Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

BSG-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy ýurtdaky koronawirus karantin merkezlerine baryp gördi


Çoganlykdaky Ýokanç keselleri merkezleriniň müdiriýeti. Illýustrasiýa suraty.

“RIA Novosti” neşiriniň habaryna görä, Bütindünýä Saglyk Guramasynyň (BSG) Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Paulina Karwowska ýurtdaky koronawirus karantin merkezlerine baryp gördi we türkmen häkimiýetleriniň koronawirusa garşy görýän çärelerine baha berdi.

Onuň sözlerine görä, Aşgabat täze wirus barada çykan ilkinji habarlardan soň, onuň ýurduň çägine aralaşmagynyň öňüni almak üçin iň ýokary derejede kararlary kabul etdi we “Türkmenistanyň hökümeti hem-de Saglygy saklaýyş we derman senagaty ministrligi bu çäreleri uly jogapkärçilik bilen ýerine ýetirýär”

Habarda aýdylmagyna görä, BSG-niň Aşgabatdaky edarasynyň ýolbaşçysy ýurduň Türkmenabat hem-de Türkmenbaşy şäherlerinde ýerleşýän koronawirus karantin merkezlerine baryp gördi.

“Saparyň dowamynda biz COVID-19-yň ýurda aralaşmagynyň öňüni almak boýunça türkmen tarapynyň görýän çäreleri bilen tanyş bolduk. Türkmenabat şäherindäki karantin merkeziniň işgärleri, ýolbaşçylary we karantindäki adamlar bilen duşuşmak mümkinçiligimiz boldy. Bu merkezler kesel bilen näsaglan adamlary çalt bejermekde we olary izolirlemekde möhüm rol oýnap biler we şeýlelik bilen onuň ýaýramagyny çäklendirer” diýip, Karwowska ýekşenbe güni “RIA Nowosti” habar agentligine gürrüň beripdir.

Şeýle-de ol COVID-19 bilen bagly ýurtdaky ýagdaýlar boýunça özleriniň Türkmenistanyň saglygy goraýyş edaralaryna bil baglaýandyklaryny aýdypdyr.

Azatlyk Radiosy bu saparyň netijeleri boýunça BSG-niň Aşgabatdaky edarasyndan kommentariýa alyp bilmedi.

4-nji maýda BSG-niň Ýewropa sebiti boýunça edarasynyň metbugat wekili Stefani Brikman (Stephanie Brickman) Azatlyk Radiosyna guramanyň missiýasynyň Täjigistana we Türkmenistana meýilleşdiren sapary barada maglumat berdi:

"Missiýa häzirki wagtda Täjigistanda. Deslapky meýilnamalaşdyryş tapgyrynda missiýa Täjigistandan soň Türkmenistana sapar eder diýlip umyt edildi. Biz heniz hem logistikany ýeňilleşdirmegiň üstünde işleýäris, ýöne munuň häzirki wagtda kyn düşýändigi subut edilýär" diýip, Brikman Azatlyga ugradan jogap hatynda aýtdy.

"Türkmenistanyň hronikasy" neşiri "Gündogar" saýtyna salgylanyp, BSG missiýasyna Türkmenistana barmak üçin türkmen häkimiýetleriniň çakylyk bermändigini duşenbe güni habar berdi.

Türkmen häkimiýetleri ýurtda koronawirus hassasynyň hasaba alynmandygyny aýdýar.

22-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow Aşgabatda BMG resmileri bilen geçirilen duşuşykda ýurtda täze koronawirus näsagynyň ýokdugyny yglan etdi.

“Biz hiç zady gizlämizok” diýip, ministr sözüniň üstüni ýetirdi.

Ýygnakda çykyş eden Türkmenistanyň saglygy saklaýyş we derman senagaty ministri Nurmuhammet Amannepesow ýurt boýunça 151 adamyň karantinde saklanýandygyny mälim etdi.

Munuň yzýany, 23-nji aprelde BSG-niň Ýewropa sebiti boýunça edarasynyň direktory Hans Klýuge Türkmenistanda we Täjigistanda COVID-19 bilen bagly ýagdaýlary öwrenmek üçin ýewropaly bilermenler toparynyň bu ýurtlara sapar etjekdigini sosial media arkaly habar berdi.

TDH-nyň habaryna görä, Klýuge 28-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow bilen wideoaragatnaşyk arkaly geçiren duşuşygynda koronawirus pandemiýasyna garşy göreşmek meselesini ara alyp maslahatlaşdy.

Onuň yzýany, 29-njy aprelde Hans Klýuge Russiýanyň "Rospotrebnadzor" döwlet edarasynyň başlygy Anna Popowa bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirip, guramanyň COVID-19 bilen bagly Türkmenistana we Täjigistana etjek sapary boýunça Russiýadan kömek sorady.

BSG-niň bilermenler toparynyň saparynyň öňýany, 29-njy aprelde Täjigistan ýurtda 15 adama koronawirusyň ýokuşandygyny tassyklady.

Bütindünýä Saglyk Guramasynyň resmi habaryna görä, guramanyň saglyk ekspertlerinden we epidemiologlaryndan ybarat COVID-19 missiýasy Täjigistan hökümetiniň haýyşy boýunça 1-nji maýda Duşenbä bardylar.

“Biziň toparymyz logistika kynçylyklaryny ýeňip Täjigistana gelip ýetdi” diýip, resmi habarda missiýanyň ýolbaşçysy Patrik O’Konnoryň sözleri getirilýär.

BSG missiýasy heniz Türkmenistana sapar etmedi.

Türkmenistandaky karantin merkezlerine sapar eden BSG-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Paulina Karwowska, TDH-nyň habaryna görä, mundan ozal 27-nji aprelde Aşgabatdaky BMG agentlikleri bilen Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň arasynda geçirilen duşuşykda “Türkmenistanyň BSG-niň epidemiologik gözegçilik hem-de jogap çärelerini görmek boýunça ählumumy ulgamynyň ýörelgelerine ygrarly” galýandygyny aýdypdyr. Ýygnakda ýokanç keselleri ýok etmekde “türkmen lukmanlarynyň toplan tejribeleriniň BSG-niň Ýewropa sebitindäki döwletlerinde ýaýratmak” maslahat berildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG