Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Aşgabadyň mekdep okuwçylaryndan synplary abatlamak üçin 70 manatdan ýygnalýar


Illýustrasiýa suraty

Aşgabadyň orta mekdeplerinde synplarda abatlaýyş işlerini geçirmek üçin okuwçylardan pul ýygnamagyň nobatdaky tapgyry başlandy.

Azatlyk Radiosynyň bu barada habar berýän habarçysy pul ýygnamak çäresiniň paýtagtyň tas ähli mekdeplerinde amala aşyrylýandygyny aýdyp, 15-nji mekdebiň okuwçylarynyň her birinden 70 manat talap edilýändigini belledi.

"Her okuw ýylynyň ahyrynda klas ýolbaşçylar okuwçylaryň ene-atalaryndan pul ýygnaýarlar. Olar munuň synplary abatlamak, şol sanda olaryň diwarlaryny boýamak, poly reňklemek we sapaga degişli esbaplary satyn almak üçin sarp ediljekdigini aýdýarlar" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 1-nji maýda gürrüň berdi.

Şeýle-de, ol agzalýan mekdepde geçen ýyl okuwçylaryň ene-atalaryndan 50 manatdan ýygnalandygyny aýdyp, bu ýyl onuň üstüne 20 manat goşulyp, has artdyrylandygyny hem belledi.

"Mugallymlar geçen ýylkydan tas 50% köp pul ýygnalmagynyň sebäplerini gurluşyk harytlarynyň gymmatlamagy bilen düşündirýärler" diýip, habarçy aýtdy.

Şol bir wagtda, ol şu ýyl mekdebi tamamlaýan 11-nji synp okuwçylaryň her birinden bolsa, abatlaýyş üçin ýygnalýan puldan başga-da, sentýabr aýyndan bäri her aý 50 manatdan ýygnalýandygyny hem belledi.

"Bu puluň Soňky jaň dabarlarynda sarp edilmegine garaşylýar. Olar okuwçylaryň ene-atalaryna birde agram salmazlyk üçin her aý 50 manatdan ýygnalmaly edilendigini aýdypdyrlar" diýip, habarçy çagasy bu mekdepde okaýan ene-atalaryň ençemesine salgylanyp gürrüň berdi.

Aýdylmagyna görä, mugallymlar we mekdep ýolbaşçylary okuwçylardan bu pullary dürli basyşlar esasynda ýygnaýarlar. Olar okuwçy Aşgabat şäherinden başga ýerde ýazgyda duran bolsa, olara okuwdan çykarylyp, degişli ýerdäki mekdebe geçiriljekdigi ýa-da oňat baha goýulmajakdygy, gowy häsiýetnama berilmejekdigi barada haýbat atýarlar.

Azatlyk Radiosyna bu aýdylanlar barada paýtagtyň 15-nji mekdebinden we şäheriň bilim bölüminden kommentariy almak başartmady.

Türkmenistanyň orta mekdeplerinde okuwçylardan dürli maksatlar, şol sanda abatlaýyş işleri, prezidentiň portretlerini çalyşmak, baýramçylyklar üçin pul ýygnamak çäreleri ýylyň dowamynda ençeme gezek amal edilýär.

Aprel aýynda Aşgabadyň orta mekdepleriniň okuwçylaryndan dezinfeksiýa serişdelerini, şol sanda çig salfetkany hem-de oksolin mazyny hökmany ýagdaýda ýanlary bilen mekdebe getirmek talap edildi. Şonda Azatlygyň habarçysy bulary ýanlary bilen getirmedik okuwçylaryň mekdebe goýberilmejekdigi barada duýdurylandygyny hem aýtdy.

Martyň ahyrynda bolsa, Azatlyk Radiosy orta mekdepleriň okuwçylarynyň ene-atalaryndan ýüzärlik satyn almak üçin pul ýygnalýandygyny habar beripdi. Şonda mugallymlar muny wirusdan goranmak çäreleri diýip düşündirip, synplarda ýüzärligiň tütediljekdigini aýdypdylar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG