Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow Özbegistana gyssagly kömek teklip edýär, hökümetçi neşirler tebigy hadysa baradaky maglumatlaryny öçürýär


Türkmen we özbek prezidentleri Hazarda gämili gezim edýär. Arhiw suraty
Türkmen we özbek prezidentleri Hazarda gämili gezim edýär. Arhiw suraty

Türkmen prezidenti özbek kärdeşi Şawkat Mirziýoýew bilen telefonda gürleşip, türkmen tarapynyň heläkçilik çeken etraplara zerur kömegi bermäge, degişli düzümleri dikeltmek üçin enjamlary, işçi güýjüni ibermäge... taýýardygyny aýtdy.

Türkmenistan 27-nji aprelde Lebapda gopan güýçli harasat we onuň netijeleri barada dymmagyny dowam etdirýär, türkmen prezidenti Özbegistana bent böwsülmesiniň netijesinde dörän zaýaçylygyň yzyny düzetmek kömegini teklip edýär.

Şu aralykda hökümetçi neşirleriň biri (Jeyhun.news) Lebapdaky tebigy hadysa bilen bagly 4-nji we 6-njy maýda çap eden habarlaryny aýyrdy, emma "Orient" "Jeyhun.news" neşirine salgylanyp beren maglumatyny 7-nji maýda hem aýyrmady.

"Jeyhun.news" 27-nji apreldäki tebigy hadysa barada habar çap eden ilkinji hökümetçi neşir bolup, onuň soňra aýrylan birinji maglumatynda jaýlaryň birnäçesiniň üçegini ýeliň goparandygy, agaçlaryň we elektrik sütünleriniň ýykylandygy" tassyklandy.


Emma ýerli çeşmeler bu neşiriň derrew jaýlaryň üçekleriniň we elektrik liniýalarynyň bejerilip başlanandygy, gysga wagtda agyz suwunyň, gaz üpjünçiliginiň dikeldilendigi, şäheriň köp böleginde elektrik üpjünçiliginiň dikeldilendigi baradaky habaryny tassyklamadylar.

"Jeýhun.news" 6-njy maýda Türkmenabada beýleki welaýatlardan hünärmenleriň gelendigini we jaýlary bejermek üçin zerur gurluşyk materiallarynyň getirilendigini habar berdi.

Hökümetçi "Orient" neşiri bu maglumata salgylanyp, Türkmenbat şäherinde we onuň töwereklerinde güýçli harasadyň netijelerini aradan aýyrmak işleriniň dowam etdirilýändigini habar berdi.

"Sebite jaýlaryň üstüni ýapmak we beýleki bejeriş işleri üçin gurluşyk materiallarynyň gelmegi dowam edýär, esasy üns tebigy hadysanyň agyr zarba uran durmuş-üpjünçilik desgalaryna we ýaşaýyş jaý gorlaryna berilýär" diýip, hökümetçi neşir ýazdy.

Öňki ýyllarda agyr gelen ýagyş-ýagmyryň peýdaly taraplary barada çap eden makalasy bilen "tanalan" "Orient" apreliň aýagyndaky tebigy hadysa we soňra ýagan ýagyş hakynda öz maglumatyny çap etmedi.


Hökümetçi neşirleriň sebitde uly zaýaçylyga getiren tebigy hadysada ejir çekenlere edilýän kömek barada pozitiw, ýagny hökümetiň abraýyna bolup görünýän maglumatlary çap etmek synanyşygynyň fonunda, TDH, öňki ýyllarda bolşy ýaly, tebigy hadysa we onuň netijeleri barada dymmagyny dowam etdirýär.

Şu aralykda TDH 6-njy maýda geçirilen hökümet mejlisinde sosial-ykdysady we öňde duran şanly senelere taýýarlyk meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylandygyny habar berdi.

Emma muňa garamazdan, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Lebap welaýatynyň häkimi Şöhrat Amangeldiýewiň arasynda bolan iş gürrüňinde Lebapda gopan harasat we onuň netijeleri hakynda nähili maslahat edilendigi aýdylmady.

Resmi maglumata görä, prezident region ýolbaşçysy bilen esasan oba hojalyk işleri, Beýik Watançylyk urşunda gzanylan Ýeňşiň 75 ýyllygyna we ýurt bitaraplygynyň 25 ýyllygyna görülýän taýýarlyk hakynda maslahatlaşdy.

Şeýle-de häkim durmuş amatlyklaryny gowulaşdyrmak, täze desgalaryň gurluşygyny çaltlandyrmak, okuwçylaryň tomusky dynç alyşlaryna taýýarlyk hakynda hasabat berdi diýip, döwlet habar gullugy ýazýar.


Azatlyk radiosynyň habarçylarynyň we regiondan syzyp çykan suratlaryň, wideoşekilleriň, beýleki maglumatlaryň tassyklamagyna görä, Lebapda we Maryda turan harasatda ýaşaýjylar uly maddy zyýan çekdiler, onlarça adamyň ölendigi hakynda resmi taýdan tassyklanmadyk we inkär edilmedik maglumatlar bar.

Şu aralykda türkmen prezidenti özbek kärdeşi Şawkat Mirziýoýew bilen telefonda gürleşip, goňşy ýurduň birnäçe şäherine we ilatly ýerlerine ägirt uly weýrançylyk getiren tebigy betbagtçylyk zerarly "çuňňur duýgudaşlyk" bildirdi; türkmen tarapynyň heläkçilik çeken etraplara zerur kömegi bermäge, degişli düzümleri dikeltmek üçin enjamlary, işçi güýjüni ibermäge... taýýardygyny aýtdy.

"Ýurdumyzyň degişli edaralary özbek kärdeşleri bilen gyssagly habarlaşyp, özara gatnaşyklaryň zerur ugruny ýola goýmaga, tebigy betbagtçylygyň ýetiren zyýanyny tiz wagtda aradan aýyrmak boýunça işiň ugurlaryny kesgitlemäge taýýardyr" diýip, TDH-nyň 6-njy maýdaky habarynda nygtalýar.


1-nji maýda Syrderýa oblastyndaky Sardoba suw howdanynyň bendi böwsülip, Özbegistanda we goňşy Gazagystanda müňlerçe adamyň ýaşaýan ýerlerinden ewakuasiýa edilmegine sebäp boldy. Ýöne 6-njy maýda, özbek tarapynyň başlangyjy boýunça geçirilen telefon söhbetdeşliginde Daşkendiň Aşgabadyň eden kömek teklibini kabul edendigi mälim däl.

Türkmen kärdeşinden tapawutlylykda, Mirziýoýew apreliň aýagyndaky we maýyň başyndaky betbagtçylyklar bilen bagly sebitlere gyssagly sapar etdi.

Türkmenistan Özbegistana kömek teklip etmezinden öň goňşy Eýrana, Owganystana, Orsýetiň Astrahan sebitine ynsanperwer kömeklerini iberdi.

Resmi Aşgabat weýrançylykly tebigy hadysa we adam ýitgileri barada dymýan wagtynda düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän “Human Rights Watch” guramasy 4-nji maýda türkmen häkimiýetlerini tankytlaýan beýanat çap etdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG