol ýere baryp, öz taktikalarymyzy olar bilen paýlaşmaly” diýip, toparyň bir agzasy aýdýar.

“Ertirki duşmanlaryňa bu gün tälim ber!” diýip, beýleki jogap berýär.

“Olara harby tälim-türgenleşik hödürlemek bilen, ABŞ duşmançylykly regionda potensiýal ýaranlar bilen aragatnaşygy ýola goýýar” diýip, topar ýolbaşçysy okuwyň baş maksadyny düşündirýär.

Ýörite maksatly topar Türkmenistana barýar, ýöne ýola düşmezden ozal harby serkerde “operasiýanyň çetin boljakdygyny, türkmen harby bazasynda özlerine elmydama keseden syn edilip, aňtaljakdyklaryny” duýdurýar.

Çeper filmde türkmen harbylarynyň nyşana ok atmakda amerikaly harbylar bilen tas deň-derejede bäsleşik ukyplary görkezilýär.

Okuwyň dowamynda Ýörite maksatly topar bazanyň daşyna çykmak üçin türkmen serkerdesini yrýar, derwezedäki barlag nokadynyň nobatçysyna bolsa daş çykmak üçin para berilýär.

Aňsat operasiýa bilen pakistanly inžener türkmenleriň elinden alynýar. Kinofilmde Türkmenistanyň kartasy, döwlet baýdagy, türkmen dilinde gepleşýän harbylar hem-de awtoulaglaryň türkmen döwlet belgileri görkezilýär.

Bu Birleşen Ştatlaryň hususy güýmenje kompaniýalary tarapyndan surata düşürilip, ýaňy-ýakynda tomaşaçylara ýetirilen hem-de senariýasy köplere Türkmenistany ýatladýan ikinji çeper filmdir.

Mundan ozal, 13-nji dekabrda Netflix kompaniýasy synçylaryň Türkmenistan bilen ilteşdiren “Ýerasty Altylyk” atly çeper filmini tomaşaçylara ýetirdi.

Ýatlsak, bu filmiň köpçülige ýetirilmeginiň yzýany türkmen häkimiýetleri onuň ýurt içinde ýaýramagynyň öňüni almak üçin dürli çäreleri gördi, kinofilmiň gizlin prokaty bilen meşgullanýanlara jerime töledildi.

Galyberse-de, ýanwaryň başlarynda Lebapda prokuratura edaralarynyň, MHM, IIM we häkimlik wekilleriniň gatnaşmagynda mekdeplerde we medeniýet öýlerinde Birleşen Ştatlara garşy wagyz-nesihat işleri geçirildi.

Bu çärelere 8-nji ýanwarda Birleşen Ştatlaryň Türkmenistandaky ilçihanasy reaksiýa bildirdi hem-de agzalýan kinofilmiň hususy bir güýmenje kompaniýasy tarapyndan döredilen çeper eseridigine ünsi çekdi, şeýle-de ABŞ-nyň Türkmenistan bilen güýçli we netijeli gatnaşyklara ygrarly galýandygyny nygtady.

“Ýörite maksatly topar” atly serial Birleşen Ştatlardaky hususy CBS telekanalynda 2017-nji ýylyň sentýabryndan bäri efire gidýär. Serialyň üçünji möwsümi 2019-njy ýylyň oktýabarynda goýberilip başlandy. Onuň beýleki ençeme seriasynda dürli ýurtlarda amala aşyrylan harby operasiýalar barada gürrüň edilýär.

Media maglumatlaryndan mälim bolşuna görä, häzirki wagtda serialyň nobatdaky serialaryny surata düşürmek işleri koronawirus bilen baglylykda togtadyldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG