Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistanda ýaş ynsanyň ölümi: insultmy ýa-da urlup-ýenjilme?


Hossarlary Dilowarşonyň telefonynda galan suratyny görkezýärler.
Hossarlary Dilowarşonyň telefonynda galan suratyny görkezýärler.

Duşenbe şäheriniň Rudaki raýonynyň 27 ýaşly ýaşaýjysy Dilowarşo Şomirowyň ölümi köp sorag döretdi. Onuň jesedi şäheriň tekstil fabrigini golaýyndan tapyldy. Hökümetler owal başda ýaş ynsan insultdan ölendir diýdiler. Onuň hossarlary arz edip başlanlaryndan soňra, Dilowarşo Şomirowyň ölmezinden öň urlandygyny aýtdylar.

Medisina işgärleriniň owal başda ol ölümiň hakyky sebäbini näme üçin mälim etmediklerine merhumyň hossarlary entegem düşünmän haýran galýarlar. Olar Dilowarşonyň ölüminiň sebäbini düýpli barlamagy talap edýärler, şeýle hem sudmedekspertizanyň garşylykly pikire gelmeginiň sebäbini soraýarlar. Öz gezeginde Respublikanyň merkezi sudmedekspertizanyň bilermenleri owal başdaky gelnen netijäniň entek gutarnykly däldigini aýdýarlar.


Mundan birnäçe gün öň sosial ulgamlarda Dilowarşo Şomirowyň jesediniň suraty aýlanyp başlady. Şondan soň milisiýa ol ýogalanyň kimdigini anyklamagyň ugruna çykdy hem onuň hossarlaryny tapdylar. 24-nji martda paýtagt Duşenbäniň Içeri işler bölümi ol jesediň tanalandygyny, onuň ölüminiň bolsa insultdan ýüze çykandygyny mälim etdi.

Ýöne Dilowarşo Şomirowyň hossarlaryna owal başdan bu aýdylýan sebäp şübheli duýulýar, soňra merhumy ýuwanlarynda, onuň teninde urgy yzlarynyň mese-mälim görünýändigini bilýärler. Onuň jesedini merhumyň daýysy Hursand Şomirowyň özi ýuwupdyr. «Onuň kellesiniň bir tarapynyň döwlendigini men gördüm, gulagy-da döwlüpdir. Biz soňra eksperti çagyrdyk. Prokuraturadan adam geldi. Köpeni açdylar, Dilowarşonyň ölmezden öň urlandygyna ynandylar»diýip,Hursand Şomirow aýdýar.

Dilowarşo Şomirowyň jesedi 22-nji mart agşamy Duşenbäniň tekstil fabriginiň ýanyndan tapylýar. Şaýatlaryň aýtmagyna görä, jesedi Tiz kömek maşyny bilen şol wagtyň özünde morga alyp gidipdirler.

Aradan alty gün geçenden soň merhumyň kakasy Nuriddin Şomirow şeýle gürrüň berýär: «Biz oglumyzyň ölendigini Internetden bildik. Men öz doganlarym bilen morga ylgadym. Bize sudmedekspertiza merkezinden, onuň insultdan ölendigini aýtdylar. Ýöne meniň oglum örän sagdyndy, ol jany sagat ýaş adamdy».

Paýtagtyň Içeri işler bölümi Şomirowyň ölüminde şübhe bildirilýäniň saklanandygyny mälim etdi. Ol deslapky sorag geçirilende, owalda dawa-jedel bolup, soňra urşa ýazandygyny aýdypdyr. Ýöne görkezmäniň nähili şertde alnandygy belli däl. Soňky ýyllarda Içeri işler tarapyndan saklananlaryň käbiri sorag wagtynda örän rehimsiz daraşylýandygyny hem gynamalara sezewar edilýändigini aýdýarlar.

Saklananyň kimdigi mälim edilmeýär, diňe onuň Dilowarşonyň ýoldaşlaryndan biri bolandygy aýdylýar. Ol saklanan maşyn ýuwulýan ýerde dawa-jedeliň dörändigi, bu dawanyň iş gutarandan soň hem dowam edip, ahrynda ýumruklaşma barandygy barada görkezme beripdir.

Soňky iki aýyň dowamynda Dilowarşo paýtagtdaky awto ulaglary ýuwýan merkezleriň birinde işläpdir. Onuň kärdeşleri Dilowarşo bilen ölümde şübhe bildirilýän adamyň arasynda hiç bir dawa-jenjeliň döremändigini Azatlyk Radiosyna aýtdylar. Dilowarşonyň kärdeşi Samandar Mahmadjonow: «Ol hiç wagtda hiç kim bilen sögüşmezdi ýa çekeleşige girmezdi. Biz onuň biri bilen dawalaşanyny görmedik. Ynanar ýaly däl»diýdi.

Azatlyk Radiosynyň žurnalistiniň Dilowarşonyň ölüminde şübhe bildirilýäniň hossarlaryny tapmak synanyşygy başa barmady. Şol wagtyň özünde merhumyň hossarlary Dilowarşonyň bir adam tarapyndan öldürilendigine ynanmaýarlar. Olar bu hadysanyň düýpli barlanmagyny hem günäkäriň berk jezalandyrylmagyny talap edýärler.

Dilowarşonyň ejesi Umrinniso Şomirowa medisina işgärleriniň owal başda bu ölüm barada nädogry görkezme berendigine şübhe bildirýändigini aýdýar.

«Näme üçin wraçlar owal başda onuň urlup öldürilendigini ýaşyrdylar? Oglumyň teninde onuň urlandygyny görkezýän yzlar açyk galypdyr ahyryn. Men düýpli barlagyň geçirilmegini soraýan. Bu gün ony meniň oglum bilen etdiler, ertirki gün başgalar bilenem şeýle ederler»diýip, biziň gürrüňdeşimiz aýdýar.

Sud-medisina ekspertizasynyň Respublikan merkeziniň bilermenleri Dilowarşonyň tenindäki yzlar ilkinji gezekde insultdan ölene meňzeş bolupdyr diýýärler. Ýöne olar munuň deslapky gelnen netijedigini nygtaýarlar. Diňe ikinji ekspertiza ýaş adamyň ölüminiň urgy sebäpli ýüze çykandygyny görkezipdir.

Nähili-de bolsa, Sud-medisina ekspertiza merkezi Dilowarşo Şomirowyň ölüminiň sebäbi baradaky gutarnykly netijäni entek kabul etmändir we munuň üçin wagt gerek boljakdygyny aýdýarlar.

Häzirki wagtda ýüz beren ýagdaý barada jenaýat işi gozgalypdyr hem derňew dowam edýär.

Hossarlarynyň aýtmagyna görä, Dilowarşo maşgalaly, olar ilkinji çagasyna garaşýan ekeni. Hossarlaryna aýtmazdan, maşyn ýuwulýan ýerde işläp, maşgalasyny ekläpdir.

Material AÝ/AR-nyň Täjik gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG