Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistanda COVID-19 näsaglarynyň sany noldan ýüzlerçe adama ýokarlanýan mahaly, hassahanalarda ýer tapdyrmaýar


Sughd keselhanasy
Sughd keselhanasy

Täjigistan birnäçe aýlap özüniň dünýäde koronawirus näsaglary hasaba alynmadyk sanlyja ýurtdan biridigini yglan edip gelenden soň, bu wirus bilen kesellän adamlaryň hassahanalary doldurmagy we lukmanlaryň hroniki enjamlaryň ýetmezçiliginden zeýrenmegi bilen, häzirki wagt Duşanbe ölüm howply wirusyň täsirinden sarsylýar.

Täjik paýtagty Duşanbede adamlar käbir hassahanalaryň koronawirus ýokuşan näsaglary otaglarda krowatdyr düşekleriň gutarandygy sebäpli kabul etmeýändiklerinden zeýrenýärler.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugyna gelip gowşan wideoda dört sany tiz kömek ulagynyň Warzob syýahatçylyk toplumynyň daşynda durandygyny görse bolýar. Bu toplum, ölüm howply wirusyň tutuş ýurtda ýaýramagy bilen, wagtlaýyn hassahana öwrülipdi.

"Ulaglaryň içinde näsag adamlar bar" diýip, näsaglaryň biriniň garyndaşy, bir aýal aýtdy. Ol we näsaglaryň beýleki garyndaşlary keselleriň şäher hassahanalaryna kabul edilmän, Duşenbäniň etegindäki Warzob desgasyna iberilendigini hem aýtdylar.

"Bu desga hem [hassalary] kabul etmeýär. Bu ýerde ölseň-de, hiç kim alada galmaz" diýip, adyny aýtmakdan saklanan bir aýal aýtdy.

Hujand şäheri
Hujand şäheri

"Döwlet telewideniýesi, [koronawirusa garşy göreşmek üçin] zerur bolan ähli zatlaryň bardygyny aýdyp öwünýär. Emma hakykatda olar näsaglary nirede goýjaklaryny bilmeýärler" diýip, ol sözüniň üstüne goşdy.

Tanymal ýerli aktiwist tarapyndan paýlaşylan başga bir wideoda bolsa, Duşanbedäki ullakan "Şifobakh" milli lukmançylyk toplumynda lukmanlardan ejesine ýer tapmagy haýyş edýän bir aýaly görse bolýar.

"Haýyş edýärin, koridorda bolsa-da, ejeme ýer, krowat tapyň" diýip, aýal desganyň 6-njy binasynda ýerleşýän ýörite gorag geýmindäki lukmanlara ýalbarýar.

Şuňa meňzeş şikaýatlar Duşanbede we ýurduň beýleki ýerlerinde başga adamlar tarapyndan hem edilýär. Olaryň köpüsi sosial mediada wideo paýlaşýar we teswir ýazýar.

Bulam-bujarly bu ýagdaý, Täjigistanyň häkimiýetleri ýurtda koronawirus ýokuşanlaryň ýokdugyny ençeme hepdeläp öňe sürenden soň, 30-njy aprelde wirus ýokuşan 15 adamyň hasaba alnandygyny boýun alan mahalyna gabat geldi.

Bu habar Bütindünýä saglyk guramasynyň (BSG) bilermenler missiýasynyň COVID-19 bilen bagly ýagdaýy öwrenmek üçin 9 million ilatly Täjigistana amala aşyrmagy planlaşdyrýan saparynyň öňüsyrasynda yglan edildi.

Aprel aýynyň dowamynda garaşsyz habar beriş serişdeleri we sosial media ulanyjylary Täjigistanda köp sanly adamyň "pnewmoniýa" keselinden, ýagny öýken sowuklamasyndan ölendigini habar berip, häkimiýetlerden düşündiriş bermegi soradylar.

Ölenleriň arasynda birnäçe lukman we hassahananyň beýleki işgärleri bar.

Hujand şäheri
Hujand şäheri

Resmiler koronawirus ýokuşan näsaglaryň hasaba alnandygy baradaky maglumatlary inkär edip, muňa derek žurnalistlere hüjüm etdiler we olary halkyň arasynda esassyz ýerden dowul döretmekde aýypladylar.

Bu çykyşlar, halkara hukuk toparlary tarapyndan köpýyllyklaryň dowamynda başgaça garaýyşdakylary basyp ýatyrmakda we söz azatlygyny basgylamakda tankyt edilýän awtoritar dolandyryjy Emomali Rahmonyň režimi üçin adaty bolmadyk bir zat däl.

6-njy maýdaky resmi maglumatlarda Täjigistan 379 adama koronawirusyň ýokuşandygyny we COVID-19 keselinden sekiz adamyň ölendigini habar berdi.

Täjikleriň köpüsi hakyky sanlaryň hökümet tarapyndan öňe sürlen görkezijilerden has ýokarydygyna ynanýar.

Ýagdaý şeýle bir erbetleşdi welin, Rahmon 5-nji maýda saglygy goraýyş ministri Nasim Olimzodanyň başga bir işe geçirilendigini we onuň ýerine Jamoliddin Abdullozodanyň wezipä bellenendigini yglan etdi.

Bu aralykda, garaşsyz habar beriş serişdeleri we sosial media ulanyjylary käbir hassahanalara COVID-19 näsaglarynyň käbirini, olaryň gyzgynynyň ýokarydygyna garamazdan, öýlerine ibermek barada hökümet tarapyndan buýruk berilýändigini habar berdiler.

Ýurduň demirgazygynda ýerleşýän Hujand şäherindäki Sughd regional hassahanasyna ýakyn bir çeşme keselhananyň başlygy Sobirjon Sobirowyň işden aýrylmagynyň hassalary boşatmak baradaky buýruk bilen baglanyşyklydygyny aýtdy.

Çeşme 4-nji maýda Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda häkimiýetleriň Sobirowa BSG-niň delegasiýasynyň saparyndan öň, hassahanasyndaky COVID-19 näsaglarynyň sanyny azaltmak barada buýruk berendigini aýtdy.

"Sobirow lukman hökmünde näsag hassalary öýlerine iberip bilmejekdigini aýtdy we muňa derek işinden aýrylmagy teklip etdi" diýip, adynyň aýdylmazlygy şerti bilen maglumat beren çeşme belledi.

Hujandyň bir ýaşaýjysy Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda soňky günlerde öz ýaşaýan ýerinden birnäçe adamyň, keseldigine garamazdan, hassahanadan çykarylandygyny aýtdy.

"Olaryň heniz hem gyzgyny ýokary bolup, tiz kömek ulaglary olary barlamak üçin ýygy-ýygydan [öýlerine] gelýär" diýip, ol sözüniň üstüne goşdy.

Duşenbäniň saglyk işgärleri we ýaşaýjylar.
Duşenbäniň saglyk işgärleri we ýaşaýjylar.

Bu aralykda, ýurduň dürli sebitlerdäki hassahana işgärleri lukmanlar üçin şahsy gorag enjamlarynyň (PPE) we beýleki lukmançylyk enjamlarynyň ýiti ýetmezçilik edýändigi barada gürrüň berdiler.

Lukmanlaryň aýtmagyna görä, günorta Muminobod etrabynda, 72000-den gowrak ilatly region üçin niýetlenen esasy hassahanada diňe bir sany wentilýator bar.

180000 töweregi adamyň ýaşaýan günorta-günbatar Wahş etrabynda hem şuňa meňzeş ýagdaýyň gaýtalanýandygy habar berildi.

Soňky hepdelerde Täjigistana wirusyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin halkara guramalarynyň we daşary ýurtlaryň birnäçesinden nagt maliýe serişdesi hem-de medisina enjamlary gelip gowuşdy.

Täjigistana gelen bu daşary ýurt kömegi Ýewropa Bileleşiginden 48 million ýewrony, ýagny 53 million amerikan dollaryny we Bütindünýä bankyndan 11,3 million dollary öz içine alýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG