Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

COVID-19: Eýran çäklendirmeleri gowşadýar. Russiýada tassyklanan koronawirus näsaglarynyň sany artýar


Eýranda meýletin gorag masklaryny dikýän sungat işgärleri.

Dünýäde tassyklanan koronawirus näsaglarynyň sany 2,4 milliondan aşan mahaly, bu wirusdan ölenleriň sany 165 müň adamdan geçdi. Hökümetler täze respirator wirusyň ýaýramagyny haýallatmak synanyşyklaryny dowam etdirýän mahaly, bu çäreler köpçülikleýin bökdençlikleriň döremegine hem getirýär.

Eýran sebitde tassyklanan koronawirus näsaglarynyň sany boýunça birinji orunda dursa-da, şäherara awtoulag ýollaryny we söwda merkezlerini açyp, COVID-19 bilen bagly çäklendirmelerini has-da gowşatdy.

20-nji aprelde güýje giren bu çäre, Eýranyň global pandemiýadan ozal Günbataryň girizen sanksiýalary sebäpli öňden hem gowşan ýurt ykdysadyýetini täzeden başlatmak tagallasydyr.

Resmi sanlara görä, Eýranda tassyklanan koronawirus näsaglarynyň sany 82000-den aşdy we bu keselden 5100-den gowrak adam öldi.

Muňa garamazdan, Eýranyň parlamenti ölenleriň sanynyň iki esse töweregi bolup biljekdigini we tassyklanan koronawirus näsaglarynyň umumy sanynyň ep-esli kemeldilendigini çaklaýar.

Eýranyň "Grand bazarynda" gorag maskaly we enjamly adam.
Eýranyň "Grand bazarynda" gorag maskaly we enjamly adam.

Has gowşak çäklendirmeler "elit" söwda merkezlerini we hatda Tähranyň meşhur “Grand Bazaar” ýaly söwda nokatlaryny öz içine alýar.

Restoranlary we sport zallaryny öz içine alýan beýleki iş ýerleri ýapyklygyna galýar.

Eýranda bu wirusdan ýokary derejeli döwlet resmileriniň keselländigine garamazdan, ilkibada resmiler oňa ýeterlik derejede üns bermediler. Prezident Hassan Rohani, beýleki döwletler ýaly, ýurtda 24 sagatlap petiklemek çärelerini girizmegi ret etdi.

Eýranyň ykdysadyýeti Birleşen Ştatlaryň daşary ýurtlarda çig nebit satuwynyň öňüni alýan berk sanksiýalary sebäpli kynçylyk çekýär. Ýurduň ykdysadyýetinde işsizligiň 20 göterimi we inflýasiýanyň 40 göterimi hasaba alyndy.

Russiýa

Russiýanyň saglygy goraýyş ministri hökümetiň käbir çäklendirmeleriniň koronawirus bilen keselleýänleriň sanynyň ösüş depginini peseltmäge kömek edýändigini aýdan hem bolsa, ýurtda bu wirus bilen kesellänleriň sanynda ýene-de bir artyş boldy.

Ministr Mihail Muraşkonyň 20-nji aprelde döwlet telewideniýesinde eden bu çykyşy, prezident Wladimir Putiniň ýurtda koronawirus bilen bagly ýagdaýyň "doly gözegçilik astyndadygyny" yglan etmeginden bir gün soňa gabat geldi.

Rus hökümetiniň wirusa garşy göreşýän iş topary soňky bir günde täze koronawirus näsaglarynyň sanynyň 4200-den gowrak artandygyny aýdyp, olaryň umumy sanynyň 47121 adama ýetendigini mälim etdi. 20-nji aprelde Russiýada bu wirusdan ölenleriň jemi sany 405 adama ýetdi.

Sanlaryň yzygiderli ýokarlanmagy, Russiýanyň koronawirusyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin irki we agressiw çärelerine, şol sanda wirusyň ilkinji peýda bolan ýeri Hytaý bilen döwlet serhedini ýapmagyna garamazdan, dowam edýär.

Emma hökümet sosial aralygy saklamak baradaky görkezmeleri girizmek, söwda kärhanalaryny ýapmak we iş berijileri işgärleriň öýlerinde işlemegine itermek babatynda has haýal hereket etdi.

"Biz sosial aralyk we öz-özüňi izolirlemek çäreleriniň netijelidigini görýäris" diýip, Muraşko "Rossia-24" telekanalyna beren interwýusynda aýtdy.

Mundan bir gün öň, prawoslaw pasha baýramy mynasybetli ýazga alnan wideo çykyşynda Putin ruslary hökümetiň bu keseliň ýaýramagynyň öňüni almakda üstünlik gazanýandygyna ynandyrmaga synanyşdy.

"Hökümetiň ähli şahalary sazlaşykly, jogapkärçilikli we tertipli işleýär. Ýagdaý doly gözegçilik astynda" diýip, Putin aýtdy.

Özbegistan

Özbegistan koronawirusyň ýaýramagynyň depgini gowşatmak boýunça çärelerini ýene üç hepde uzaldýar, şol bir wagtda-da käbir çäklendirmelerini gowşadýar.

Adalat ministrliginiň beýanatyna görä, 20-nji aprelde tamamlanmagyna garaşylan käbir çäklendirmeler 10-njy maýa çenli dowam eder.

Beýanata görä, indi azyk önümlerine degişli bolmadyk harytlary mobil nokatlary arkaly satmaga rugsat berler. 24-nji martdan bäri özbek paýtagty Daşkentde we onuň golaýyndaky etraplarda azyk önümlerine degişli bolmadyk harytlary satýan dükanlaryň ählisi ýapyklygyna galýar.

​Şeýle-de, häkimiýetler pensiýalary nagt bolmadyk görnüşde bank kartlaryna geçirmek we dokumentlere elektron görnüşde gol çekmek sistemasyny girizmek hakynda karar çykardy.

Girizilen täze düzgünleriň birine görä, taksi sürüjileriň we ulagly kireý etmäge lisenziýasy bolan sürüjileriň ýolagçy gatnatmagyna rugsat berilýär, emma olardan ýüzüne maska dakynmak, ellik geýmek we goragly geýimli bolmak talap edilýär.

Resmi beýanatda koronawirus bilen bagly çäklendirmeler sebäpli Özbegistanda galan daşary ýurtlularyň wizasynyň 1-nji iýuna çenli uzaldylýandygy hem aýdylýar.

Resmi maglumatlara görä, Özbegistanda COVID-19 bilen kesellänleriň sany 20-nji aprelde 1565 adama ýetipdir.

Gazagystan

Goňşy Gazagystanda 20-nji aprelden başlap ähli senagat desgalary, gurluşyk kärhanalary, transport we ammar amallary, awtoulag hyzmatlary, elektron enjamlaryny abatlaýyş nokatlary, käbir banklar we notarius edaralary öz işini dowam etdirip bilerler.

Koronawirus global pandemiýasy sebäpli Gazagystan 30-njy aprele çenli ýurtda adatdan daşary ýagdaýy girizipdi.

Gazak saglygy goraýyş resmileriniň 20-nji aprelde beren maglumatyna görä, ýurtda koronawirus näsaglarynyň sany 1757 adama ýetdi we bu wirusdan 19 adam heläk boldy.

Gyrgyzystan/Täjigistan/Türkmenistan

20-nji aprelde Gyrgyzystanda wirus bilen kesellän adamlaryň sanynyň 20568 adama ýetendigi tassyklandy we ondan ýedi adam heläk boldy.

Türkmenistan we Täjigistan koronawirus bilen kesellän adamlaryň hasaba alynmandygyny aýdyp gelýärler. Ýöne ekspertler bu ýurtlaryň hökümetlerinde aç-açanlygyň we garaşsyz metbugatyň ýokdugyny aýdyp, türkmen we täjik häkimiýetleriniň öňe sürmelerine şübheli garaýarlar.

Bu iki ýurt ýaňy-ýakynda milli futbol ligalarynyň ýaryşlaryna täzeden başlamak bilen, krizis döwründe sport çärelerini togtatmagyň global tendensiýasyna garşy hereket etdiler.

Täjigistan futbol möwsümine ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçirilen oýunlar bilen başlady. Şol bir wagtda, Türkmenistan ýurduň ýokary ligasy üçin hepdäniň ahyrynda stadionlary açdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG