Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Koronawirusyň agzalmagyna garşy çykýan Türkmenistan hassahanalary taýýarlaýar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda koronawirus bilen göreşmek üçin hassahanalar taýýarlanýar, ýurduň keselhanalarynda planly operasiýalar yza tesdirilýär, COVID-19 bilen kesellänlere garaşyk etmek üçin taýýarlyk görülýär, emma lukmanlara koronawirus sözüni agzamak gadagan edilýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň korrespondentleri habar berýärler. Türkmenistanyň hökümeti, saglyk resmileri koronawirus we bu heläkçilikli kesele garşy alnyp barylýan çäreler barada resmi çykyş etmeýärler, tersine bu keseli agzan raýatlary yzarlaýarlar. Döwlet habar beriş serişdeleri hem problema barada dymýar.

Aşgabatdaky habarçymyzyň 3-nji aprelde aýtmagyna görä, paýtagtyň ähli keselhanalarynda planly operasiýalar yza tesdirilipdir, diňe gyssagly operasiýalar edilýär. Mundan öň welaýatlardaky keselhanalarda operasiýalaryň goýbolsun edilýändigi, hassahanalaryň koronawirusy, ýokanç keselleri bejermek üçin taýýarlanýandygy mälim bolupdy.

Azatlygyň Guşgydaky habarçysy, Türkmenistanyň Owganystan bilen serhedine golaý ýerde karantin zonasynyň döredilendigini 3-nji aprelde habar berdi.

"Guşgy etrabynda Owganystan bilen serhediň golaýynda karantin poligonyny döretdiler. Harby bölümleriň birinde birnäçe esgeriň kesellemegi bilen baglylykda uly ýygnagyň geçirilendigi aýdyldy. Simptomlar wirusa meňzeş. Ertir etrapda Saglyk ministrliginden barlagçylara garaşýarlar" diýip, habarçymyz aýdy.

Mundan öň karantin zolaklaryň ýurduň gündogarynda Türkmenabatda we paýtagtda Çoganlydaky ýokanç keseller hassahanasynda ýerleşýändigi mälim bolupdy. Şeýle-de, Azatlygyň Türkmenistanyň saglygy saklaýyş sistemasyndaky ýagdaýlardan habarly ygtybarly çeşmeleri Çoganlydaky hassahanada koronawirus bilen kesellänleriň saklanýandygyny we ýurduň günbatarynda Balkanabatda we Eýran bilen serhetdeş Etrek etrabynda COVID-19 bilen kesellänleriň anyklanandygyny habar beripdi. ​

2-nji aprelde Azatlygyň Lebap welaýatyndaky çeşmeleri Türkmenabatdaky karantiniň içindäki ýagdaý barada gürrüň berdiler.

"Lukmanlar gorag geýimlerini we maskalary öz hasabyna tikdirýärler. Hassalara-da maska geýmäge rugsat berilýär. Köçelerde maska geýmek gadagan edilýär. Hassalary getirýän awtobuslary gowy ýuwmaýarlar. Özbegistandan Daşogzuň üstünden 32 sany student getirildi" diýip, Lebapdaky çemelerimiziň biri aýtdy.

Azatlygyň ýerli habarçylarynyň sözlerine görä, karantin zonasynda şäheriň beýleki saglygy saklaýyş edaralaryndan işgärler baryp işleýärler, lukmanlar we şepagat uýalary özleriniň adaty medisina halatlaryny ulanýarlar.

Azatlyk Radiosy bu barada Türkmenistanyň saglyk edaralaryndan hem-de Saglygy saklaýyş we derman senagaty ministrliginden resmi maglumat alyp bilmedi.

Türkmenistanyň häkimiýetleri koronawirusyň ýaýramagyna degişli ýagdaý barada dymmagyny dowam etdirýärler. DIM-niň ýurtda koronawirusly hassalaryň ýa-da ýokaşan bolmagy güman edilýänleriň ýekejesiniň-de ýokdugy barada edilen resmi beýanatyndan bir aýa golaý wagt geçdi. Şondan başga resmi çykyş bolmady. Indi türkmen häkimiýetleri hatda koronawirus sözüni gadagan edýärler we keseli agzanlary yzarlaýarlar. Soňky hepdäniň dowamynda koronawirus barada gürrüň eden adamlar tussag edilýär.

Indi koronawirus sözüni agzamagy Türkmenabadyň saglyk işgärlerine resmi taýdan gadagan edildi. Azatlygyň regionyň saglygy saklaýyş sistemasyndaky ýagdaýdan ygtybarly çeşmesine görä, 2-nji aprelde Türkmenabadyň köpugurly hassahanasynda ýygnak geçirilip, COVID-19 keselini agzamagyň gadagan edilýändigi aýdylypdyr we gadagançylygy bozanlaryň jenaýat jogapkärçiligine çekiljekdigi duýdurylypdyr.

Şu günler Aşgabata konsertler ýatyrylýar, emma teatrlar tomaşaçylar üçin açyklygyna galýar. Şeýle-de, jaýlaryň howlularynda çadyrlarda toýlar geçirilýär. Bu barada Aşgabatdaky habarçylarymyzyň ýene biri aýdýar.

Koronawirusa garşy alnyp barylýan çäreler Türkmenistanyň daşyndaky raýatlara hem agyr täsir ýetirdi. Halkara howa gatnawynyň ýatyrylmagy sebäpli ençeme adam ýurduna dolanyp bilmän çykgynsyz ýagdaýda galdy.

Bu aralykda Orsýetiň koronawirusyň ýaýramagy sebäpli daşary ýurt raýatlary, şol sanda Türkmenistanlylar üçin wizalary 90 günlük möhlet bilen uzaldýandygy mälim boldy. Bu barada «РИА Новости» habar agentligi 31-nji martda habar berdi.

3-nji aprelde ýarym resmi "Turkmenportal" neşri Orsýetdäki türkmenistanlylar üçin wizalaryň uzaldyljakdygyny Orsýetiň Aşgabatdaky ilçihanasynyň tassyklandygyny habar berdi. Munuň öňýany bu neşir Türkmenistanyň Moskwadaky ilçihanasynyň Orsýetdäki raýatlaryna ähli zerur kömegini berýändigini we türkmen resmileriniň uçar reýsleriniň dürli ugurlaryny işläp düzýändigini habar beripdi.

Türkmenistanyň Orsýetdäki ilçihanasynyň resmi websaýtynda raýatlara kömek bermek barada takyk informasiýa ýerleşdirilmändir.

Türkmenistanyň we Orsýetiň arasynda howa gatnawy 17-nji martda ýatyryldy, şondan bäri Türkmenistanyň ençeme raýaty öz ýurduna dolanyp bilmän Orsýetde galýar. Beýleki ýurtlardaky, şol sanda Türkiýedäki türkmenistanlylaryň ençemesi hem çykgynsyz ýagdaýda galýar. Agyr ýagdaýa düşen adamlaryň Azatlyga aýtmagyna görä, Türkmenistanyň ilçihanalary öz raýatlaryna ýardam bermeýär, diňe howa gatnawynyň apreliň aýagyna çenli ýatyrylandygyny habar berýär.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG