Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistan: 17 ýaşly Zohirany ýekegapan öldürdi. Oba ýaşaýjylary ýabany haýwanlardan goranmagyň çäresini tapmaýarlar


Jojuklaryny alyp barýan mekejin

Täjigistanyň gündogaryndaky Nurabat raýonynyň ýaşaýjylary 17 ýaşly gyzy ýekegapan öldürenden soň, köp wagt geçse-de, hökümetleriň muňa garşy çäre görmeýändigine närazylyk bildirýärler. Hökümetler ýabany haýwanlaryň adama edýän hüjümine garşy hiç bir çäre görmän gelýär.

Mujiharf oba şurasyna degişli Çepak obasyndan bolan 17ýaşly Zohira Tawakkal ýekegapanyň salan ýarasyndan jan berdi. Şol ýagyşly gün Zohira öz jorasyny görmäge gideninde, ýolda ýabany doňzuň hüjümine duçar bolupdyr diýip, onuň agasy Muminşo Tawakkal Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi. «Onuň jesedini goňşymyz tapyp, ýüzugra bize aýtdy. Wraçlaryň sözüne görä, ýekegapanyň urgusy onuň boýun oňurgasyna düşüpdir. Zohira köp gan ýitirip ýogalypdyr»diýdi.

Nurabat raýon prokuraturasy ýaş gyzyň ýabany doňzuň hüjüminden ölendigini tassyklady.

Muminşo Tawakkalyň aýtmagyna görä, mundan öň hem ýabany doňuzlar oba adamlaryna hüjüm edipdir, ýöne olar ýeňil ýara bilen gutulypdyrlar. Täjigistanda soňky ýyllarda ýabany doňuzlar köpelýärler. Mujiharf mähellesinde işleýän Karomatullo Alyýewiň sözüne görä, ýabany doňuzlaryň hüjümi oba adamlary üçin hakyky howpa öwrülipdir. Doňuzlar azap bilen ýetişdirilen hasyly-da ýok edýärler. Onuň sözüne görä, doňuzlar hiç zatdan – adamdanam, itdenem gorkmaýarlar, olar hatda gyş aýlarynda-da obalara aralaşýarlar.

Nurabat raýonynyň resmileri awçylara hem-de ýerli milisiýa işgärlerine adamlary hem ekini goramak maksady bilen ýekegapan atmaga rugsat beripdir.

Ýatlatsak, mundan dogry bäş ýyl öň ýekegapanyň hüjüminden 10 ýaşly oba gyzy Nargis Saudakbar ýogalypdy. Şol sebitden başga-da iki adam ýabany doňuzlaryň hüjümine duçar bolupdy.

Nurabat raýonynyň tokaý hojalygy bölüminiň işgäri Şomahmad Habibow Mujiharf jülgesinde 400 çemesi ýabany doňzuň ýaşaýandygyny aýdýar. Onuň sözüne görä, geçen ýylyň gyşynda, adatça bolşy ýaly, doňuzlaryň sany birneme azalypdyr, ýöne umumylykda, soňky iki ýylda olar köpelýär. Bilermenleriň aýtmagyna görä, Täjigistanyň daglyk şertlerinde mekejin bir ýylda iki gezek çagalaýar; her gezekde hem 1-den 12 jojuga çenli dogurýar. Resmi maglumata görä, Täjigistanda jemi 12 müň çemesi ýabany doňuz ýaşaýar, ýöne bilermenler onuň resmi görkezijiden has köpdügine ynanýarlar.

Täjigistanda ýabany haýwanlary awlamak berk gadagan edildi. Ýöne hökümetiň kararyna görä, adamlary hem ekini goramak maksady bilen doňuzlary awlamak mümkin. Aslynda adamlar käbir seýrek ýagdaýda bolaýmasa, ýekegapany atmaýarlar, sebäbi onuň etini iýýän ýok. Owganystan bilen serhede golaý ýerde ýaşaýanlaryň ýatlamagyna görä, şol ýere Russiýanyň Serhet goşunynyň soldatlary geleninde, ýerli awçylar doňuz awlap, ony ýa-ha pula satypdyrlar, ýa-da ýangyç bilen çalşypdyrlar.

Şol wagtyň özünde ýabany doňuzlary köpçülikleýin awlamagyň ýaramaz netijelere alyp barmagynyň mümkindigini bilermenler duýdurýarlar.«Ýabany doňuzlar köp ýoklansa, beýleki ýyrtyjy haýwanlaryň; aýratyn-da möjekleriň, şagallaryň, hatda gaplaňlaryň adamlara hem hojalyk mallaryna hüjüm etmegi mümkin. Sebäbi ol haýwanlar ýabany doňzy awlaýarlar. Olaryň awy gutarsa, adamlaryň ýaşaýan ýerinden aw gözlemekleri mümkin»diýip,belli täjik biology Halil Karimow aýdýar.

Ýabany doňuzlaryň hereketi tagaşyksyz bolsa-da, olar örän çalt, suwda hem gowy ýüzüp bilýärler, hatda giň aralygy geçmegi başarýarlar. Olaryň görüş ukyby gowşak; ýabany doňuzlar reňkleri saýgarmaýar, özünden 15 metr daşlykda bolan adamy görüp bilmeýär. Ýöne olaryň ys alyş hem eşidiş ukyby örän güýçli. Ýekegapan aşa hüşgär bolýar, ýöne gorkmaýar. Ýaraly bolsa, gabawa düşse ýa-da çagasyny gorajak bolsa, ol gaty batyrgaý bolup, güýjüni gaýgyrmaýar, olarda iri gyýak – alyn dişi bar.

Soňky ýyllarda Täjigistanyň ilaty daglyk ýerlerde, ýyrtyjy haýwanlaryň ýaşaýan sebitinde-de jaý gurup başladylar. Ýurduň gündogaryndaky ýerli ýaşaýjylaryň aýtmagyna görä, ýabany doňuzlar ekini zaýalaýarlar, kartoşkany köki bilen goparýarlar. Olar toparlanyşyp hüjüm edip, ekin ýerleri “agdar-düňder” edip gidýärler.

Material AÝ/AR-nyň Täjik gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG