Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

COVID-19: Russiýada keselleriň sany birden artýan wagty, Duma adatdan daşary ýagdaý hakyndaky kanun taslamasyny tassyklady


Moskwanyň adamsyz Gyzyl meýdançasynda ýöräp barýan polisiýa ofiserleri, 31-nji mart, 2020-nji ýyl.

Dünýäde koronawirusdan ölenleriň sany 37 müňden geçdi, onuň 790 müňden gowrak adama ýokaşandygy tassyklandy we hökümetleriň täze respirator keseliniň ýaýramagyny haýallatmak synanyşyklary käbir ýurtlarda bökdençliklere sebäp boldy.

AÝ/AR gepleşik berýän ýurtlaryndaky ýagdaýa syn etmegini dowam etdirýär.

Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan

Gazagystan 50 ýaşly bir adam keselhanada aradan çykandan soň, koronawirus bilen baglanyşykly ikinji ölümini resmi taýdan hasaba aldy.

Paýtagt Nur-Sultanyň Saglygy goraýyş bölüminiň başlygy Saule Kisykowa 10 gün ozal koronawirus diagnozy goýlup, keselhana ýerleşdirilen 50 ýaşly adamyň 31-nji martda aradan çykandygyny žurnalistlere aýtdy.

Ondan ozal 26-njy martda Nur-Sultany töwerekläp oturan merkezi Akmola regionynda 65 ýaşly bir aýal aradan çykdy.

Gazagystanyň saglyk resmileriniň habar bermegine görä, 31-nji martda ýurtda koronawirus hassalarynyň tassyklanan sany 325 adamdyr.

Goňşy Gyrgyzystanyň pandemiýa sebäpli adatdan daşary ýagdaý astyndaky Bişkek şäherinde maşgala agzalaryny hasaba goşmazdan üçden köp adamyň ýygnanyşmagy hem-de dostlaryň we dogan-garyndaşlaryň öýlerine baryp görmek gadagan edildi.

Mundan başga-da, paýtagtda “gereksiz” ulag hereketiniň gadagan edilendigi sebäpli, hususy awtoulaglaryň sürüjileri iş ýerlerinden berlen kagyz bilen özleriniň işe gidip barýandyklaryny ýa-da işden gaýdyp gelýändiklerini subut etmeli.

Ýurduň günortasyndaky iki şäher, Oş bilen Jalal-abad, hem-de olara ýanaşyk birnäçe etrap hem geçen hepdeden bäri adatdan daşary ýagdaý astyndadyr.

Bişkegiň Koronawirusa garşy krizis merkeziniň başlygynyň orunbasary Kasymbek Mambetow 31-nji martda ýurtda ýene 13 koronawirus keseleniň hasaba alnandygyny aýtdy we munuň bilen koronawirus hassalarynyň umumy sany 107 adama ýetdi.

Beýleki bir Merkezi Aziýa ýurdunda, Özbegistanda, 31-nji martda resmi taýdan tassyklanan koronawirus keseliniň sany 158 adama ýetdi we iki adam aradan çykdy.

Merkezi Aziýanyň beýleki iki ýurdunda, Täjigistanda we Türkmenistanda şu wagta çenli koronawirus keseli habar berilmedi. Olaryň ikisine-de berk gözegçilik edilýär.

Russiýa

Rus kanun çykaryjylary ýurtda koronawirus keseleniň sany şu wagta çenli iň ýokary bir günlük artyş bilen 27 prosent ýokarlanýan wagty, premýer-ministr Mihail Misuştiniň adatdan daşary ýagdaý yglan etmegine rugsat berýän kanunçylyga deslapky tassyklamany berdi.

Parlamentiň aşaky platasy bolan Döwlet Dumasy tarapyndan tassyklanan kanun taslamasy hökümete tutuş ýurt boýunça adatdan daşary ýagdaý yglan etmäge we adatdan daşary ýagdaý wagtynda özüňi alyp barmagyň hökmany düzgünlerini kesgitlemäge mümkinçilik berýär.

Şeýle-de, “tebigy we emeli heläkçiliklerde” “bilkastlaýyn” ýalan maglumat ýaýradaýanlary 5 ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek hem-de karantin ýaly arassaçylyk we sanitariýa düzgünlerini bozanlary 7 ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezalary tassylanyldy.

Bu kanunçylyk saglyk resmileriniň koronawirus keseliniň bir gün öňküsinden 500 adam köpelendigini görkezýän sanlary çap etmeginden soň kabul edildi. Bu san bilen soňky 7 gün bäri sanlar yzly-yzyna ýokarlanýar.

Koronawirusa garşy federal iş topary 31-nji martda ölenleriň sanynyň bir gijede 8 esse artyp, 17 adama ýetendigini habar berdi. Tankytçylar we hatda adaty rus raýatlary resmi sanlaryň takyklygyna şübhe bildirýärler hem-de döwletiň wirus testlerine soragly çemeleşýärler.

Moskwa 30-njy martdan 12 million ýaşaýjysynyň ählisini öýlerinde saklaýar. Mişustin regionlaryň häkimleri bilen geçiren gyssagly duşuşygynda olardan Moskwany gaýtalamagy haýyş etdi.

Russiýanyň ikinji iň uly şäheri bolan Sankt Peterburg bilen bir hatarda ýurduň iň günbataryndaky Kaliningrad eksklawasyndan başlap, Arktika regionynda ýerleşýän Murmansk oblastyna, ondan Wolga derýasynyň boýundaky Tatarstana çenli 10-dan gowrak region hökmany izolýasiýa tertibini güýje girizip, çagyryşa gulak asdy we Moskwanyň göreldesine eýerdi.

Prezident Wladimir Putin Moskwanyň gulp astyna alynmagyny “zerur we esasly” atlandyrdy. Ol ondan ozal 28-nji mart – 5-nji aprel aralygynda “keseliň çalt ýaýramak howpunyň öňüni almak üçin” işden bir hepdelik dynç alynmagyna çagyryş edipdi.

30-njy martdan başlap ýurduň ähli serhetleri ýapyldy, diňe rus diplomatlarynyň, ýük ulag sürüjileriniň, beýleki zerur adamlaryň we zerur ulaglaryň girmegine rugsat berilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG