Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BSG-niň ýewropaly resmileri Türkmenistanda COVID-19 keseline degişli ýagdaýy öwrener


Keselhana, Türkmenistan
Keselhana, Türkmenistan

Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň ýurtda COVID-19 keseliniň ýokdugy barada ýene çykyş edip, kesellänleri anyklamak boýunça çäreleri geçirýän we koronawirus barada gepleýänleri yzarlaýan wagtynda BSG-niň ýewropaly ekspertler topary Türkmenistana sapar eder. Bu barada BSG-niň Ýewropa regiony boýunça edarasynyň müdiri Hans Klýuge 23-nji aprelde Twitter ulgamynda habar berdi.

BSG-niň Ýewropa regiony boýunça edarasynyň müdiri Hans Klýugeniň maglumatyna görä, sapara ýakyn günlerde garaşylýar. Emma onuň takyk wagty görkezilmeýär.

"Täjigistanyň we Türkmenistanyň daşary işler ministrlikleri WHO_Europe #COVID19 #UHC tehniki toparlaryň Merkezi Aziýada # COVID19 missiýasy bilen baglylykda ýakyn günlerde boljak wizitlerini makullaýarlar" diýlip, Hans Klýugeniň maglumatynda aýdylýar.

BSG-niň missiýasynyň Türkmenistana etjek sapary baradaky habar türkmen resmileriniň ýurtda COVID-19 keseliniň ýokdugyny aýdyp, eden çykyşyna gabat geldi.

23-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow ýurtda COVID-19 bilen hasaba alnan ýagdaýlaryň ýokdugyny aýtdy.

«Biz hiç zady ýaşyrmaýarys», diýip Meredow BMG-niň wekilleri bilen geçirilen brifingde aýtdy we resmi sanlaryň hakykata gabay gelýändigini nygtady.

Ýurtda koronawirusyň bolmagyny ret edýän türkmen häkimiýetleri, şol bir wagtda-da ilatyň saglyk ýagdaýyny barlamak boýunça çäreleri geçirýärler, emma munuň netijeleri barada köpçülige habar bermeýärler.

Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylary şu günler paýtagtyň orta mekdeplerinde okuwçylaryň COVID-19 keseline barlanýandygyny habar berýärler.

"Şu gün mekdeplerde lukmanlar okuwçylary barladylar. Ähli okuwçylar saglyk barlagyndan geçýär. Кlaslarda lukmanlar üçin otaglary döretdiler. Oňa bir-birden girýärler, çaganyň gözleri, derisi, gulaklary, bokurdagy we burny barlanýar. Bu okuwçylaryň saglyk ýagdaýynyň hökmany barlagy diýýärler" diýip, Aşgabatdaky habarçymyz 24-nji aprelde aýtdy.

Habarçylarymyzyň sözlerine görä, saglyk barlaglary Aşgabadyň ähli orta mekdeplerinde we çagalar baglarynda geçirilýär. Saglyk barlaglarynyň guramaçylygyna we alnyp barylyşyna Saglygy saklaýyş ministrliginiň wekilleri gözegçilik edýärler.

"Lukmanlaryň üstünde gözegçileri goýdular. Olar barlagdan hemmesiniň geçmegine, lukmanlaryň ýerlerinde bolmagyna gözegçilik edýärler. Olar Saglygy saklaýyş ministrliginden" diýip, habarçymyz aýdýar.

Türkmen ýolbaşçylary ýurtda koronawirusyň ýokdugy barada aýdýarka, ilata bu keseliň hatda adyny agzamak hem gadagan edilýär. Koronawirus barada geplemek lukmanlara gadagan edildi, adaty raýatlary köpçülikde COVID-19 agzandygy üçin yzarlaýarlar, tussag edýärler. Üstesine, mekdep okuwçylaryna saglygyndan şikaýat etmeli däldigi duýdurylýar. Şol bir wagtda-da, Türkmenistanyň häkimiýetleri ilaty koronawirusa garşy göreş üçin maddy goşant goşmaga mejbur edýärler. Okuwçylar arassaçylyk serişdelerini öz ýanlary bilen alyp barýarlar, mugallymlar we lukmanlar pul tabşyrýarlar.

Ýurt içinde COVID-19 keselini ret edýän türkmen ýolbaşçylary indi öz tejribelerini dünýä paýlamaga isleg bildirýärler.

"Türkmenistan BMG-niň howandarlygynda dünýä ykdysadyýetini dikeltmek üçin öz tejribesini paýlaşmaga taýýar" diýip, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 22-nji aprelde BMG-niň Baş sekretary Antoniu Gutteriş bilen dünýädäki COVID-19 pandemiýasy barada geçiren telefon söhbetdeşliginde aýdypdyr. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar gullugy habar berdi.

BSG-niň Ýewropa regiony boýunça edarasynyň missiýasy Türkmenistan bilen bir wagtda Täjigistana hem sapar eder.

Türkmenistan we Täjigistan dünýäde COVID-19 keseliniň öz territoriýasynda ýokdugyny aýdýan sanlyja ýurtlaryň arasyna girýär.

Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon öz ýurdunda bu keseliň hasaba alynmandygyny aýdýar. Üstesine, Rahmon täjikleriň arassaçyldygynyň COVID-e ýol bermejegini belleýär.

Media maglumatlaryna görä, BSG-niň ýewropaly bilermenleriniň Täjigistana we Türkmenistana etjek saparynyň jemleri boýunça brifing geçirmegine we ýagdaýa degişli maglumat bermegine garaşylýar.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG