Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

FH Ýewropadaky we Ýewraziýadaky “demokratik çökgünlik” barada duýduryş berýär


Awtoritar režim hökmünde kesgitlenen Orsýetde prezident Wladimir Putiniň konstitusiýa reformalary esasynda, eger-de olar durmuşa geçirilse, onuň wezipesinde iki möhletden hem kän galmagyna ýol açyljakdygy aýdylýar.
Awtoritar režim hökmünde kesgitlenen Orsýetde prezident Wladimir Putiniň konstitusiýa reformalary esasynda, eger-de olar durmuşa geçirilse, onuň wezipesinde iki möhletden hem kän galmagyna ýol açyljakdygy aýdylýar.

Umyt şundan ybarat: epidemiýanyň tejribesi "aç-açan we jogapkärçilikli dolandyryşyň ähmiýetini görkezer we üýtgeşmeler üçin täze talaplaryň döremegine itergi berer" diýip, Abramowitz sözüniň üstüni ýetirdi.

"Azatlyk öýüniň", Birleşen Ştatlardan dünýädäki demokratiýa gözegçilik edýän guramanyň täze hasabatynda Merkezi Ýewropada, Balkanlarda we Ýewraziýada "haýran galdyryjy demokratik çökgünligiň" emele gelendigi, sebäbi sebitdäki liderleriň köpüsiniň öz hökmürowanlygynyň öňünde galan soňky päsgelçilikleri hem ýok etmäge synanyşýandygy duýdurylýar.

"Merkezi we Gündogar Ýewropada hatda demokratiýanyň düzgünleri esasynda hereket eden bolmagyny goýan liderleriň hem sany köpelýär, olar demokratik guramalara garşy aç-açan hüjüme geçip, şahsy azatlyklary çäklendirmek tagallasyny edýärler" diýip, guramanyň 6-njy maýda "Geçiş döwletleri" ady bilen çap edilen ýyllyk hasabatynda aýdylýar.

Hasabatda dowam edýän koronawirus pandemiýasynyň demokratik guramalara edilýän hüjümleri has-da batlandyryp biljekdigi bellenýär, emma "Azatlyk öýüniň" prezidenti Maýkl Abramowitz saglyk krizisinden soňky ýagdaýyň hasam çataklaşyp biljekdigini ýa-da demokratiýanyň gaýtadan dikeldiljekdigini aýtdy.

Umyt şundan ybarat: epidemiýanyň tejribesi "aç-açan we jogapkärçilikli dolandyryşyň ähmiýetini görkezer we üýtgeşmeler üçin täze talaplaryň döremegine itergi berer" diýip, Abramowitz sözüniň üstüni ýetirdi.

"Freedom House" hasabatda syn edilen 29 ýurtda demokratiýalaryň derejesiniň iň pes nokada, 10-a çenli aşak gaçandygyny aýdýar.

Sebit boýunça demokratiýanyň umumy görkezijisi, ähli ýurtlaryň ortaça derejesine syn edilende, tapgyr 16 ýyl bäri aşak gaçýar.

Hasabat demokratik özgertmeleriň haýallamagyny saýlaw ulgamlarynyň iş başyndaky prezidentlere has kän artykmaçlyk bermegi, parlamentleriň oppozisiýa boýkotlary esasynda bir gyra çykarylmagy, garaşsyz metbugata we raýat jemgyýetine garşy töhmetçilik kampaniýasynyň alnyp barylmagy bilen baglanyşdyrýar.

Şeýle-de hasabatda köp ýurtda sudlaryň we kanun hökmürowanlygynyň sudlary wepaly adamlardan doldurmak we sud garaşsyzlygyny ýoga çykarýan çäklendiriji kanunlary kabul etmek bilen nyşana alnandygy bellenilýär.

Birbada alty ýurtdaky - Çehiýadaky, Gürjüstandaky, Latwiýada, Garadagdaky, Polşa we Slowakiýadaky ýaramazlaşmanyň hasaba alynmagy bilen, hasabatyň kazyýet binýady we garaşsyzlyk kategoriýasynda berýän bahalarynda has kän aşaklama boldy.

'Garjaşyk režimler'

Hasabat birnäçe ýurdy demokratik ilerleme derejeleri peselen ýurtlar hökmünde kesgitlenýär. Mysal üçin, Polşa konsolidirlenen, ýagny birleşdirilen demokratiýa toparyndan çykan we indi ýarym birleşdirilen demokratiýa hökmünde baha berilýär.

Wengriýa, Serbiýa we Garadag – bularyň ählisi demokratiýa kategoriýasyny tutuşlygyna terk etdiler we häzirki wagtda geçiş hökümetleri / garjaşyk režimler diýlip kesgitlenýär.

Hasabatda Wengriýa, ÝB agzasy bolan ýurt, soňky 25 ýylyň dowamynda, "Freedom House" ilkinji geçiş döwletleri hasabatyny çap edeli bäri, iň köp yza gaýdan ýurt hökmünde görkezilýär.

Soňky on ýylda bu ýurduň demokratiýa görkezijileri kesgin pese gaçdy we hasabatda premýer-ministr Wiktor Orban "demokratik institutlara hormat goýýandan bolmagyny hem bes eden" lider hökmünde häsiýetlendirilýär.

Edil şonuň ýaly-da, ÝB-niň agzasy bolan Polşa soňky bäş ýylda kazyýet binýadyndaky ýitgiler we garaşsyzlyk sebäpli ýarym konsolidirlenen, bagny ýarym birleşdirilen demokratiýa öwrüldi.

Şeýle hem hasabatda awtoritar režim hökmünde kesgitlenen Orsýetde prezident Wladimir Putiniň konstitusiýa reformalary esasynda, eger-de olar durmuşa geçirilse, onuň wezipesinde iki möhletden hem kän galmagyna ýol açyljakdygy, munuň "kanunyň we esasy ýörelgeleriň äsgerilmeýändigini görkezýändigi" bellenilýär.

Ýöne hasabatda Kosowoda we Demirgazyk Makedoniýada oňyn ösüşler bolandygy hem bellenip geçilýär. Şeýle-de Ermenistan, saýlawlar we korrupsiýa garşy göreş netijesinde gazanan ilerlemeleri esasynda ýokary bahalara mynasyp boldy.

Mundan başga, hasabatda Ukrainanyň milli demokratik dolandyryş görkezijisiniň birneme gowulaşandygy, Özbegistanyň korrupsiýa görkezijileriniň, ownuk parahorlugy ýok etmek üçin görlen çäreler esasynda, biraz gowulanandygy aýdylýar.

XS
SM
MD
LG