Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow pandemiýa sebäpli daşarda galan raýatlary goldamagyň möhümdigini aýdýar


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

“Ynsan saglygyny we ömrüni goramak biziň baş maksadymyzdyr” diýip, Berdimuhamedow öz çykyşynyň dowamynda aýtdy.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 10-njy aprelde Türki dilli döwletleriň Geňeşiniň wideoaragatnaşyk arkaly guralan sammitine gatnaşyp, türki dilli ýurtlarda galan türkmenistanlylara berilýän goldaw üçin minnetdarlyk bildirdi diýip, TDH habar berýär.

Wideomaslahat Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk Geňeşine başlyklyk edýän Azerbaýjanyň inisiatiwasy bilen gurnalyp, onda agza döwletleriň koronawirus pandemiýasyna garşy durmakdaky tagallalaryny utgaşdyrmak meseleleri maslahatlaşyldy.


Ynsan saglygyny we ömrüni goramak biziň baş maksadymyzdyr” diýip, Berdimuhamedow öz çykyşynyň dowamynda aýtdy.

Ol 13-nji martda geçiren hökümet maslahatynda koronawirusy agzaman, ýokanç keselleriň öňünde ýüzärlik tütetmek, unaş içmek bilen durmagy maslahat beripdi, biraz soň bolsa, türkmenleriň ýokanç keselleri sazak püri, küli bilen hem dep edendiklerini aýdyp, ýurtda halk tebipçilik däpleriniň dowam etdirilmeginden hoşallygyny bildirdi.


Türkmen lideriniň sözlerine görä, häzirki emele gelen ýagdaýlar sebäpli öz ýurtlarynyň çäginiň daşynda galan raýatlara ynsanperwerlikli garamak, olara zerur bolan goldawy bermek möhüm bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, Berdimuhamedow kärdeşlerine öz ýurtlarynda bolýan türkmen raýatlaryna hoşniýetli garaýandyklary, olar barada alada edýändikleri üçin minnetdarlyk bildirdi, ol ýurtlaryň Türkmenistanyň çäklerinde bolýan raýatlaryna hemişe şeýle garalandygyna we geljekde hem garaljakdygyna ynandyrdy diýip, döwlet habar gullugy ýazýar.

Koronawirus pandemiaýsynyň döreden gorky-howatyrlary bilen baglylykda, Türkiýede ýaşaýan türkmenistanly zähmet migrantlarynyň onlarçasy mart aýynda ýasama arakdan zäherlenip öldi. Merhumlaryň hossarlary bu agyr ýagdaýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçihanasyndan, konsullygyndan kömek soradylar.


Emma muňa garamazdan, Türkmenistan Türkiýede ýogalan 50-den gowrak raýatynyň jesetlerini ýurda getirmek, merhumlaryň yzlarynda galan maşgalalaryna goldaw bermek meselesinde öz borçlaryny ýerine ýetirip bilmedi diýip, daşary ýurtlardaky türkmen diasporasynyň wekilleri sosial mediada öz nägileliklerini bildirdiler.

Türkmenistanyň Türkiýedäki ozalky ilçisi Nurmuhammet Hanamowyň Azatlyk bilen söhbetdeşlikde aýtmagyna görä, "daşary ýurtlardaky türkmen ilçihanalary şu hili ýagdaýlarda öz raýatlaryna hossar çykmagy başarmasa, olaryň işgärleriniň alýan aýlyklary sorag astyna düşýär".

Şeýle-de, Türkmenistanyň hökümetiniň pandemiýa sebäpli beýleki ýurtlarda, şol sanda Hindistanda galan raýatlaryna hem kömek goluny uzatmaýandygy habar berilýär.


Türkmenistan geçen ýylyň dekabrynda Hytaýyň Wuhan şäherinden uç alan koronawirus pandemiýasy sebäpli Hytaýdaky raýatlaryny ewakuasiýa etmek, uçar gatnawlaryny wagtlaýyn goýbolsun etmek, serhetleri baglamak, ýurt içindäki hereketi çäklendirmek ýaly çäreleri gördi, emma birbada bu ýagdaýlar hakynda mediada açyk maglumat bermekden saklandy.

Medaida koronawirus sözüni agzamakdan gaça durmagy, ilata zerur maglumatlary bermezligi we planlaşdyrylan köpçülik dabaralaryny, baýramçylyklary dowam etdirmegi netijesinde, ýurduň bolbaşçylary ilatyň janyny howp astyna salmakda tankyt edildi.

Şu aralykda Türkmenistan, dünýädäki koronawirus pandemiýasyna garamazdan, janköýerlere oýunlara gatnaşmaga rugsat bermek bilen, ozal öz togtadan professional futbol möwsümini 19-njy aprelde täzeden başlamagy planlaşdyrýar. Ýurduň sekiz topardan ybarat professional ligasy 24-nji martda, pandemiýa sebäpli, nobatdaky futbol möwsümini togtatdy.

Berk gözegçilik astynda saklanylýan awtoritar ýurtda koronawirus ýokaşmasy resmi taýdan hasaba alynmady we soňky günlerde ençeme köpçülikleýin sport çäresi geçirildi.

Türkmenistan Belarus, Täjigistan, Nikaragua we Burundi ýaly, pandemiýa döwründe futbol oýunlaryny geçirmegi dowam etdirýän birnäçe ýurduň biri bolup durýar.

Jon Hopkins uniwersitetiniň 10-njy aprelde beren habaryna görä, dünýäde 1,6 milliondan gowrak adama koronawirus ýokaşdy we ondan 100 müňden gowrak adam öldi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG