Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Lebapdaky harasat: Ýene ýagyn geldi, azyk gytçylygy ýitileşdi, häkimiýetler ‘hemaýat bermeýär’


Ýerli häkimiýetler ilatyň weýran bolan, üçekleri gopan jaýlaryny abatlamakda döwlet tarapyndan hemaýatyň bolmajakdygyny duýdurýarlar.
  • Türkmenistanyň gündogar sebitlerine ýene güýçli ýagyn geldi.
  • Lebap we Mary welaýatlarynda bolan weýrançylykly harasatdan bäri bir hepde wagt geçse-de, türkmen resmileri we mediasy apy-tupanyň netijeleri we ondan ejir çeken adamlar barada dymmagyny dowam etdirýärler.
  • Türkmen häkimiýetleri weýrançylykly tupanyň netijeleri bilen göreşmek boýunça-da ilata hemaýat bermeýärler. Munuň deregine, howpsuzlyk güýçleri ejir çeken adamlary, hamana, “şikaýatlarynyň ýokdugy” barada arza ýazmaga mejbur edýärler.
  • Tebigy harasatyň netijesinde, Lebap welaýatynda azyk gytçylygy has-da güýçlenip, bahalar hem ýokarlandy.
  • Türkmen häkimiýetleriniň çäre görmezligi ilatyň arasynda nägileligiň artmagyna sebäp bolýandygy bellenilýär.

Lebap welaýatynyň merkezi Türkmenabat şäherinde 4-nji maýda, bu sebitdäki ýüze çykan weýrançylykly harasatdan bir hepde soň, ýene-de güýçli ýagyşlar ýagyp başlady. Elektrik togy kesildi.

Apreliň soňky günlerindäki harasatyň netijesinde sebitiň köp jaýlarynyň üçekleriniň gopandygy, türkmen häkimiýetleriniň hem häzirki güne çenli weýrançylyklaryň öňüni almak boýunça çäre görmändigi sebäpli, ýagyşyň suwy ýaşaýyş jaýlarynyň içine girip başlady. Bu soňky ýagynyň netijeleri barada häzirlikçe maglumat ýok.

Türkmenistanyň Lebap we Mary welaýatlaryna gelen güýçli apy-tupandan bäri bir hepde wagt geçse-de, türkmen häkimiýetleri azyndan 30 töweregi adamyň ölmegine getiren bu weýrançylykly harasat barada dymmagyny dowam etdirýärler. Munuň bilen bir hatarda, ejir çeken ilata hemaýat hem edilmeýär.

27-nji aprelde agşamara ýüze çykan tebigy harasatyň has köp zyýan ýetirendigi aýdylýan Lebap welaýatynda, şol sanda merkezi Türkmenabat şäherinde hem häzirki güne çenli elektrik, suw, gaz üpjünçiligi dolulygyna ýola goýulmady.

Adam pidaly apy-tupanyň netijesinde regionda ençeme aýlap dowam edip gelýän azyk krizisi, maliýe ýetmezçiligi has hem güýçlendi.

Türkmenabadyň hususy dükanlarynda bir çöregiň bahasy 8 manada, 5 litrlik ýagyň bahasy 60 manada, 1 kilogram kartoşkanyň bahasy hem 15 manada çykdy. Sebitdäki habarçymyz harasatdan soň, şäheriň döwlet dükanlarynda adam başyna 5 kilogramdan unuň satylandygyny, emma munuň diňe bir gezeklik çäre bolup, unuň häzir hiç ýerde tapdyrmaýandygyny hem belledi.

“Türkmenabatda toguň dolulygyna ýola goýulmandygy sebäpli, dükanlardaky terminallar işlänok, bankomatlardan pullary nagtlaşdyryp bolanok. Adamlar pasportlaryny girewine goýup, dükanlardan karzyna azyk önümlerini aljak bolýarlar” diýip, ýerli habarçymyz 3-nji maýda gürrüň berdi.

“Bir alyjy dükan söwdegärine, çagalarynyň aç oturandygyny, öýlerinde iýere zadyň ýokdugyny aýdyp, karzyna azyk aljak bolup ýalbarýardy. Ol bankomatlar işläp başlandan soňra, karz alan pulunyň üstüne 20% goşup gaýtaryp berjekdigini aýtsa-da, dükan eýesi özleriniň hem ýagdaýynyň agyrdygyny, aýlyk 4 müň manatlyk dükan kireýini hem tölemäge mejbur edýändiklerini aýdyp, muňa razy bolmady” diýip, Azatlygyň habarçysy 3-nji maýda Türkmenabatda şaýat bolan wakasyny suratlandyrdy.

Azyk we maliýe ýetmezçiliginiň arasynda, ýerli häkimiýetler ilatyň weýran bolan, üçekleri gopan jaýlaryny hem abatlamakda döwlet tarapyndan hemaýatyň bolmajakdygyny duýdurýarlar. Resmiler gurluşyk serişdeleriniň getiriljekdigini, emma olary ýaşaýjylaryň özleriniň satyn almaly boljakdygyny aýdýarlar.

“Adamlar üçekleri gopan jaýlarynyň üstüni ýapar ýaly şiferi satyn almak üçin, gapysyndaky mallary satuwa çykaryp başladylar. Marydan ýük ulagynda şifer getirilip, onuň bir listiniň bahasy 58 manatdan satylýar. Emma hili gowy däl, bir çüý ursaň eýýäm döwülýär. 6 metrlik demir şiferiň bahasy 400 manat. Häzirki şertlerde ony almaga hiç kimiň gurby çatmaýar” diýip, habarçymyz gürrüň berdi.

Ýeri gelende bellesek, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ogly Serdar Berdimuhamedow Senagat we gurluşyk önümçiligi ministriniň kürsüsini eýeläp otyr. Onuň garamagyndaky ministrligiň tebigy harasatyň netijesinde jaýlaryna zeper ýeten ilata nähilidir bir hemaýat edýändigi barada resmi derejede maglumat ýok. Azatlyga ministrligiň özünden hem kommentariýa almak başartmady.

Şol bir wagtda, Lebap welaýatynyň Dänew, Galkynyş, Saýat, Sakar etraplarynda howpsuzlyk gulluklary ýaşaýjylara tebigy harasatyň netijesinde dörän weýrançylyklar bilen bagly, hamana,“häkimiýetlere arz-şikaýatlarynyň ýokdugy” barada dil haty ýazdyrýarlar. Şeýle-de, Internetde weýrançylykly jaýlaryň wideolary ýa suratlary ýerleşdirilse, onda olaryň “jogapkärçilige” çekiljekdigi bilen hem haýbat atýarlar.

Sebitden düşürilip sosial ulgamlara syzyp çykan wideolarda we suratlarda tupanyň güýjüne hatardan çykan ýollary, köki bilen goparylan äpet agaçlary, sandan çykan elektrik diňlerini, ýere gaçan üçekleri görmek we käbir wideolarda alňasaýan adamlaryň aljyraňňy seslerini eşitmek bolýar.

Bu aralykda, Azatlygyň we beýleki garaşsyz neşirleriň habarçylary ilatda häkimiýetleriň olary tebigy hadysanyň netijeleri bilen ýüzbe-ýüz edip ýeke goýandyklary, bu adam pidaly harasat barada, umuman, maglumat bermeýändikleri üçin, nägilelikleri garaýyşlaryň eşidilýändigini aýdýarlar.

Lebap welaýat we degişli etrap, şäher häkimlikleri Azatlygyň kommentariýa bermek ýüzlenmelerine jogap bermediler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG