Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

AI: Dünýäde ölüm jezasynyň berilmegi tapgyr dördünji ýyl azalyp, soňky onýyllykda iň pes derejä düşdi


2018-nji ýylda Eýranda köpçüligiň öňünde amala şyrylýan ölüm jezasynda aglaýan bir aýal.
2018-nji ýylda Eýranda köpçüligiň öňünde amala şyrylýan ölüm jezasynda aglaýan bir aýal.

Dünýäde ölüm jezasynyň berilmegi yzly-yzyna tapgyr dördünji ýyl azaldy we soňky onýyllykda iň pes derejä düşdi diýlip, Amnesty International (AI) guramasynyň täze hasabatynda aýdylýar.

Guramanyň dünýäde ölüm jezalarynyň berilmegi we jezalandyryp öldürmeler barada 21-nji aprelde çap eden ýyllyk hasabatyna görä, 2019-njy ýylda dünýä derejesinde ölüm jezasyna höküm edilenleriň sany 657 adama düşdi. Bu san 2018-nji ýyldakydan 33 adam azdyr.

“Ölüm jezasy ýigrenji we adamkärçiliksiz jeza, munuň jenaýaty, türme tussaglygyna garanda, has köp saklanýandygyna hiç hili ygtybarly subutnama ýok" diýip, Amnesty International guramasynyň gözleg, gorag we syýasat boýunça baş müdiri Clare Algar aýtdy.

Muňa garamazdan, adam hukuklaryny gorap çykyş edýän gurama ölüm jezasy barada maglumat bermekde aç-açanlygyň bolmazlygynyň hakyky sanlaryň has köp bolup biljekdigini aňladýar hem diýdi.

Bu sanlar, mysal üçin, dünýäde iň ökde jezalandyryjy hasaplanýan Hytaýda berlen ölüm jezalaryny öz içine almaýar. Bu ýurtda jezalandyrylanlaryň sany toparlara bölünýär, ýöne olaryň sanynyň müňlerçedigine ynanylýar.

Hasabata görä, geçen ýyl Eýran (azyndan 251), Saud Arabystany (184), Yrak (azyndan 100) we Müsür (azyndan 32) dünýäde ölüm jezasyny iň köp beren ilkinji dört ýurt boldy.

Eýranda ölüm jezasynyň ulanylmagy taryhdaky iň pes derejä düşen mahaly, gurama Eýrany “adalatsyz kazyýet işiniň yzýany, köp sanly jynsy zorluk aýyplamalarynda” tussag edilen we höküm edilen 15 ýaşly iki oglanyň gizlin jezalandyrylyp öldürilmegi bilen bagly ýazgardy.

"Ölüm jezalary bütin dünýäde gizlinlikde amala aşyrylýar. Belarusdan Botswana, Eýrandan Ýaponiýa çenli aralykdaky ýurtlarda ölüm jezasy maşgalalara, aklawçylara ýa-da käbir halatlarda şahsyýetleriň özlerine öňünden duýdurmazdan amala aşyrylýar" diýip, Algar belledi.

Gazagystan, Russiýa we Täjigistan ölüm jezasyna girizilen resmi moratoriýleri berjaý etmegi dowam etdiren ýurtlaryň hatarynda boldular diýlip, hasabatda bellenilýär.

2019-njy ýylda Owganystanda, 2010-njy ýyldan bäri ilkinji gezek, hiç kime ölüm jezasy berilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG