Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

COVID-19: ÝB-niň hemaýaty Türkmenistana berilmez, türkmen futbolçylary Türkmenistan “sagdynlygyň ýurdy” diýýär


ÝB 20 milliard ýewrolyk “Ýewropa topary” maliýe hemaýat paketini başlatdy.
  • Türkmenistana Ýewropa Bileleşiginiň koronawirus pandemiýasyna garşy göreşýän döwletlere niýetlenen maliýe hemaýaty berilmez.
  • Türkmen resmileri COVID-19 sebäpli şu ýyl daşary ýurda okuwa we haj zyýaratyna raýatlaryň goýberilmejekdigini duýdurýarlar.
  • Dünýäde wirusyň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen sosial aralyk boýunça geçirilýän çäreleriň we wagyzlaryň arasynda, türkmen futbolçylary ýurduň futbol çempionatynyň başladylmagyny gowy garşylaýandyklaryny aýdýarlar.
  • Türkiýede onlarça türkmenistanlynyň yzyna dolanyp bilmeýän pursady, penşenbe güni Stambula “Türkmenhowaýollarynyň” ýük uçary gondy, emma onuň gelmeginiň sebäpleri aýdyň däl.
  • Türkmenistanda entegem resmi derejede wirusa ýolugan ýeke ýagdaý hasaba alynmady.

“Ýewropa topary” hemaýaty

Ýewropa Bileleşigi hyzmatdaş-döwletleriniň koronawirus pandemiýasyna garşy alyp barýan tagallalaryna ýardam etmek maksady bilen, 8-nji aprelde 20 milliard ýewrolyk “Ýewropa topary” atly maliýe hemaýat paketini başlatdy.

ÝB-niň websaýtynda bu hemaýatyň wirusa garşy durmakdaky iň asgyn döwletlere beriljekdigi, şeýle-de munuň: saglyk krizisine we ýüze çykýan gumanitar zerurlyklara gyssagly çäre görmek; saglyk, suw we sanitariýa ulgamlaryny berkitmek; şol bada ýüze çykan sosial we ykdysady ýagdaýlary peseltmek üçin niýetlenendigi aýdylýar.

Hemaýatyň çäklerinde Merkezi Aziýa sebitindäki Gyrgyzystana 36 million ýewro, Täjigistana 48 million ýewro we Özbegistana 36 million ýewro maliýe hemaýaty berler.

Türkmenistanyň we Gazagystanyň ortadan ýokary girdejili ýurtlar hökmünde kesgitlenendigi we olaryň kömege mätäç döwletleriň hataryna girmeýändigi sebäpli, bu ýurtlara “Ýewropa topary” paketiniň çäklerinde hemaýat göz öňünde tutulmady diýip, türkmen hökümetine ýakynlygy bilen tanalýan orient internet neşiri maglumat berdi.

Bu aralykda, Birleşen Ştatlar Bütindünýä Saglyk Guramasyna töleg etmegini wagtlaýyn togtadan bolsa-da, ol dünýäde koronawirusa garşy görülýän tagallalaryň çäginde, ýurtlara hemaýat bermegini dowam etdirýär. Şu aýyň başynda ABŞ-nyň Türkmenistana COVID-19-dan goranmak üçin medisina kömegi görnüşinde 920 müňden gowrak dollary çykarandygy habar berilipdi.

Azat Adalga: Karantin we izolýasiýa
please wait

No media source currently available

0:00 0:02:08 0:00

Daşary ýurt okuwlary we haj zyýaraty

Bu aralykda, türkmen resmileri şu ýyl okuw we haj zyýaraty üçin raýatlaryň ýurduň daşyna çykarylmajakdygyny duýdurýarlar.

Lebabyň merkezi Türkmenabat şäheriniň bilim bölümlerinde geçirilýän ýygnaklarda pandemiýa sebäpli şu ýyl türkmen ýaşlarynyň daşary ýurt okuw jaýlaryna gitmegine rugsat berilmejekdigi bellenilýär.

Azatlygyň Lebapdaky habarçysynyň maglumatyna görä, geçen juma namazynda Remezan aýynyň dowamynda metjitlerde agyzaçarlaryň beriljekdigi we tarawa namazlarynyň hem okaljakdygy barada gürrüň edilipdir. Emma, metjitleriň ählisinde antiseptik el arassalaýjy serişdeleriniň we oksaliniň hem bolmagy talap edilipdir.

Lebap welaýatynyň dini işgärleri bu ýyl hökümet tarapyndan haj zyýaratyna hiç kimiň ugradylmajakdygyny, emma bu ýyl nobaty ýetenleriň sanawyndaky adamlaryň 2021-nji ýylda iberiljekdigini aýdypdyrlar.

Elleri ykjam ýuwmagyň ähmiýeti
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:35 0:00

Türkmenistan “sagdynlygyň ýurdy”

Dünýä boýunça koronawirusyň ýaýramagyny öňüni almakda sosial aralygyň möhümdigi baradaky edilýän wagyzlaryň arasynda, türkmen futbolçylary ýurduň futbol çempionatynyň şu hepde soňy täzeden başladylmagyny “şatlykly habar” hökmünde garşyladylar.

Ýatlatsak, geçen aý Türkmenistanyň futbol federasiýasy ýokary liga futbol klublarynyň arasyndaky futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň wagtlaýynça soňa süýşürilendigini yglan edipdi.

Federasiýa munuň sebäbini düşündirmese-de, şol pursat türkmen hökümetine ýakyn turkmenportal neşiri “Türkmenistan koronawirusyň girmeginiň öňüni almak boýunça çäreleri güýçlendirýär” atly makalasynda bu ädimiň Bütindünýä Saglyk Guramasynyň rekommendasiýalary esasynda edilendigini belläpdi.

Azat Adalga: Sosial aralyk
please wait

No media source currently available

0:00 0:02:24 0:00

Emma, soňy bilen Federasiýa çempionatyň 19-njy aprelden dowam etdiriljekdigini aýtdy.

Dünýäniň ençeme döwletinde köpçülikleýin, şol sanda sport çäreleriniň ýatyrylýan pursady, türkmen futbolçylary çempionatyň täzeden başladylmagyny “uly üstünlik” hökmünde häsiýetlendirler.

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň websaýtynda Özbegistanyň super ligasynda oýnaýan türkmen futbolçylarynyň çykyşlary ýerleşdirildi. “Maşal” toparynyň oýunçysy Didar Durdyýew: “Futbol boýunça milli çempionatymyzyň dowam etdirilmegi ‘Türkmenistan sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdudyr’ diýlen şygaryň kanunalaýyklykdygyny ýene bir gezek subut etdi. Bu biziň hemmämiz üçin şatlykly habar” diýip, öňe sürdi.

Mundan öň, Bütindünýä saglyk güni mynasybetli hem ýurtda müňlerçe adamyň gatnaşmagynda köpçülikleýin sport çäreleri geçirilipdi.

Türkmen häkimiýetleri dünýäniň tas ähli döwletinde hasaba alnan we bu wirusa ýoluganlaryň sanynyň 2 milliondan aşan wagty, häzirki güne çenli ýurtda koronawirusyň ýüze çykarylmandygyny aýdyp gelýärler. Muňa garamazdan, welaýatlaryň arasynda gatnaw we Aşgabada giriş-çykyş çäklendirildi. Şeýle-de, polisiýanyň wirus barada gürrüň edýänleri ýyganaýandygy barada maglumatlar gowuşýar.

Bu aralykda, halkara habar serişdeleri prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň wirusyň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça geçirilmeli çäreler, şol sanda ýüzärlik tütetmek, 'sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek' baradaky görkezmelerine, şeýle-de onuň şu aýyň başyna çenli 'koronawirus' sözüni agzamakdan gaça durandygyna ünsi çekip, makalalary çap edýärler.

“Türkmenhowaýollarynyň” ýük uçary Stambula gondy

Pandemiýanyň fonunda daşary ýurtlarda, şol sanda Türkiýede galan Türkmenistana dolanmak isleýän türkmen raýatlarynyň türkmen wekilleriniň özlerine hiç hili kömek etmeýändigi baradaky nägilelikli çykyşlarynyň arasynda, 16-njy aprelde Stambula “Türkmenhowaýollaryna” degişli “Ilýuşin” kysymly ýük uçary gelip gondy. 15-nji aprelde Aşgabatdan ugur alan türkmen uçarynyň gatnawyny flightradar24 websaýtyndan yzarlasa bolýar.

Emma, onuň Türkiýeden dolanmak isleýän türkmen raýatlaryny çykarmak maksady bilen gelip-gelmändigini anyklamak başartmady.

Ýatlatsak, geçen aý türkmen häkimiýetleri Türkiýede ýasama arakdan zäherlenip heläk bolan onlarca raýatyny yzyna getirmekden ýüz öwrüpdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG