Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Amnesty International: Siriýada Damask we rus güýçleri tarapyndan amala aşyrylan hüjümler “uruş jenaýatlaryna deňdir”


Siriýada hökümete garşy protestleriň basylyp ýatyrylmagy bilen 2011-nji ýylda başlanan söweşde 380,000 adam öldi we millionlarça adam öz ýaşaýan ýerinden göçmeli boldy.
Siriýada hökümete garşy protestleriň basylyp ýatyrylmagy bilen 2011-nji ýylda başlanan söweşde 380,000 adam öldi we millionlarça adam öz ýaşaýan ýerinden göçmeli boldy.

Halkara günä geçiş guramasy (Amnesty Inetrnational) Siriýanyň demirgazyk-günbatarynda Siriýa hökümeti we rus güýçleri tarapyndan soňky bir ýylda amala aşyrylan 18 sany uruş jenaýatlaryna barabar hüjümi dokumentleşdirendigini aýtdy.

Hukuk topary 10-njy maýda çap eden hasabatynda 18 hüjümiň saglyk desgalaryna we mekdeplere gönükdirilendigini hem-de olaryň ýa Siriýa hökümeti tarapyndan ýa-da onuň rus ýarany tarapyndan 2019-njy ýylyň maýy bilen 2020-nji fewraly aralygynda gozgalaňçylaryň berkitmesi Idlibde we oňa ýanaşyk ýerlerde amala aşyrylandygyny aýtdy.

Halkara günä geçiş guramasyna görä, hüjüm subutnamalary halkara ynsanperwer hukugynyň birnäçe çynlakaý bozulmalaryny öz içine alýar.

“Bu hukuk bozulmalary uruş jenaýatlaryna deňdir” diýip, hasabatda aýdylýar.

Bu hüjümler Siriýa hökümet güýçleriniň amala aşyran üç sany ýerüsti hüjümini hem-de iki sany barrel bombaly hüjümi öz içine alýar. Galan 13 hüjüm howa zarbalary bolup, olaryň 2-sini Siriýa hökümet güýçleri, ýedisini Russiýanyň hökümet güýçleri, dördüsini bolsa Siriýanyň ýa-da Russiýanyň hökümet güýçleri amala aşyrdy.

Hasabatda hüjümleriň agramly böleginiň 2020-nji ýylyň ýanwar we fewral aýlarynda amala aşyrylandygy hem-de bu soňky gyrlyşyklaryň “demirgazyk-günbatar Siriýanyň oppozisiýa eýeçiligindäki sebitlerinde asuda ilaty täze elhençlik tolkunyna sezewar edendigi” aýdyldy.

Dekabr aýyndan bäri 500 töweregi asuda ilat öldürildi we 1 milliona golaý adam başga ýerlere göçürildi.

Soňky dartgynlylyk, görnüşinden, ýaragly oppozisiýa toparlarynyň gözegçiligi astyndaky iň soňky ýer böleklerine garşy 2019-njy ýylyň aprel aýynda başlanan irki hüjümleriň dowamydyr.

Martyň başlaryndan bäri ýaraşyk öz güýjüni saklaýar, ýöne ýer-ýurduny terk eden ýüz müňlerçe adam ynsanperwer ýardamlara garaşly bolmagynda galýar, şol bir wagtyň özünde sebitde koronawirusyň döremek ähtimallygyna taýýarlanylýar.

“Sistematik hüjümler”

Halkara günä geçiş guramasynyň dokumentleşdiren hüjümleriniň hatarynda Ariha şäherçesiniň golaýyndaky keselhana garşy 29-njy ýanwarda amala aşyrylan hem-de ol ýerde 2 ýaşaýyş jaýynyň ýumrulmagyna we 11 asuda raýatyň ölümine getiren rus howa zarbalary bar.

Şeýle-de, Halkara günä geçiş guramasy 25-nji fewralda Idlib şäherinde bir mekdebe garşy gadagan edilen top oklary ulanylyp amala aşyrylan we 3 adamyň ölümine getiren hüjüm boýunça Siriýa režimini günäkärledi

“Soňky hüjümler bilen asuda ilaty gorkuzmaga gönükdirilen yzygiderli we sistematik hüjümleriň ýigrenji görnüşine dowam edildi” diýip, Halkara günä geçiş guramasynyň regional direktory Heba Moraýef aýtdy.

Hasabatda hatda dokuz ýyllyk urşuň ülňüleri bilen deňeşdirilende soňky hüjümleriň ýol açan göçe-göçlüginiň hem-de ynsanperwer adatdan daşary ýagdaýlaryň ozal görlüp-eşidilmändigi aýdylýar.

Onda Siriýanyň hökümet güýçleriniň raýat infrastrukturalaryna we asuda halka gönükdirýän yzygiderli we sistematik hüjümlerine adamzada garşy jenaýat nukdaýnazaryndan seredilmelidigi aýdylýar.

Siriýada hökümete garşy protestleriň basylyp ýatyrylmagy bilen 2011-nji ýylda başlanan söweşde 380,000 adam öldi we millionlarça adam öz ýaşaýan ýerinden göçmeli boldy.

Halkara günä geçiş guramasynyň maglumatlary, esasan, 2020-nji ýylyň aprel-ýanwar aýlary aralygynda uzak aralykdan geçiren barlaglaryna esaslanýar. Barlagçylar 74 adam bilen, şol sanda hüjümleriň şaýatlary, göçürilen adamlar, ýerli we halkara ýardam guramalarynyň işgärleri we BMG-niň işgärleri bilen söhbetdeşlik geçirdiler.

Şeýle-de barlagçylar şaýatlaryň beren gürrüňleriniň ygtybarlylygyna baha bermek üçin wideolary we suratlary gözden geçirdiler, emeli hemra arkaly düşürilen suratlary seljerdiler, ýerde uçar gatnawlaryny yzarlaýjylaryň ýazgylaryny ele geçirdiler we uçarlaryň radio aragatnaşyklaryny diňlediler.

Halkara günä geçiş guramasy toplan maglumatlarynyň mazmuny boýunça Siriýanyň we Russiýanyň hökümetleriniň Birleşen Milletler Guramasyndaky hemişelik wekillerine we demirgazyk-günbatar Siriýadaky ýaragly toparlaryň iň uly koalisiýasyna hat iberdi.

4-nji maýa çenli guramanyň iberen hatlaryna jogap berilmändi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG