Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Lebapda gopan harasat kiçi Berdimuhamedowyň ‘aýbyny açdy’, ondan sementi köpeltmek talap edilýär


Serdar Berdimuhamedow hasabat berýär. Türkmen TW-sinden. Arhiw suraty.

Prezident Berdimuhamedow gurluşyk materiallarynyň öndürilişiniň talaby ödemeýändigini aýdyp, ogly Serdara ýurtda “giň gerimde alnyp barylýan gurluşyklar üçin örän möhüm serişde bolan sementiň öndürilýän mukdaryny artdyrmak hem-de hilini has-da gowulandyrmak barada anyk tabşyryklary berdi”.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, Lebapda turan harasatdan soň birden has gymmatlan sement we beýleki gurluşyk materiallary bilen baglylykda, ogly Serdaryň işinden ilkinji nägileligini bildirdi. Ol ýurtda täze döredilen Senagat we gurluşyk önümçiligi ministriliginiň ýolbaşçylygyna fewral aýynda bellendi.

Bu nägilelik kiçi Berdimuhamedowyň täze döredilen "Türkmen alabaý itleri" assosiasiýasynyň başlyklygyna saýlanyp, öý haýwanlaryny goramak we saklamak üçin täze merkezleri açan wagtynyň yz ýanyndan bildirildi.

Ýerli synçylaryň käbiri kiçi Berdimuhamedowyň “aýbynyň açylmagyny” geçen aýyň aýagynda Lebapda gopan harasat bilen baglanyşdyrýar. Syzyp çykan wideolardan görnüşi ýaly, bu harasat sebitde uly weýrançylyga, şol sanda ýaşaýyş jaýlarynyň köpüsine düýpli zyýan ýetmegine sebäp boldy.


“Ozal 50 kg sementi döwlet bahasynda 13 manat töwereginden satyn alan adamlar häzir bir halta sementi 100 manatdan hem ýokary bahadan almaly bolýar, bazarda hili pes 1 kwadrat metr ýerli aýna listi 200 manat; 1 metr, 5 sm demir profili 200 manat; gips, şplýowka, äpişge-gapylar tas 15 esse gymmatlady, elektrik geçirijiler, lampalar, plastmassadan edilen turbalar bäş esse gymmatlady” diýip, Azatlygyň Lebapdaky habarçysy 8-nji maýda habar berdi.

Şeýle-de, aýdylmagyna görä, “çüýi hem özünde öndürmegi öwrenmedik” Türkmenistanda tagta, şifer, elektrik sütünleri, geçiriji simler hem ýiti ýetmezçilik edýär, harasatda elektrik ugradyjy transformatorlaryň hem köpüsi sandan çykdy.

Türkmenistanda sowet ýyllaryndan bäri öndürilýän sementiň ýetmezçiligi, döwlet maliýeleşdirmesi esasynda alnyp barylýan giň gerimli gurluşyklaryň aşa köpelmegi netijesinde, Lebapda gopan harasatdan öňem az ýakasyny tanatmandy diýip, ýerli synçylar aýdýar.


Emma muňa garamazdan, hökümet mejlisinde tebigy hadysanyň ýetiren zyýanlary, ejir çeken adamlara edilmeli kömek barada hiç zat aýdylmady.

Türkmenistanyň prezidentiniň geçirýän hökümet maslahatlarynda gurluşyk temasy, hususan-da Aşgabatdaky gurluşyklar, desgalary ýokary hilli gurmak we öz wagtynda ulanmaga tabşyrmak hemişe esasy meseleleriň biri bolup durýar.


Bu tabşyrygyň ýerine ýetirilmegi köp derejede gurluşyk materallarynyň ýeterlik bolmagyna bagly. Emma Türkmenistanda gurluşyk materiallarynyň köpüsi daşardan getirilýär we soňky döwürde prezident, sözüni anyklaşdyrmazdan, olaryň köpüsiniň ýurt içinde öndürilmegini talap edýär.

Wise-premýer Şamuhammet Durdylyýewiň, gurluşyk we binagärlik ministri Rahym Gandymowyň, senagat we gurluşyk önümçiligi ministri Serdar Berdimuhamedowyň 8-nji maýda beren hasabatlarynda şu ýyl we geljek ýylda gurulmaly desgalar barada hasabat berildi, emma gurluşyk materiallary bilen üpjünçilik, bu meseläni häzirki şertlerde nädip çözüp boljakdygy hakynda gürrüň edilmedi.

Muňa derek, türkmen hökümetinde kada bolşy ýaly, resmiler ýylyň dört aýyndaky tabşyryklaryň ählisiniň 100 göterimden ýokary derejede ýerine ýetirilendigini, ösüş depginleriniň hem 100 göterimden aşandygyny aýtdylar.


Emma muňa garamazdan, prezident gurluşyk materiallarynyň öndürilişiniň talaby ödemeýändigini aýdyp, ogly Serdara ýurtda “giň gerimde alnyp barylýan gurluşyklar üçin örän möhüm serişde bolan sementiň öndürilýän mukdaryny artdyrmak hem-de hilini has-da gowulandyrmak barada anyk tabşyryklary berdi”.

TDH-nyň anyklaşdyrmazdan beren maglumatyna görä, prezident bu meseläni “ýokary öndürijilikli, iň täze enjamlar we ýokary tehnologiýalar bilen üpjün edilen kärhanalary döretmek” esasynda çözmegi tabşyrýar. Ol bu hili tabşyryklary öňki ýyllarda hem berdi, ýöne sement meselesindäki ýagdaý kän üýtgemeýär.

Mysal üçin, Azatlyk geçen ýylyň aprelinde, sil-suw zaýaçylygyndan soň, gurluşyk materiallarynyň birden gymmatlamagy; iýun aýynda, Maryda we Daşoguzda sement gymmatçylygynyň döredýän kösençlikleri, gyssagarada türkmen bazarynda Eýrandan import edilen sementiň peýda bolşy; sentýabr aýynda Lebapda sement satyn aljak raýatlardan azyndan üç resminamanyň talap edilip başlanmagy, döwlet dükanlarynda tapdyrmaýan sementiň hususy dükanlardaky bahasynyň gymmatlamagy barada habar berdi.

Biraz yza çekilsek, Berdimuhamedow 2015-nji ýylyň martynda ilata satylýan sementiň nyrhlaryny arzanlatmak baradaky karara gol çekdi.

Şonda türkmen mediasy ilata satylýan sementiň bir tonnasynyň bahasynyň 330 manatlygyndan arzanladylyp, täze nyrh boýunça 175 manatdan satylmaly edilendigini habar berdi.

S.Berdimuhamedowyň wagtal-wagtal “innowasiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, senagat pudagynyň täze kärhanalaryny döretmek we hereket edýänlerini döwrebaplaşdyrmak” barada berýän hasabatlaryna garamazdan, prezidentiň sement bahalarynyň ilata elýeterli bolmagyna berk gözegçilik etmek barada bäş ýyl ozal beren buýrugy şindi hem ýerine ýetirilmeýär diýip, synçylar belleýär.

Şu aralykda, “Trend” neşiriniň maglumatlaryna görä, Türkmenistan Türkiýeden sement satyn almagyny artdyrýar.

“Türkmenistanyň Hronikasy” neşiriniň “Trende” salgylanyp ýazmagyna görä, Aşgabat şu ýylyň üç aýynda $6,239 million serişdä durýan türk sementini satyn aldy, bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilen 3,4 esse kän diýip, TH belleýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG