Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň döwlet dükanlarynda käbir azyk önümleriniň tölegeleri bank kartlary bilen kabul edilmeýär


Türkmenistanda azyk nobatlary
Türkmenistanda azyk nobatlary

Aşgabadyň döwlet dükanlarynyň ençemesinde alyjylardan azyk önümleriniň töleglerini bank kartlary bilen kabul etmän başladylar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň biri paýtagtdan habar berýär.

Ýatlatsak, geçen ýylyň ahyrynda Aşgabadyň döwlet dükanlarynda nagt hasaplaşyklar ýatyrylyp, alyjylardan azyk önümleriniň töleglerini diňe bank kartlary bilen etmek talap edilip başlanypdy.

"Nobatdaky samsyklyk: Döwlet dükanlarynda we söwda nokatlarynda Türkmenistanyň Döwlet Daşary ykdysady iş banky tarapyndan berlen bank kartlary bilen tölegleri kabul etmeýärler. Mysal üçin, şu gün paýtagtyň "Gündogar" bazaryndaky döwlete degişli söwda nokadynda alyjylara banan we mandarini bank karty bilen satmagy düýbünden ret etdiler" diýip, gizlinlik şertinde söhbetde bolan habarçy 6-njy aprelde gürrüň berdi.

Onuň sözüne görä, söwda nokadyndaky satyjylar tölegleriň näme üçin bank kartlary bilen kabul edilmeýändiginiň sebäplerini düşündirmän, alyjylara kartlaryny çalyşmagy maslahat beripdirler.

"Häzir uly myhmanhanalarda işleýän adamlaryň köpüsiniň aýlyklary bank kartlaryna geçirilýär. Olar "Daşary ykdysady iş banka" jaň etse, hiç kim jogap bermeýändigini aýdýarlar. Bu banka jaň edeniňde, telefon alyş-çalşygynyň kesilendigi aýdylýar" diýip, habarçy belledi.

Şol bir wagtda, habarçy "Gündogar" bazaryň döwlete degişli söwda nokadynda 1 kilogramy 6 manatdan satylmaly bananyň hususyýetçilerde 10-12 esse gymmatdan, ýagny 50-80 manatdan satylýandygyny hem aýtdy.

"Tölegler bank kartlary bilen kabul edilmeýändigi üçin ilatyň köpüsi dükandan çykyp gaýdýar. Adamlar "öň diňe kartlar bilen söwda etmeli diýdiler, indi-de kartlary kabul etmeýärler" diýip, özaralarynda nägileliklerini beýan edýärler" diýip, habarçy aýtdy.

Azatlyk Radiosyna bu barada ýurduň "Daşary ykdysady iş" bankyndan hem-de Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginden kommentariý almak başartmady. Şeýle-de, bu çäklendirmäniň ýurduň beýleki banklary tarapyndan berlen bank kartlaryna hem degişlimi ýa-da däldigini hem häzirlikçe anyklap bolmady.

Geçen ýylyň noýabrynda Aşgabadyň döwlete degişli söwda nokatlarynda alyjylardan azyk önümleriniň töleglerini diňe bank kartlary bilen etmegi talap edip başladylar. Bu talap ilkibada diňe ýumurtganyň, günebakar ýagynyň we bananyň satuwyna, soňra-da beýleki azyk önümleriniň söwdasyna degişli edildi.

Şonda bu talap girdejilerini nagt görnüşde alýan raýatlara we döwlet edaralarynda işlemeýän öý hojalykçy zenanlara döwlet dükanlaryndan azyk harytlaryny satyn almakda kynçylyklary döredipdi.

Bu çäklendirmeleriň we talaplaryň ählisi, ýurtda indi üç ýyla golaý wagt bäri dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň fonunda, towuk budy, ýumurtga, ýag, un, çörek we şeker ýaly azyk önümleriniň gytçylygynyň we gymmatçylygynyň, şeýle-de bankomatlarda nagt ýetmezçiliginiň güýçlenen wagtyna gabat geldi. Ýurt raýatlary ençeme günläp, käte hepdeläp kartlaryndaky puly nagtlaşdyryp bilmeýärler.

Munuň bilen bir wagtda, ýurduň bazarlarynda azyk harytlarynyň bahalary hem yzygiderli gymmatlaýar. Bu bolsa, ýurt ýaşaýjylaryny döwlet dükanlarynda arzan bahadan satylýan azyk harytlaryny satyn almaga has köp iterýär.

"Aşgabadyň "Gülüstan" bazarynda 1 kilogram etiň bahasy 42 manatdan satylýar. Ýöne söwda tekjesiniň öňündäki nyrh belliginde onuň 1 kilogramynyň 24 manada barabardygy görkezilýär. Alyjy golaýlanda, satyjy 24 manadyň bazar administrasiýasy tarapyndan goýlan nyrhdygyny aýdyp, onuň diňe 42 manatdan satylýandygyny duýdurýar. Şeýle-de, satyjylar ikinji günden başlap etiň 1 kilogramynyň 45 manada gymmatlajakdygyny hem aýdýarlar" diýip, aşgabatly habarçy 6-njy aprelde gürrüň berdi.

3-nji aprelde Mary şäherinde azyk önümleriniň ýiti ýetmezçiligi sebäpli ýerli ýaşaýjylardan ençeme adam öz-özünden proteste çykyp, un hem beýleki azyk önümleri bilen üpjün edilmegini talap etdiler diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy 4-nji aprelde habar berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG