Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

COVID-19: Eýran IMF-i gyssagly karzy bermäge çagyrýar; Zakaýew Londonda keselhana ýerleşdirildi


Eýranyň prezidenti Hassan Rohani. 8-nji aprel, 2020 ý.

Dünýäde tassyklanan koronawirus näsaglarynyň sany 1,4 milliondan aşan mahaly, bu wirusdan ölenleriň sany 82 müňden geçdi. Hökümetler bu wirusyň ýaýramagyny haýallatmak synanyşyklaryny dowam etdirýän mahaly, bu çäreler köpçülikleýin bökdençlikleriň döremegine hem getirýär.

Eýranyň prezidenti Hassan Rohani Halkara pul gaznasyny (IMF) Tähranyň koronawirus pandemiýasyna garşy göreşmek üçin öň haýyş eden millionlarça dollar möçberindäki gyssagly karzyny bermäge çagyrdy.

Bu pandemiýa, Birleşen Ştatlaryň girizen sanksiýalaryndan eýýäm ejir çeken Eýranyň ykdysadyýetine has-da zyýan ýetirdi. 2018-nji ýylda Waşington Eýran bilen dünýäniň kuwwatly ýurtlarynyň arasynda baglaşylan ýadro ylalaşygyndan çykandan soňra, Tährana garşy sanksiýalary gaýtadan güýje girizipdi.

Mundan ozal, Tähran, şeýle hem dünýäniň birnäçe ýurdy, Birleşen Milletler Guramasy, ABŞ-nyň käbir kanunçykaryjylary we Human Rights Watch (HRW) ýaly adam hukuklaryny gorap çykyş edýän toparlar Birleşen Ştatlary Eýranyň wirusa garşy netijeli göreşmegi üçin oňa garşy girizen sanksiýalaryny ýeňilleşdirmäge çagyrdy.

Eýran koronawirusdan agyr ejir çeken döwletleriň biri bolup, ýurtda bu wirus 62500-den gowrak adama ýokuşdy we ondan 3800-den gowrak adam öldi.

Eýranyň resmileri pandemiýa garşy başlangyçda haýal göreşmekde tankyt edilýärler we ekspertler ýurduň metbugatyna berk gözegçilik edýän häkimiýetler tarapyndan ýaýradylan resmi sanlaryň dogrulygyna şübheli garaýarlar.

"Biz Halkara pul gaznasynyň agzasy... Karz bermekde hiç hili diskriminasiýa bolmaly däldir" diýip, Rohani 8-nji aprelde telewideniýede görkezilen kabinet ýygnagynda aýtdy.

"Eger olar häzirki kyn ýagdaýda öz borçlaryny ýerine ýetirmeseler, dünýä olara başgaça baha berer" diýip, Rohani sözüniň üstüne goşdy.

Geçen aý Eýranyň Merkezi Banky Halkara pul gaznasynyň Çalt maliýeleşdirmek inisiatiwasyndan pandemiýa garşy göreşmek üçin 5 milliard amerikan dollaryny sorady.

Halkara pul gaznasynyň bir işgäri bu haýyş boýunça Waşingtonda ýaşaýan karz berijiniň Eýran resmileri bilen gepleşik geçirýändigini aýtdy.

Gaznanyň maglumatlaryna görä, Eýran, 1960 we 1962-nji ýyllar aralygynda berlen "rezerw kreditinden" bäri, Halkara pul gaznasyndan kömek almady.

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Trump käbir ynsanperwerlik kömegini teklip etdi. Ýöne Eýranyň resmileri bu teklibi ret edip, muňa derek Waşingtonyň sanksiýalary ýatyrmalydygyny aýtdylar. 8-nji aprelde Rohani bu sanksiýalary “ykdysady we lukmançylyk terrorçylygyna" deňeşdirdi.

Bu aralykda, garaşsyz çeçen respublikasy Içkerianyň öňki ýokary derejeli ýolbaşçysy Ahmed Zakaýew koronawirus alamatlary bilen Londonda keselhana ýerleşdirildi.

Zakaýewiň garyndaşlarynyň Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, çeçen separatist hökümetiniň sürgün edilen öňki agzasy dem almakda kynçylyk çekenden soň, 6-njy aprelde keselhana ýerleşdirildi.

Medisina işgärleri Zakaýewiň garyndaşlaryndan saglyk bejergisiniň dowamynda emeli dem alyş enjamyny ulanmaga razylyk berýän kagyza gol çekmegi hem soradylar.

60 ýaşly Zakaýew Çeçenistanyň separatist hökümetinde medeniýet ministri, premýer-ministriň orunbasary, premýer-ministr we daşary işler ministri bolup işledi.

Ol we onuň ýakyn maşgala agzalary 2002-nji ýyldan bäri Londonda sürgünlikde ýaşaýarlar.

Zakaýew Russiýada terrorçylyk aýyplamalary boýunça gözlenýär. Ol we onuň tarapdarlary bu aýyplamalary ret edýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG