Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

"Talyban" owgan hökümetini tussaglaryň boşadylmagyny çaltlaşdyrmaga çagyrdy


Kabulyň "Bagram" türmesinden boşadylan "Talyban" toparynyň tussaglary dogan-garyndaşlaryny gujaklaýar. 8-nji aprel, 2020 ý.

"Talyban" owgan hökümetini söweşiji topar bilen gepleşiklere ýol açmak üçin tussaglaryň boşadylmagyny çaltlaşdyrmaga çagyrdy.

29-njy fewralda Birleşen Ştatlaryň we "Talybanyň" arasynda baglaşylan ylalaşykda owgan hökümetine "Talybanyň" 5000 söweşijisini boşatmaga çagyryş edilýär. Muňa Owganystanda 18 ýyl bäri dowam edýän uruşy tamamlamak boýunça gepleşikleriň öňýanyndaky ynam dörediji çäre hökmünde seredilýär.

Şeýle-de, ylalaşykda söweşijileriňowgan howpsuzlyk güýçleriniň 1000 agzasyny boşatmagy göz öňünde tutulýar.

"Soňky 3 günde 300 tussagymyz Kbl adm. (Kabul administrasiýasynyň) türmelerinden boşadyldy. Biz muny gowy garşy alýarys” diýip, "Talybanyň" metbugat wekili Suhail Şahin 4-nji maýda giçlik ýazan twitinde belledi.

“Muňa garamazdan, bu ýeterlik däl – owganara gepleşikleriň has ir başlamagyna ýol açmak we tussaglary koronawirusdan goramak üçin bu proses çaltlaşdyrylmalydyr” diýip, Şahin ýazdy.

Milli howpsuzlyk geňeşiniň (ONSC) maglumatyna görä, Owganystanyň hökümeti häzire çenli “Talybanyň” 750 çemesi tussagyny türmeden boşatdy. “Talyban” owgan howpsuzlyk güýçleriniň 112 agzasyny boşatdy.

Kabul, soňky hepdelerde tutuş ýurtda amala aşyrylan “Talyban” hüjümlerinde owgan güýçleri agyr ýitgi çekeninden soň, tussaglaryň uly toparyny boşatmakdan saklanýar.

Owgan goşuny ABŞ-nyň has az goldawy bilen “Talybana” garşy göreşmäge mejbur bolýan mahaly, bu ýowuzlyk ABŞ bilen Talybanyň arasyndaky pugta bolmadyk parahatçylyk ylalaşygyna howp abandyrýar.

ABŞ-nyň Owganystany dikeltmek boýunça ýörite baş inspektorynyň COVID-19 keseliniň ýaýramagynyň togtadylan parahatçylyk tagallalaryny puja çykaryp biljekdigi baradaky habary bu ýagdaýa goşmaça aladalary goşdy.

Owganystanda koronawirus näsaglarynyň 2704 sanysy hasaba alyndy we bu wirusdan 85 adam öldi.

Ýöne häzirki wagta çenli Owganystanda diňe 12000 synag, test geçirilendigi sebäpli 37 milliona golaý ilatly, şeýle-de garyplykdan we konfliktden ejir çekýän ýurtda koronawirus bilen kesellän adamlaryň sanynyň has köp bolup biljekdigi barada aladalar bar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG