Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Bu keseliň iň elhenç tarapy – adam ýekelikde ýogalýar”


Aýnura Aýtuwarowa
Aýnura Aýtuwarowa

Asly Gyrgyzystandan bolan Aýnura Aýtuwarowa ABŞ-yň Ogaýo ştatyndaky Betheda North Hospital laboratoriýasynda işleýär. Onuň borjuna girýän iş näsaglardan barlag üçin analiz almak, häzirki günlerde ol koronawirus infeksiýasy bilen keselländigine şübhe bildirilýän adamlardan gerekli analizi alýar.

Işe girişmezden öňinçä, Aýnura Aýtuwarowa ýadro meýdanyna girýän ýaly geýinýär, onuň teninde ýekeje santimetr hem açyk ýeri galmaly däl, hiç bir bakteriýa geçirmeýän ýörite forma, onuň üstünden dermanlanan ýektaý, agyz-burnunda maska, gözünde äýnek, ýene-de ýüzüni örtüp duran ýagty aýna bar. Şol taýýarlykdan soň ol koronawirus ýokuşandygy güman edilýän näsagdan analiz alamaga ugraýar.

Beýle işgärlere ABŞ-da “frontlaýner” diýilýär, bu öň hatarda “duşman” bilen ýüzbe-ýüz durmagy aňladýar.

Aýnura Aýtuwarowa bu hospitalda 16 ýyldan gowrak işläp gelýär. Gyrgyzystanyň uniwersitetiniň öňki mugallymasy Amerika gelip, hünärini üýtgetdi hem Sinsinnati şäherindäki medisina kollejini gutardy.

– Biz owaly bilen burun boşlugyndan analiz alýas, soňra näsagyň ganyny alýas. Birinji analiziň netijesi derrew aýan bolýar, ýöne keseliň hakykatdanam bar ýa-da ýokdugy üçin ganyň analizine garaşýas, bu azyndan üç gün talap edýär. Her günde biz 280-300 adamdan analiz alyp bilýäs. Doktorlaryň talabyna görä, bu analizler näsag keselhanadan çykýança dowam edýär – diýip, Aýnura Aýtuwarowa öz işi barada aýdýar.

Ogaýonyň ilatly 11 million adam bolansoň, beýleki ştatlara garanda, koronawirus beýle bir köp ýaýramadyk. Şeýle-de bolsa, geçen hepdäniň başyna çenli ol ýerde COVID-19 wirusy ýolugan 11 600 adam hasaba alnyp, olardan 470 adam aradan çykdy.

“Wirusa ýoluganlaryň köpüsiniň gyzgyny ýüzugra ýokarlanýar. Şonda näsag janyna jaý tapman başlaýar, huşuny ýitirýär. Näsagyň gyzgyny köplenç 39-40 gradus aralygynda bolýar. Şol wagtda-da gury üsgülewük başlanýar, dem alşy kynlaşýar. Käbirlerinde öýken çişme emele gelýär. Kim agyr halda keselhana düşen bolsa, biz ony ýüzugra emeli dem alyş apparatyna goýýarys” diýip, Aýnura Aýtuwarowa gürrüň berýär.

Onuň aýtmagyna görä, ýagdaýy gowulaşan adamlary öýüne goýberýärler, ýöne gyzgyny aşaklamasa, ýene keselhanada galýar.

Uzak wagtlap respirator dakynýandygy üçin, onuň ýüzünde yz galypdyr. Bu bütin dünýädäki wraçlaryň gaýduwsyz göreşiniň alamaty ýaly bolup dur. Onuň gözüniň aşagynda gyzyl reňk emele gelýär. Üstesine-de şeýle gorag eşiginde wagtyň, dem almagyň agyrlaşýandygyny-da ol belleýär. Ýöne medisina işgärleri bu kynçylyklara döz gelip, öz borçlaryny sabyr-kanagat bilen berjaý edýärler.

Aýnura Aýtuwarowanyň sözüne görä, gorag üçin ulanylýan ähli zatlary diňe aýratyn bölünip goýlan ýerde hem-de berk görkezme esasynda çykarmak mümkin. Beýle gorag eşikleriniň öz Gyrgyzystanynda medisina işgärleri üçin gereginçe ýeterlik däldigine ol gynanç bildirýär.

Medisina işgärlerine bu keselden aradan çykýanlary görmek agyr ruhy synag bolýar. Beýleki kärdeşleri ýaly, Aýnura Aýtuwarowa hem näsaglaryň her biri bilen başardygyça mylakatly bolmaga çalyşýar hem olary ruhy taýdan goldaýar. Sebäbi COVID-19 näsaglaryň hossarlaryny keselhana goýbermeýärler.

– Golaýda 78 ýaly bir aýal ýogaldy. Soňky üç gününde ol örän agyr gynaldy, 4-nji güni bolsa ýogaldy. Onuň iki gyzy bar eken, olara hoşlaşmaga mümkinçilik bolmady. Bu meni gaty gynandyrdy. Ol aýal “gyzlaryma sag bol aýtjakdym” diýip jan berdi. Bu keseliň iň elhenç tarapy – adam ýekelikde ýogalýar, golaýynda hossary bolup bilmeýär. Muny görüp men bozuldym hem agladym.

ABŞ-yň beýleki ştatlarynda bolşy ýaly, Ogaýoda hem koronawirusdan ýogalanlaryň jesedini hossarlaryna bermeýärler. Häzirki wagtda ABŞ COVID-19 wirusyna ýoluganlaryň sany hem bu keselden ölenleriň mukdary boýunça dünýäde iň ýokary orunda.

Sekiz sagatlyk iş wagty tamamlanandan soň, Aýnura Aýtuwarowa özünde güýç-kuwwat galmaýandygyny, hatda maşgalasy bilen gepleşmäge-de ýaramaýandygyny aýdýar. Işden gelip, ol belli wagta çenli gapylaryndaky ýerde gezelenç edip, özüni dürsemek isleýär. Şol pursatda ol Hudaýy çagyryp, doga-dileg edýändigini boýun alýar.

Şol wagtyň özünde ol doktorlaryň işinde gowy pursatlaryň hem bolýandygyny aýdýar. Medikler aýratynam näsag dertden gutulyp, keselhanadan çykanynda begenýärler. Munuň özi medisina işgärlerinde öz işlerine bolan ynamy döredýär hem güýç beren ýaly bolýar.

ABŞ-da näsagyň keselhanadan çykmagy özboluşly bir däp bilen bellenýär. Medisina işgärleri sagalyp öýüne goýberilýän adamyň başyna ýasama täç geýdirýärler hem el çarpyp: “Sen koronawirusy ýeňdiň!” diýip gutlaýarlar. Öz gezeginde keselhanada ýatan näsaglaryň hossarlary hem her gün agşam gelip, keselhana jaýynda aýdym aýdýarlar, şeýdip, näsaglara raýdaşlygyny bildirýärler.

Aýnura Aýtuwarowa üçin Amerika ikinji watana öwrüldi, ol bu ýurtda döredilen Kyrgyz USA Community toparynyň işine-de aktiw gatnaşýar. Ogaýo ştatynda müňden gowrak gyrgyzystanly ýaşaýar. Koronawirus infeksiýasy ýaýraly bäri olaryň hiç biri СОVID-19 wirusy bilen hasaba alynmandyr.

Material AÝ/AR-nyň Gyrgyz gullugy tarapyndan taýýarlandy.

XS
SM
MD
LG