Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmenistan koronawirus aladalarynyň arasynda orta mekdeplerdäki ideologiýa basyşyny güýçlendirýär


Aşgabat. Mekdep howlusundaky çagalar.

Türkmen lideriniň sowet döwründäkä çalymdaş çagalar guramasyny, okuwçylar üçin medallary we prezident stipendiýasyny döretmek tekipleri koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça görülýän çärelere bagyşlanan maslahatyň arasynda edildi.

Türkmenistanda "Altyn asyr" atly çagalar guramasy döredilýär. TDH-nyň bu maglumaty garaşsyz neşirlerde türkmen prezidentiniň oktýabrýat-pioner hereketini dikeldýändigi baradaky habarlaryň peýda bolmagyna getirdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 8-nji aprelde geçiren iş maslahatynda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işi hakynda durup geçdi.

Bu gurama garaşsyzlygyň başky ýyllarynda, sowet döwründäki komsomol guramasynyň yzynda galan boşlugy doldurmak niýeti bilen döredildi we onuň hatarlarynda "synagdan geçen" ýaşlar ozalky Kommunistik partiýanyň ornuna döredilen Demokratik partiýanyň agzalary bolýarlar.

Döwlet baştutany Ýaşlar guramasynyň işiniň 14-den uly ýaşdaky nesillere niýetlenendigi sebäpli orta mekdepleriň 7-14 ýaşly okuwçylaryny özünde jemleýän "Altyn nesil" çagalar guramasynyň döredilmegini maksadalaýyk hasaplaýar.

Şeýle-de ol okuwçylarynyň sany 300-den geçýän orta mekdeplerde psiholog mugallymyň wezipesini girizmek meselesini gozgady, ýöne bu teklipleriniň arkasynda ýatan sebäpleri anyklaşdyrmady.

Mundan başga, Berdimuhamedow mekdep okuwçylaryny altyn, kümüş we bürünç medallar bilen sylaglamagy, ýokary synplarda okaýanlara Prezident okuwçy hakyny, ýagny prezident stipendiýasyny gowşurmagy teklip edýär.

Şeýle-de ol ýokary okuw mekdepleriniň ýanynda tehnologiýa we innowasiýa merkezlerini döretmegi, ylmy we ylmy-pedagogik mekdepleri ösdürmek meselesini öwrenmegi talap etdi.

Berdimuhamedow 2006-njy ýylyň dekabrynda, ozalky prezident Saparmyrat Nyýazow ýogalandan soň häkimiýet başyna geleli bäri ýurduň mekdeplerinde berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmagy sözde yzygiderli talap edýär.


Emma ýerli synçylar ýurtda bilimiň para-peşgeşe hem-de şahsyýet kultuna, boş köpçülik çärelerine gurban edilýändigini, mekdepleriň ýagdaýynyň ýyl-ýyldan agyrlaşýandygyny aýdýarlar.

Hökümet tankytçylarynyň pikiriçe, döwlet hakyky bilimli nesilleri däl-de, beýnisi ýuwlan we tankydy pikirlenip bilmeýän adamlary ýetişdirmek üçin köp tagalla edýär, şu sebäpden sowet döwründäki ideologiýa çärelerini türkmenleşdirýär, bilimdäki parahorluga göz ýumýar.

"Sowet ýyllarynda adamlary ösen sosializmde ýaşaýarsyňyz" diýip aldadylar, garaşsyzlyk ýyllarynyň başynda "Altyn asyrda" ýaşap başladyňyz diýiler, häzir "Bagtyýarlyk we berkararlyk" eýýamynda ýaşaýarsyňyz diýýärler, emma halk ýyl-ýyldan garyp düşýär, "bal-bal" diýeniň bilen agyz süýjemeýär" diýip, 59 ýaşyndaky öňki pedagog Azatlyk bilen söhbetdeşlikde aýtdy.


Onuň sözlerine görä, mekdeplerde, harby bölümlerde ozalky Lenin otaglarynyň ýa burçlarynyň ornuna ilki Türkmenbaşy otaglary ýa burçlary döredildi, Nyýazowyň özi, ejesi we kakasy, "Ruhnamasy" ideallaşdyryldy, indi Berdimuhamedow, onuň kitaplary, ejesi we kakasy, atasy ideallaşdyrylýar.

"Bu praktika dowam etse, tehnologiýa we innowasiýa merkezlerini döretmegiň hiç bir peýdasy bolmaz, okuwçylaryň, mugallymlaryň döwrebap bilimleri özleşdirmäge wagty bolmaz, dünýäniň ösen ýurtlarynyň hiç birinde beýle zat edilmeýär" diýip, ozal Aşgabadyň iň gowy mekdepleriniň birinde işlän mugallym Azatlyga aýtdy.

Berdimuhamedowyň ýurtda berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak baradaky tekipleri koronowirusyň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça görülýän çärelere bagyşlanan maslahatyň arasynda edildi.

Şu aralykda "Türkmenistanyň Hronikasy" Aşgabatda bir mekdebiň okuwçylarynyň, COVID-19-a garşy göreş üçin, ýanlary bilen dezinfeksiýa enjamlaryny alyp gelmäge borçly edilendigini habar berdi.

Türkmen mekdeplerinde ol ýa-da beýleki çäre üçin okuwçylardan pul ýygnamak, olary köpçülik çäreleri üçin niýetlenen eşikleri satyn almaga mejbur etmek soňky on ýylda adaty ýagdaýa öwrüldi.


Şol bir wagtda, resmi maglumata görä, Türkmenistanda koronawirus ýokuşan adam ýok we hökümet başlygy 13-nji martda geçiren maslahatynda ýokanç keselleriň ýaýramagyna garşy ýüzärlik tütetmek bilen durmagy maslahat berdi. Onuň pikiriçe, "milli däp-dessurlaryň ähmiýetine, häzirki zamanyň ösen tejribesine möhüm ähmiýet berilmeli".

"Bu dünýäde ýaýran ýokanç keseliň ýurdumyzda ýüze çykmagynyň öňüni almakda aýratyn möhümdir" diýip, Berdimuhamedow aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG