Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kerkide we Hojambazda 18 ýaşyny dolduran okuwçylara maý aýynda harby gulluga äkidiljekdigi duýduryldy


Illýsutrasiýa suraty
Illýsutrasiýa suraty

Lebap welaýatynyň Kerki we Hojambaz etraplarynda 18 ýaşyny dolduran mekdep okuwçylaryna maý aýynda harby gulluga äkidiljekdigi duýduryldy.

"Şu günler Hojambazyň we Kerkiniň saglyk komissiýalary 18 ýaşyny dolduran we mekdebi şu ýyl tamamlaýan 11-nji synp okuwçy oglanlary çagyryş boýunça harby gulluga äkitmäge taýýarlyk işlerini ýygjamlaşdyrdylar. Olar okuwçylara mekdep tamamlanmanka, ýagny maý aýynda harby gulluga äkidiljekdiklerini duýdurypdyrlar" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy mekdep okuwçylarynyň we ene-atalaryň ençemesine salgylanyp, 27-nji aprelde gürrüň berdi.

Mundanam başga, etrap resmileri okuwçylara olaryň mekdebi tamamlandyklary baradaky şahadatnamalarynyň harby gullugy tamamlap gelenden soňra ellerine gowşuryljakdygyny hem duýdurypdyrlar.

Azatlyk Radiosyna bu aýdylanlar barada Kerki we Hojambaz etrap häkimliklerinden kommentariý almak başartmady.

Türkmenistanyň orta mekdeplerinde okuw ýyly adatça 25-nji maýda uly dabara bilen tamamlanýar. Gutardyş synaglarynyň soňkusy bolsa, 7-nji iýunda geçirilýär we şol aýyň ahyrynda ýene uly dabara bilen, okuwçylara mekdebi tamamlandyklary hakyndaky şahadatnamalar gowşurylýar.

Eger okuwçy oglanlar maý aýynda harby gulluga alnyp gidilse, onda bu olaryň 2 aý çemesi okuwdan, synaglardan we ýokarda agzalan iki dabaradan mahrum boljakdygyny aňladýar.

Türkmenistanyň "Harby borçlulyk we harby gulluk hakyndaky" kanunynyň 17-nji maddasyna laýyklykda, ýaşy 18-den 27-ä çenli bolan, harby gulluga çagyryşdan boşamak ýa-da çagyryş möhletini yza süýşürmek hukugy bolmadyk erkek raýat harby gulluga çagyrylmaga degişlidir.

Azatlygyň habarçysy soňky iki ýyl bäri welaýatda ýaşlary, mekdebi tamamlamanka, harby gulluga äkitmegiň däbe öwrülendigini, ýöne munuň sebäpleri barada aç-açan resmi düşündirişiň berilmeýändigini aýdýar.

Şeýle-de, ol ene-atalaryň ençemesiniň çagalary mekdebi doly tamamlanýança garaşmagy haýyş edip, resmilere edýän ýüzlenmeleriniň hem netije bermeýändigini belleýär.

"Ene-atalar geçen ýyllarda ýaşlaryň, okuw doly tamamlanmanka, harby gulluga äkidilmegini türkmen häkimiýetleriniň olaryň daşary döwletleriň okuw jaýlaryna gitmekleriniň öňüni almak maksady bilen oýlap tapan çäreleriniň biridi diýip çaklaýardylar. Emma olar şu ýyl dünýäde karantin diýip, çagalarynyň näme sebäpden mekdep tamamlanmanka harby gulluga çagyrylýanyna düşünmeýärler" diýip, habarçy aýtdy.

Şeýle-de, ol ýurtda azyk krizisiniň ýitileşen wagtynda, lebaply ene-atalaryň harby gulluga äkidiljek ogluny azyk bilen üpjün etmek meselesini alada edýändiklerini hem sözüniň üstüne goşdy.

Raýatlary harby gulluga çagyrmak çäreleri Türkmenistanyň prezidentiniň namalary esasynda ýylda iki gezek - 1-nji aprelden 30-njy iýuna çenli hem-de 1-nji oktýabrdan 31-nji dekabra çenli aralykda geçirilýär.

14-nji martda Türkmenistanda nobatdaky çagyryş möwsümi başlady.

Soňky iki ýyl çemesi wagtyň dowamynda türkmen häkimiýetleri raýatlary, mekdebi ýa-da ýokary okuwy tamamlamazdan, goşun gullugyna çekmek çärelerini güýçlendirdiler.

Geçen ýylyň iýun aýynyň başynda Aşgabadyň häkimiýetleriniň orta mekdebi tamamlaýan 18 ýaşly okuwçylary mekdepden harby gulluga çagyrýandygyny, Azatlyk Radiosynyň habarçylary habar beripdiler.

Şonda Aşgabadyň harby wekilliginiň işgärleriniň harby gulluga ýaşy ýeten okuwçylary çagyryş möwsümine ýetişdirmek üçin mugallymlary gyssap, gysga wagtyň içinde degişli okuwçylaryň ähli bahalarynyň goýulmagyny talap edýändigi mälim bolupdy.

Bu wakadan üç hepde çemesi soň, Aşgabadyň orta mekdeplerinde onlarça oglanyň okuwy tamamlaýan ýaşlar üçin niýetlenip geçirilen gutardyş şahadatnamalaryny almak dabaralaryna gatnaşyp bilmändigi habar berildi.

2019-njy ýylyň maýynda bolsa, daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlarynda bilim alýan türkmenistanly studentleriň ençemesiniň Aşgabada dolanan güni, paýtagtyň halkara aeroportundan göni çagyryş boýunça harby gulluga ugradylandygy barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary we garaşsyz neşirler habar berdiler.

Geçen ýylyň fewralynda bolsa, Lebapda we Aşgabatda harby gulluga çagyrylmaly raýatlaryň medisina barlaglarynda saglyk komissiýalarynyň gulluga ýarawsyz raýatlar üçin hem “ýarawly” diýip netije çykarýandyklary habar berildi. Şol ýylyň iýulynda bolsa, harby gulluga alnan ýarawsyz ýaşlaryň gysga wagtda keselhana düşýändigi barada habarlar peýda bolupdy.

Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri bu çäreler barada habar bermeýärler. Ýöne Azatlyk Radiosynyň habarçylary we synçylaryň ençemesi bularyň sebäpleriniň birini "goşunyň hatarynda esger ýetmezçiligi" bilen düşündirýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG