Türkmen häkimiýetleriniň koronawirus aldalarynyň fonunda, Aşgabadyň uly toý mekanlarynda toý-tomgalary gurnamak ýatyrylan bolsa-da, hususy eýeçilikdäki restorandyr kafelerde uly bolmadyk dabaralary geçirmek heniz hem dowam edýär. Lebabyň mekdebe çenli ýaşly çagalarynda COVID-19 boýunça köpçülikleýin barlaglar geçirilýär. Russiýadan Türkmenistana dolanmak isleýän türkmen raýatlary özlerine hiç hili kömek edilmeýändigini habar berýärler. Lebapda un, ýag satyn almak üçin täze resminamalar talap edilip başlanan mahaly, türkmen hökümetine ýakynlygy bilen tanalýan "Türkmenportal" neşiri ýurtdaky azyk gytçylygynyň ýörite matlap bilen döredilýändigini aýdýar.
Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň biri häzirki wagt toýlary diňe Türkmenbaşy şaýolunyň ugrunda ýerleşýän "Toý mekany" restoranynda ýa-da köp gatly jaýlaryň arasynda gurnalan çadyrlarda geçirip bolýandygyny habar berýär.
Şol bir wagtda-da, ol dünýäde sosial aralygy saklamaga çagyryşlar edilýän mahaly, doglan gün ýaly uly bolmadyk dabaralary hususy eýeçilikdäki kafe we restoranlarda bellemäge heniz hem rugsat berilýändigini aýdýar.
"Maşgalalar tarapyndan dolandyrylýan kafe we restoranlar gije sagat 22:00-dan soň, hatda gije-de işleýär" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 13-nji aprelde gürrüň berdi.
Azatlygyň Lebapdaky habarçysy bolsa, mekdebe çenli ýaşly çagalarda COVID-19 boýunça köpçülikleýin barlaglaryň geçirilýändigini we bu çäräniň 16-njy aprelde doly tamamlanjakdygy barada maglumatlaryň bardygyny habar berýär.
"12-nji aprelde, dynç günidigine garamazdan, welaýatyň Farap, Saýat, Çärjew etraplarynyň we Türkmenabat şäheriniň orta mekdeplerinde okuwçylardan analizleri alyp, barlaglary geçirdiler" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan lebaply habarçymyz 13-nji aprelde gürrüň berdi.
Ol barlaglary geçiren saglyk işgärlerine salgylanyp, 16-njy aprelden başlap Türkmenistanda welaýatlaryň we etraplaryň arasyndaky ýollaryň açylyp, herekete rugsat berilmegine garaşylýandygyny hem aýtdy. Ýöne bu maglumaty degişli türkmen häkimiýetlerine tassyklatmak ýa inkär etdirmek başartmady.
Bu aralykda, Azatlyk Radiosy bilen Russiýadan habarlaşan türkmen raýatlarynyň ençemesi pandemiýa sebäpli girizilen syýahat we uçar çäklendirmeleri sebäpli özleriniň Russiýada galandyklaryny, Türkmenistana dolanmaga kömek etmegi sorap, degişli türkmen häkimiýetlerine edýän haýyşlarynyň netije bermeýändigini aýdýar.
"Gyzgyn liniýa açdylar. Oňa-da her gün jaň edýäs. Eýýäm üç hepde bäri "garaşyň" diýip jogap berýärler. Şeýle-de, "Moskwada koronawirus barlagyndan geçip, sprawka almaly, onsoň uçurjak" diýýärler. Haçan geçmeli diýlen soraga: "Şol meseläni çözüp otyrys, soň jaň ederis" diýip jogap berýärler. Indi üç hepde bäri söz berip gelýärler. Biz 6 adam töweregi, ýöne ýurduna dolanasy gelýän başda-da raýatlarymyz köp" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan türkmen raýaty 13-nji aprelde beren maglumatynda Moskwadaky türkmen ilçihanasynyň hem şol bir zady tekrarlaýandygyny gürrüň berdi.
Ol häzirki wagt ýanlary bilen Türkmenistandan getiren pul serişdesiniň hasabyna günlerini görýändigini, ýöne onuň hem gutaryp barýandygyny aýdyp, sözüni şeýle dowam etdirdi:
"Türkmen resmileri "Aňyrdan pul ugratdyryň" diýýärler. Ýöne biz student bolmanymyz üçin WesternUniondan hem pul ugratdyryp bilemizok, kartymyza-da pul okladyp bilemizok. Iş tapylsa işleýäris, tutulmajak bolup gizlin işleyäris. Näme etjegimizi bilemizok" diýip, türkmen raýaty aýtdy.
Belläp geçsek, bu habar ýüzlerçe türkmenistanlynyň daşary ýurtlardan Türkmenistana dolanyp bilmeýändigi barada peýda bolan maglumatlaryň yzýany, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň pandemiýa sebäpli daşarda galan raýatlary goldamagyň möhümdigini aýdýan mahalyna gabat geldi.
Muňa garamazdan, türkmen häkimiýetleri koronawirus bilen bagly ýurtda we dünýäde bolup geçýan ýagdaýlar, şeýle-de, daşary ýurtlarda galan türkmen raýatlarynyň anyk ykbaly barada hiç zat aýtman gelýärler.
Bu habarlaryň fonunda, Azatlyk Radiosynyň lebaply habarçysy ýurtdaky hereket çäklendirmeleriniň azyk harytlarynyň gytçylygyna täsir ýetirýändigini aýdyp, welaýatda un we ýag satyn almak üçin täze resminamalaryň talap edilip başlanandygyny habar berýär.
"Indi raýatlar döwlet tarapyndan berilýän ýagy we uny satyn almak üçin talondaky adamlaryň sanawyny we bu adamlaryň diridigi baradaky tassyknamany alyp, degişli resmilere tabşyrmaly edildi. Ýagny lukmanlardan sprawka, etrap geňeşliginden hat almaly we soňra etrap söwda edarasyna tassyklatmaly. Şondan soňra şol raýata 1 aýda diňe bir sapar 3 kilogram un we 1,5 litr arassalanmadyk ýag berler" diýip, habarçymyz 13-nji aprelde gürrüň berdi.
Şol bir wagtda, ilatyň döwlet dükanlaryndan un we ýag satyn almagy bilen bagly täze talaplar güýje girizilen mahaly, türkmen hökümetine ýakynlygy bilen tanalýan "Türkmenportal" neşiri azyk gytçylygynyň ýörite matlap bilen döredilýändigini aýdýar.
11-nji aprelde çap edilen wideoda "adamlar serhetleriň ýapylmagy sebäpli azyk we senagat zerur harytlary bilen üpjünçiligiň bes edilmeginden alada edip başlaýarlar, defisit ýagdaýy emeli usulda döredip, geljege ätiýaç bermäge synanyşýarlar" diýilýär.
"Käbir adamlar şu meselesini öz maksatlaryna ýetirmek üçin gural hökmünde ulanyp, şuňa meňzeş ýagdaýy bilkastlaýyn çişirýärler... Türkmenistanda importy çalyşmak maksatnamasy birnäçe ýyl bäri işleýär. Içerki telekeçiler we ýurtdaky kompaniýarlar giň gerimde we ýeterlik mukdarda önüm we derman öndürýärler" diýip, hökümete ýakyn neşir belleýär.
Neşiriň bu maglumaty, ýurtda indi üç ýyla golaý wagt bäri dowam edýän azyk gytçylygynyň we gymmatçylygynyň, pandemiýanyň fonunda has-da güýçlenen mahalyna gabat geldi.