Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

COVID-19: Türkmenistanda köpçülikleýin çäreler dowam etdirilýär; okuwçylara ‘karantine ugratmak’ haýbatlary atylýar


Türkmen futbolçylary (arhiw suraty)
  • Dünýädäki koronawirus pandemiýasynyň fonunda Türkmenistan köpçülikleýin sport çärelerini, şol sanda futbol boýunça ýurduň çempionatyny dowam etdirýär.
  • Bedew baýramyny hem mejbury-meýletin ýagdaýda köpçülikleýin häsiýetde bellemegi göz öňünde tutýan türkmen häkimiýetleri dabaralara gatnaşdyryljak adamlardan saglyk kepilnamasyny talap edýärler.
  • Aşgabatda mekdep mugallymlary okuwçylaryň saglyk ýagdaýlaryndan şikaýat etseler, olaryň ‘dessine karantine ugradyljakdygy’ bilen haýbat atýarlar.
  • Saglyk işgärleri wirusy ýüze çykarmak üçin test-enjamlarynyň ýetmezçilik edýändiginden şikaýat edýärler.
  • Türkmen resmileri wirus bilen bagly ýagdaýlaryň hasaba alynmandygyny aýdýarlar.

Futbol we beýleki sport bäsleşikleri dowam etdirilýär

Geçen dynç günleri, ozal koronawirus pandemiýasynyň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen, şeýle-de Bütindünýä Saglyk Guramasynyň rekommendasiýalary esasynda ýatyrylandygy aýdylan Türkmenistanyň futbol boýunça çempionaty täzeden başladyldy.

Türkmenistanyň futbol boýunça federasiýasynyň maglumatyna görä, 19-njy aprelde ýokary liganyň futbol klublarynyň ýaşlar düzümleriniň gatnaşmagyndaky ýurduň birinjiliginiň dördünji tapgyrynyň duşuşyklary geçirilipdir.

Dünýäde ölüm howply wirusyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin sport duşuşyklarynyň ýatyrylan, şol sanda tomusky Olimpiýa oýunlarynyň hem yza süýşürilen pursady, Türkmenistanda futbol bilen birlikde, beýleki sport bäsleşikleri hem dowam etdirilýär.

Türkmen metbugaty bularyň ilatyň arasynda “sporty giňden ýaýratmak” üçin geçirilýändigini habar berýär.

“Watan” gazetiniň 18-nji apreldäki sanynda bellenişi ýaly, ýakynda paýtagtdaky “Aşgabat” stadionynda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň guramagynda sport ýaryşlary hem-de Aşgabat şäher sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň sport mekdepleriniň ýaş türgenleriniň ýerine ýetirmeginde görkezme çykyşlary gurnalypdyr.

“Neýtralnyý Türkmenistan” gazeti 15-nji apreldäki sanynda Türkmenabatda Lebap welaýatynyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň sportuň milli görnüşleri boýunça bäsleşikleri gurnandygyny habar berdi.

Bellesek, Bütindünýa Saglyk Guramasy koronawirusdan goranmak üçin berýän rekommendasiýalarynda adamlaryň arasynda sosial aralygyň saklanmagyny maslahat berýär.

Mejbury-meýletin Bedew baýramy

Bu aralykda, türkmen häkimiýetleri apreliň iň soňky ýekşenbe güni bellenilýän Bedew baýramyny hem döwlet işgärlerini mejbury ýagdaýda gatnaşdyryp, ony köpçülikleýin görnüşde bellemegi planlaşdyrýarlar.

Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçylary we çeşmeleri munuň bilen baglylykda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenabata gelmegine garaşylýandygy, bu sebäpli çärelere gatnaşdyryljak adamlaryň medisina barlagyndan geçmeli edilendigi we şäherdäki howpsuzlygyň güýçlendirilendigini habar berýärler.

“Bedew baýramy mynasybetli geçiriljek dabaralara welaýatyň ähli etraplaryndan mekdep okuwçylary, ýaşulular we býujet, şol sanda saglyk işgärleri hem gatnaşdyrylýar. Sanawa düşen adamlar öz hasaplaryna rentgenden geçmeli we ganlaryny barlatmaly” diýip, Lebapdaky habarçylarymyzyň biri anonimlik ýagdaýynda 20-nji aprelde gürrüň berdi.

“Lebap welaýatynyň köp ugurly hassahanasynyň tas ähli işgärini çärelere gatnaşdyrjak bolýarlar. Her bölümden üç adam, esasan ýaşlar, aýlawda geçiriljek dabara çekiler, beýlekiler bolsa ýoluň ugry boýunça durarlar” diýip, bu ýagdaýlardan habarly atlandyrylmasyzlygyny soran türkmenabatly bir çeşmämiz gürrüň berdi.

Mundan başga-da, mekdep we medisina işgärleri mejbury ýagdaýda arassaçylyk işlerine gatnaşdyrylýarlar. Olar köçeler bilen birlikde, at ýataklaryny hem arassalamaly bolýarlar diýip, habarçymyz belledi.

“Türkmenabatda öýsüz-it pişikler ýok edilýär. Şeýle-de, narkologiýa hasabatynda duran adamlar şäherden ýygnalýar” diýip, Azatlygyň habarçysy gürrüň berdi.

Lebap welaýatynyň merkezi şäherinde alnyp barylýan güýçli depgindäki taýýarlyklaryň fonunda, Berdimuhamedowyň Bedew baýramyna gabatlap, Türkmenabada gelip-gelmejekdigini resmi çeşmelere tassyklatmak başartmady.

“Saglygyňdan şikaýat etseň, karantine ugradylarsyň”

Türkmen häkimiýetleriniň koronawirus pandemiýasy barada ilatyň arasyndaky gürrüňleri sem etmäge synanyşýan pursady, mekdep mugallymlary okuwçylara özleriniň saglyk ýagdaýyndan şikaýat edäýsler, onda olaryň “dessine karantine ugradyljakdygy” bilen haýbat atyp başladylar.

“Çagam mekdepde mugallymlarynyň: ‘Eger-de, kimdir-biri saglygyňyz bilen gyzyklansa, onda ähli zat gowy diýip, jogap beriň. Bolmasa-da, sizi dessine karantine ugradarys’ diýip, gorkuzyp goýberipdirler” diýip, aşgabatly bir ene gürrüň berdi. Azatlyk howpsuzlyk aladalary sebäpli, bu ýagdaýyň jikme-jiklerini agzamakdan saklanýar.

Mundan başga-da, Aşgabadyň ähli mekdeplerinde günüň ilkinji sapagynda, Berdimuhamedowyň kitaplaryndaky maglumatlara esaslanyp, saglyk barada gürrüň etmek tabşyryldy.

“Mugallymlar eýýäm konspektleri ýöredip başladylar. Olar okuwçylara dürli ösümlikler, şol sanda ýüzärlik barada hem gürrüň berýärler. Munuň netijesinde, beýleki dersler boýunça berilýän maglumatlar çäklendirilýär” diýip, atlandyrylmasyzlygyny soran bilim işgäri gürrüň berdi.

Bu aralykda, paýtagtyň çagalar baglarynda terbiýeçiler we enekeler dynç günleri hem işe çykarylyp, dizinfeksiýa işlerine çekilýärler. Olaryň, goşmaça töleg edilmezden, otaglary hlor bilen ýuwmaga mejbur edilýändigini hem çeşmämiz gürrüň berdi.

“Gündelik 60 test”

Azatlygyň Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligindäki çeşme häzir tutuş ýurtda koronawirusy anyklamak boýunça gündelik 60 testiň geçirilýändigini aýtdy. Ol ýöriteleşdirilen gorag lybaslarynyň hem diňe 40 sanysynyň bardygyny gürrüň berdi.

Şol bir wagtda, koronawirusa ýolugandygyndan howatyr edýän raýatlaryň özlerini adaty ýagdaýda barladyp bilmeýändikleri, munuň üçin lukmanlara goşmaça töleg etmeli bolýandyklary bellenilýar.

“Ýaşuly bir goňşym on gün bäri üsgürýär. Ol wirusa ýolugandygyndan howatyr edýändigini, muny öýündäki beýleki maşgala agzalaryna ýokuşdyrmakdan gorkýandygyny aýdyp, poliklinika ýüz tutdy. Lukman wirusy agzamagyň gadagan edilendigini aýdypdyr. Goňşym goşmaça näresmi töleg edip, özüni barlatdy. Onda wirus tapylmady” diýip, aşgabatly bir çeşmämiz maglumat berdi.

Türkmen häkimiýetleri dünýäniň tas ähli döwletinde hasaba alnan we bu wirusa ýoluganlaryň sanynyň 2 million 400 müňden aşan wagty, häzirki güne çenli ýurtda koronawirusyň ýüze çykarylmandygyny aýdyp gelýärler. Muňa garamazdan, welaýatlaryň arasynda gatnaw we Aşgabada giriş-çykyş çäklendirildi. Şeýle-de, polisiýanyň wirus barada gürrüň edýänleri ýygnaýandygy barada maglumatlar gowuşýar.

Teswirleri gör (1)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG