Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

COVID-19 we Türkmenistan: Amyderýanyň suwy we balygy gadagan edildi, arassaçylyk serişdeleri üçin pul toplanýar


Türkmenabat (arhiw suraty)
Türkmenabat (arhiw suraty)

Lebap welaýatynyň häkimiýetleri Amyderýanyň suwuny ulanmagy we balygyny tutmagy gadagan etdiler. Üstesine, regionyň saglyk edaralarynda okuw jaýlary üçin arassaçylyk serişdelerine işgärlerden pul toplamak ýola goýuldy. Aşgabatda bolsa, ilat seýil baglara goýberilmeýär. Bu barada Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary maglumat berýärler.

Lebapda ilata Amyderýanyň suwuny ulanmak, balygyny tutmak, şeýle-de sebitde guşlary awlap iýmek gadagan edildi. Habarçylarymyz ýerli balykçylaryň tutulmagyna, olaryň ellerinden balygyň we gurallaryň alynmagyna degişli ýagdaýlary habar beýärler.

"Lebabyň tas ähli ýerlerinde Amyderýa degişli ýaplardan suwy ulanmagy gadagan ediler. El ýuwmak, balyk tutmak we hatda sowy mala bermek gadagan. Balykçylary tutýarlar, karantine salýarlar we olaryň tutan balygyny ýakýarlar. Geçirilýän ýygnaklarda ilata balygy we ýabany guşlary iýmegiň gadagançylygy hakynda duýdurýarlar" - diyip habarçymyz 22-nji aprelde habar berdi we ýerli ilata öýlere akdyrylýan suwy gaýnatman içmeli däldigi we bazarlardan balyk satyn almaly däldigini hem duýdurylýar.

Habarçymyzyň sözlerine görä, ýerli resmiler bu gadagançylyklaryň anyk sebäbini düşündirmeýärler, emma COVID-19 keseline degişli çäreler bilen baglydygyny aýdýarlar.

Häkimiýetleriň yzly-yzyna gadagançylyk girizip, düşündiriş bermezligi ilat arasynda dürli gürrüňleriň we täsin çaklamalaryň döremegine sebäp bolýar. Amyderýanyň suwunyň we balygynyň gadagançylygy derýanyň joşýan möwsümine gabat geldi.

Bellemeli ýeri, dünýäniň hiç bir ýurdunda COVID-19 keseliniň derýa suwundan we janly-jandaryndan geçmesine degişli ýagdaýlar bolmady.

Häzirki wagtda Türkmenabadyň saglyk edaralarynda wirusa garşy dermanlary we arassaçylyk serişdeleri üçin işgärlerden pul toplanýar.

Habarçymyz käbir saglyk edaralaryň işgärlerinden oksolin maz, gulak arassalaýan taýajyklar, öl salfetkalar we antiseptik satyn alyp, golaýdaky mekdeplere we çagalar baglaryna bermek üçin pul talap edilýändigini aýdýar.

Mundan başga, habarçylarymyzyň maglumatyna görä, Lebapda ýokanç keseller üçin niýetlenen hassahana bölümleri giňeldilýär.

"Çärjew etrap hassahanasynda infeksion näsaglar üçin aýratyn bir korpusy gyssagly açdylar. Indi gepatitli we garynagyryly hassalary Çärjew etrap hassahanasyna ýerleşdirip başladylar. Häzirki wagtda çagalaryň garynagyry bilen kesellemegi köpeldi, ýokanç keseller hassahanasy olaryň ählisini kabul edip bilmez" diýip gizlin şerti bilen habarlaşan Lebapdaky çemämiz aýtdy. Onuň sözlerine görä, häzirki wagtda COVID-19 pandemiýasy sebäpli regionyň Ýokanç keseller hassahanasy çagalary kabul etmeýär, şonuň üçin çagalary etrap hassahanasynda ýerleşdirýärler.

Şeýle-de, şu günler Türkmenabatda şäheri abadanlaşdyrmak boýunça işler geçirilýär, esasy üns at aýlawyna berilýär. Ýerli habarçymyzyň aýtmagyna görä, Türkmenabat baýramçylykda at çapyşygyna taýýarlanýar we prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gelmegine garaşýar. ​

"Şu gün häkimlikde ýygnak boldy, prezident at aýlawyna geler diýdiler. Aýlawyň golaýynda doly arassaçylyk geçirilýär" - diýip, habarçymyz 22-nji aprelde aýtdy.

Türkmenistan her ýyl aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Bedew baýramyny belleýär.

Türkmenabatda planlaşdyrylýan baýramçylyk çäreleri barada şäheriň häkimliginden resmi maglumat almak Azatlyga başartmady. Şu ýylyň başynda bäri Türkmenabada birnäçe gezek sapar eden prezident Berdimuhamedowyň ozalky saparlaryny hem resmi habar çeşmeleri öňünden mälim etmändi.

Global pandemiýa we köpçülikleýin çäreler. Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi belledi
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:58 0:00

Aşgabatda bolsa, ilat seýil baglara goýberilmeýär.

"Üç aýak - Bitaraplyk ýadygärliginiň ýanyndaky parka goýbermeýärler. Bazar güni Çülä salmadylar. Ýöne restoranlar işleýär", - diýip 22-nji aprelde Azatlyk Radiosy habar berýär we munuň sebäpleriniň ilata düşündirilmeýändigini belleýär.

Häzirki wagtda türkmen hökümetiniň koronawirusyň öňüni almak boýunça görýän çäreleriniň dowamynda ilat hereket azatlygynyň çäklendirilmegine duçar bolýar.

Ýatlatsak, türkmen häkimiýetleri ilaty global pandemiýa we ýurduň içindäki hakyky ýagdaýlardan bihabar saklamagyny dowam etdirýärler. Gyrgynçylykly COVID-19 keseliniň dünýä ýaýrap başlamagynyň başyndan bäri türkmen hökümeti ne öz raýatlaryna, ne-de haklara jemgyýetine anyk maglumat berýär.

Hut şu sebäpden prezident Gurbanguly Berdimuhamedow "Finanсial Times" neşriniň "Düýeguşlar alýansy" atly sanawyna girdi. 17-nji aprelde çap bolan maglumatda koronawirus howpuny ret edýän dört ýurduň lideri barada habar berilýär. Türkmen prezidenti bilen bilelikde Belarusyň, Braziliýanyň, we Nikaraguanyň liderleri "Düýeguşlar alýansyny" emele getirýärler.

Türkmenistanyň prezidenti ýurtda COVID-19 bilen kesellänleriň sanyny nola getirmek üçin öz bir ýasama usulyny oýlap tapandygyny aýdýar. Jenap Berdimuhamedow üzärlik tütedip "göz bilen görüp bolmaýan" infeksion keselleriň öňüni alyp boljagyny öňe sürýär. Resmiler hökümet edaralaryny, ofisleri, bazarlary, mekdepleri we gonamçylyklary otuň tüssesi bilen günde iki gezek tütedip çykýarlar. Ýogsa-da, bu çäräniň peýdasyna hiç bir ylmy subutnama bolmasa-da, bu Merkezi Aziýa diktaturasynda şol hereketler dowam etdirilýär diýip "Financial Times" neşri belleýär.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG