Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan BSG missiýasynyň saparyna, harby parada we Eýran bilen serhedinde sanitariýa gözegçiligine taýýarlanýar


Aşgabat
Aşgabat

Türkmenistan COVID-19 keseliniň ýurtdaky ýagdaýyny öwrenmek üçin barjak halkara bilermenlerine garaşýan wagtynda ýokanç keseller hassahanalaryny näsaglardan boşatmagyny dowam etdirýär. Üstesine, häkimiýetler 9-njy maýda Ýeňiş baýramyny harby parad bilen bellemäge we Eýran bilen serhedinde sanitariýa-epidemiologiýa gözegçiligini ýola goýmaga taýýarlanýarlar.

Garaşsyz media serişdeleriniň maglumatlaryna görä, Aşgabadyň ýokanç keseller hassahanasynda saklanýan näsaglar öýlerine goýberilipdir. Mundan öň Türkmenabadyň ýokanç keseller hassahansyndaky karantin birden boşap galypdy.

Çoganlydaky ýokanç keselleriň öňüni alyş merkezinde daşary ýurtlularyň gelmeginiň öňýany ýerleriň 80% boşatdylar, dürli keselli näsaglary öýlerine ugratdylar, diýip garaşsyz Turkmen.news neşri habar berýär.

Neşriň maglumatyna görä, hassalara daşary ýurtly delegasiýanyň gelýändigini aýdyp, olar gidýänçä "öýlerinde ýatmagy" we soň dolanmagy maslahat beripdirler. Şuňa meňzeş ýagdaý paýtagtyň beýleki keselhanalarynyň ýokanç keseller bölümlerinde hem bolupdyr.

27-nji aprelde Azatlygyň Türkmenistandaky çeşmeleri Türkmenabadyň ýokanç keseller hassahanasynda COVID-19 keseli bilen baglylykda üzňelikde saklanan ýüzlerçe adamlyk karantin zonasynyň birden boşap galandygyny habar beripdi.


Synçylaryň bellemegine görä, özünde COVID keseliniň ýokdugyny aýdýan Türkmenistan, şeýle etmek bilen halka bilermenleriniň saparyna taýýarlanýar, sebäbi ýurtda koronawirusa garşy çäreler BSG-niň talaplaryna we rekomendasiýalaryna gabat gelmeýär.

"Türkmenistanyň Hronikasy" neşriniň maglumatyna görä, türkmen häkimiýetleri koronawirus bilen kesellänleri BSG-niň missiýasyndan çetki regionlaryň keselhanalarynda gizlemäge we Türkmenistandaky ýagdaýy bolşundan gowy görkezmäge synanyşýarlar.

BSG-niň missiýasy ýakyn wagtda Türkmenistanda we Täjigistanda koronawirus bilen bagly hakyky ýagdaýy öwrenmek üçin sapary planlaşdyrýar. Saparyň öňüsyrasynda Täjigistan COVID bilen kesellänleriň bardygyny boýun aldy we 15 adamyň hasaba alnandygyny aýtdy.

Şeýlelikde, Türkmenistan öz territoriýasynda keseliň ýokdugyny aýdýan ýeke-täk Merkezi Aziýa ýurdy bolup durýar.

Türkmenistan halkara bilermenleriniň saparyna BSG we BMG-niň beýleki edaralary bilen gepleşik geçirmek we karantinleri ýok etmek bilen çemeleşdi.

Ýatlatsak, 22-nji aprelde Türkmenistanyň saglyk ministri ýurtda 151 adamyň karantinde saklanýandygyny aýdypdy. Şol gün ýurduň daşary işler ministri ýurtda COVID-19 bilen kesellänleriň hasaba alynmandygyny öňe sürdi.

Türkmenistan BSG-niň adamlaryň distansiýa saklamagynyň zerurlygyny nygtamagyna garamazdan, uly üýşmeleňleri we toý-tomaşalary gurnamagyny dowam etdirýär. 9-njy maýda ýurtda Ikinji jahan uruşyndaky ýeňşiň 75 ýyllygyna bagyşlanyp, harby parad we uruş weteranlaryny, urşa gatnaşanlaryň maşgalalaryny we tylda zähmet çekenleri sylaglamak boýunça dabaraly duşuşyklar geçirler.

Bellemeli ýeri, BSG gartaşan adamlaryň COVID keseliniň howpy astyna düşýän esasy topary emele getirýändigini belleýär.

Türkmenistanyň resmileri we habar serişdeleri ilata COVID barada ýeterlik maglumat bermeýärler. Ýurtda keseli agzan lukmanlar, raýatlar yzarlanýar, mekdep okuwçylaryna saglyk problemalary barada geplemek gadagan edilýär. COVID-iň simptomlaryna meňzeş alamatlary bilen keselhana ýüz tutýan raýatlar hasaba alynmaýar.

Adam hukuklaryny goraýjy guramalar ilata hakyky ýagdaý barada maglumat bermegiň hökümetleriň borjudygyny nygtaýarlar.

Türkmenistanyň ýolbaşçylary bolsa halkara jemgyýetçiliginiň COVID-19 garşy göreşini doly goldaýandygyny belleýärler.

Häzirki wagtda türkmen häkimiýetleri Eýran bilen serhedinde transportyň we ýükleriň howpsuz geçmegi üçin sanitariýa epidemiologiýa gözegçiligini ýola goýmak meselesine seredýärler. DIM-niň resmi maglumatyna görä, bu mesele 30-njy aprelde Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşliginde maslahat edilipdir.

Şeýle-de, resmi maglumatda şol gün daşary işler ministri Reşit Meredowyň we ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň orunbasary Dewid Heýliň arasynda telefon gürrüňdeşliginiň bolandygy aýdylýar. Taraplar koronawirus pandemiýasyny hem agzap geçipdir.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG