Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BSG Russiýadan guramanyň Türkmenistana barjak missiýana kömek etmegi sorady. Berdimuhamedow we Rohani pandemiýany maslahatlaşdy


Illýustrasiýa suraty

Türkmen häkimiýetleri ýurtda COVID-19 keseliniň ýokdugyny tekrarlaýan mahaly, Bütindünýä saglyk guramasynyň (BSG) Ýewropadaky regional edarasynyň müdiri Russiýadan guramanyň Türkmenistana we Täjigistana barjak missiýana kömek etmegi sorady. Bu aralykda, Türkmenistanyň we Eýranyň prezidentleri telefon arkaly söhbetdeşlik geçirip, koronawirus pandemiýasy we iki goňşy ýurduň arasyndaky adaty söwda gatnaşyklaryny dikeltmek planlaryny maslahat etdiler.

"REN.TV" neşiriniň 29-njy aprelde çap eden habaryna görä, şol güni BSG-niň Ýewropadaky regional edarasynyň müdiri Hans Klýuge bilen Russiýanyň "Rospotrebnadzor" döwlet edarasynyň başlygy Anna Popowanyň arasynda wideo aragatnaşyk arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda Klýuge Popowadan Täjigistana we Türkmenistana sapar etjek ekspert missiýasyna gatnaşmak üçin rus hünärmenlerini çekmegi sorady.

"Bular [Türkmenistan we Täjigistan] häzire çenli COVID-19 keseli bilen kesellänleri hasaba almadyk ýeke-täk ýurtlardyr" diýip, Klýuge synaglary geçirmek üçin tehniki we syýasy tarapdan Russiýanyň kömeginiň möhümdigini, sebäbi bu ýurtlaryň Moskwany üns bilen diňleýändigini aýtdy.

23-nji aprelde Klýuge Twitterde çap eden maglumatynda BSG-niň ýewropaly bilermenler missiýasynyň COVID-19 bilen bagly ýagdaýy öwrenmek üçin ýakyn wagtda Türkmenistana we Täjigistana barmagy planladşyrýandygyny mälim etdi. Emma saparyň takyk seneleri aýdyňlaşdyrylmady.

"Häzirki ýagdaý meni örän aladalandyrýar. Hususan-da, Täjigistanda pnewmoniýadan, ýagny bagyr-öýken sowuklamasyndan ölýänleriň sany ýokarlanýar" diýip, Klýuge rus tarapyndan Täjigistanyň we Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna BSG-niň COVID-19 keseline garşy göreşmek baradaky tekliplerine üns bermelidigini aýtmagy hem sorady.

Maglumatda Popowanyň çakylyk üçin sagbolsun aýdyp, rus tarapynyň BSG-niň Türkmenistan hem-de Täjigistan babatyndaky aladalaryny paýlaşýandygyny mälim edendigi hem bellenilýär.

BSG-niň wekili bilen rus resmisiniň arasynda bolan bu söhbetdeşlik Türkmenistanyň DIM-niň BSG-niň Ýewropadaky regional edarasynyň müdiri Hans Klýuge bilen onlaýn duşuşyk geçirip, koronawirus pandemiýasy barada gürrüň etmeginden bir gün soňa gabat geldi.

28-nji aprelde TDH söhbetdeşlige gatnaşanlaryň, hususan-da, sanitariýa-epidemiologiýa gözegçiligi boýunça çäreleri güýçlendirmegiň zerurdygy barada nygtandygyny habar berdi.

Bu aralykda, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen onuň eýranly kärdeşi Hassan Rohani telefon arkaly söhbetdeşlik geçirip, koronawirus pandemiýasy barada maslahat etdiler.

Eýranyň media serişdeleri 29-njy aprelde amala aşyrylan bu söhbetdeşlikde liderleriň iki goňşy ýurduň arasyndaky adaty söwda gatnaşyklaryny dikeltmek planlary barada hem maslahat edendigini habar berýärler.

"Liderler Eýranyň we Türkmenistanyň häkimiýetleriniň Tähran bilen Aşgabadyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy öňki ýagdaýa getirmek we saglyk protokollaryna doly laýyklykda umumy serhetdäki söwda alyş-çalşygyny dikeltmek boýunça tagallalary çaltlaşdyrjakdygy barada hem ylalaşdylar" diýlip, "Tasnim" habar agentliginiň 30-njy aprelde çap eden habarynda aýdylýar.

Türkmenistanyň DIM-niň websaýtynda berlen maglumatda prezidentleriň arasynda telefon arkaly söhbetdeşligiň geçirilip, koronawirus pandemiýasy barada maslahat edilendigi aýdylsa-da, iki ýurduň arasyndaky serhetde söwda alyş-çalşygyny dikeltmek tagallalary barada hiç zat aýdylmaýar.

22-nji aprelde daşary işler ministri Reşit Meredow ýurduň goňşy döwletler bilen serhet geçelgeleriniň köpüsini açandygyny we Eýran bilen serhedindäki galanlary açmaga taýýarlanýandygyny habar berdi.

28-nji aprelde "Xinhua" habar agentligi Eýran hökümetiniň metbugat wekili Ali Rabä salgylanyp, Tähranyň Türkmenistandan başga goňşulary bilen söwda gatnaşyklaryny we haryt dolanyşygyny dikeldendigini habar berdi.

Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurtda COVID-19 bilen kesellän adamlaryň resmi derejede hasaba alynmandygyny aýdyp gelýärler.

Türkmen daşary işler ministri 22-nji aprelde BMG-niň resmileri bilen bilelkde eden çykyşynda özleriniň "hiç zady ýaşyrmaýandyklaryny" belläp, "eger-de tassyklanan ýekeje ýagdaý bolan bolsa, biz tizden-tiz habar bererdik..." diýdi.

Mundan ozal Azatlygyň ýurt içindäki habarçylary we çeşmeleri ilatyň tutulyp, zor bilen karantine salynýandygyny we dürli sebitlerde ýerleşýän karantin zonalarynda ýüzlerçe adamyň saklanýandygyny habar beripdiler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG