Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

ABŞ ilçihanasy Aşgabadyň COVID-19 näsagyny ykrar etmejekdigini ýaňzydýar, polisiýa 'propiskasyzlary tutýar'


Türkmen zähmet migrantlary. Arhiw suraty

Azatlygyň habarçylary ýurtda azyk krizisiniň güýçlenýändigini, karantine ugratmak haýbaty bilen para almagyň ýoň bolandygyny, Aşgabatdaky migrant işçileriň 'awlanýandygyny' habar berýärler. 

ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasy 16-njy aprelde korinowirus pandemiýasy bilen baglylykda berýän maglumatlaryny täzeläp, Türkmenistanyň çäginde häzire çenli resmi taýdan tassyklanan wirus ýokaşmasynyň ýokdugyny, ýöne şeýle hadysalar ýüze çykaýan ýagdaýynda hem onuň ykrar edilmän bilinjekdigini habar berdi.

Ilçihana, COVID-19-yň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen, türkmen hökümetiniň güýçlendirilen barlag we karantin çärelerini amala aşyrýandygyny hem habar berýär.

Hökümet syýahatçylyk we uçuş çäklendirilmeleriniň azyndan şu ýylyň 20-nji maýyna çenli dowam etjekdigini mälim etdi diýip, täzelenen maglumatda bellenilýär.


Şeýle-de maglumatda häzir ýurduň dürli ýerlerinde, şol sanda käbir dükanlarda adamlaryň beden gyzgynynyň ölçelýändigi bellenilýär.

Ilçihana ýene bir gezek Türkmenistandaky saglyk protokollarynyň amerikan ülňülerine laýyk gelmeýändigini, käbir syýahatçylardan COVID-19 bilen bagly bolmadyk lukmançylyk synaglaryndan geçmegiň talap edilendigini ýene bir gezek ýatlatdy we öz raýatlaryna adaty, invaziv däl fiziki barlaglardan ýa-da temperatura ölçeglerinden başga lukmançylyk amallaryndan ýüz öwürmegi maslahat berýär.

Şu aralykda, Azatlygyň habarçylary ýurtda azyk krizisiniň güýçlenýändigini, ilatyň esasy ulanýan azyk önümleriniň nyrhlarynyň örän ýokary galýandygyny, karantine ugratmak haýbaty bilen para almagyň ýoň bolandygyny habar berýärler.

"Lebapda koronawirus bilen bagly çäklendirmeler sebäpli gözegçilik postlarynda karantine iberjek diýip para soraýanlar köpeldi” diýip, habarçy 16-njy aprelde beren maglumatynda aýtdy.

Onuň sözlerine görä, beden temperaturasy ölçenen adamyň gyzgyny bar bolsa, onuň karantine ugradyljakdygy aýdylýar, möwsümleýin sowuklamasy bolanlary hem, gyzgyny 37 gradusa ýetse, karantine ugratjak diýip gorkuzýarlar, karantinden gutulmak üçin soralýan paranyň möçberi 1000 manatdan başlanýar.


Türkmenistanda häzir COVID-19 keseli sebäpli adamlaryň gyzgynyny ölçemek işleri jemgyýetiçlik ýerlerinde, ýollarda, sol sanda regionlaryň aralarynda we şäherlere girilýän ýerlerde giň derejede alnyp barylýar.

Soňky gelip gowşan maglumata görä, ýerli ilatyň koronawirus çäklendirmeleri bilen bagly ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklarynyň üstüne polisiýa işgärleriniň içerki zähmet migrantlaryna garşy alyp barýan kampaniýalaryny güýçlendirmegi hem urna boldy.

Azatlygyň habarçysynyň 17-nji aprelde beren maglumatyna görä, 15-nji aprelde, agşam sagat 19-da polisiýa Aşgabatdaky zähmet migrantlarynyň garşysyna köpçülikleýin tussag etmek çärelerini gurnady.

Ýurduň regionlaryndan we beýleki şäherlerden gelip, Aşgabatda islendik gara işde işleýän raýatlar köplenç şäheriň eteklerinde, birnäçe adam bolup kireýine alan otaglarynda ýaşaýarlar.

Olar köplenç Aşgabatda tapan işlerini edip, agşamlyk wagtlaýyn ýaşaýan ýerlerine gitmek üçin awtobus duralgalaryna gelýärler.

"Polisiýa Teke bazarynyň golaýyndaky awtobus terminalynda uçdantutma dokument barlaglaryny geçirdi we Aşgabatda ýa-da Ahal welaýatynda resmi ýazgysy bolmadyk adamlary saklady” diýip, habarçy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, zerur propiskasy, resmi ýazgysy bolmadyk adamlara polisiýa örän gödek darady we tutulyp saklanan we polisiýa bölümine alnyp gidilen adamlaryň sany 300-den gowrak boldy.

Häzirlikçe olaryň soňky ykbaly belli däl.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör (1)

Şu forum ýapyk
XS
SM
MD
LG