Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Media çeh resmilerini risin bilen zäherlemek “dildüwşügine” gatnaşan orsýetlini anyklady


Pragadaky rus Medeniýet we ylym merkeziniň direktory Andreý Konçakow
Pragadaky rus Medeniýet we ylym merkeziniň direktory Andreý Konçakow

Çeh mediasy Kremliň gaharyny getiren işlere baş goşan üç pragaly resmini zäherlemek dildüwşügidigi aýdylýanyň çäginde iki aý töweregi mundan ozal içi risinli çemodan bilen ýurda giren gizlin rus diplomatydygyny aýdýan adamyny anyklady.

10-njy maýda Çehiýanyň döwlet telewideniýesinde efire berlen “168 sagat” atly gepleşik ady aýdylmaýan howpsuzlyk çeşmeleriniň iki aý mundan ozal ýany zäherli Andreý Konçakowyň Praganyň Waslaw Gawel howa menziline howa ýoly bilen gelendigi hem-de ol ýerden çeh paýtagtynda uzak wagtlardan bäri rus içalyçylyk işleriniň öýjügi hasaplanýan Russiýanyň ilçihanasyna onuň awto ulag bilen äkidilendigi barada aýdan sözlerini getirdi.

34 ýaşly Konçakow “Seznam Zprawy” çeh habar saýtyna beren beýanatynda çemodanyň içinde “dezinfeksiýa serişdeleriniň hem-de süýjüleriň” bolandygyny aýdyp, aýyplamalary ret etdi.

“Bir ýalňyşlyk bolandyr” diýip, Konçakow habar saýtyna aýtdy we başga soraglara jogap bermek üçin özüniň ilki bilen Moskwadan rugsat almalydygyny aýdyp olardan ýüz öwürdi.

Daşary ýurtdaky tankytçylaryny nyşana almakda, şol sanda 2018-nji ýylda Britaniýada goşa agent Sergeý Skripaly “nowiçok” bilen zäherlemekde aýyplanýan Moskwa soňky aýyplamalary hem ret etdi. Kremliň metbugat wekili Dmitri Peskow munuň “toslama meňzeýändigini” aýtdy, beýleki rus resmileri bolsa bu habary ruslara garşy kampaniýanyň bir bölegi atlandyrdylar.

Rus ilçihanasy 11-nji maýda beren Facebook beýanatynda Konçakowyň näbelli wehimlere sezewar edilendigini öňe sürdi. Beýanatda ilçihananyň çeh polisiýasyndan Konçakowy goramagy soraýandygy mälim edildi.

Ýerli habar serişdelerine görä, çeh aňtaw gulluklary Konçakowy rus agenti bolmakda güman edýär. Bu aýyplamalary tassyklatmak üçin BIS çeh kontr-razwedka gullugy bilen habarlaşmak synanyşyklarymyz şowsuz boldy.

Jedelli taryh

Risin dildüwşügi baradaky maglumatlar ilki başda 26-njy aprelde “Respekt” çeh derňew neşiri tarapyndan habar berildi we bu habar çeh infrastrukturalaryna Russiýanyň goldaýandygy güman edilýän haker hüjümleri baradaky habarlaryň fonuna gabat geldi. Habarda öňe sürülýän risin hüjüminiň Praganyň häkimi Zdenek Hribe, şeýle-de şäheriň iki etrap häkimi Ondreý Kolara we Pawel Nowatnä garşy gönükdirilýändigi aýdyldy.

Hrib öldürilen Kreml tankytçysy Boris Nemsowyň adyny Russiýanyň Pragadaky ilçihanasynyň öňündäki meýdana dakmak baradaky çäräni goldady.

Kolar II Jahan urşunyň sowet generalynyň Praga 6-daky heýkelini aýyrmagy goldap çykyş etdi. Russiýa bu hereketi ýazgardy we munuň 1993-nji ýylda Russiýa bilen Çehiýanyň arasynda gol çekilen dostluk şertnamasynyň bozulmagy hökmünde derňeljekdigini aýtdy.

Heýkel 2018-nji ýylda ýadygärlikde täze düşündirişli tekst asylandan bäri Moskwany ynjalyksyzlandyryp gelýär. Täze tekstde sowet marşaly Iwan Konewiň 1956-njy ýylda Wengriýada bolup geçen anti-sowet gozgalaňyny basyp ýatyrmakdaky esasy roly, onuň Berlin diwarynyň gurluşygyna goşan goşandy we Praga bahary diýlip atlandyrylýan liberal reformalary basyp ýatyran 1968-nji ýyldaky Çehoslowakiýa çozuşyndaky taýýarlygy bellenilip geçildi.

Şondan soň Çehoslowakiýa Moskwa wepaly kommunist režimi tarapyndan ele geçirildi we bu režim 1989-njy ýylda geçirilen anti-kommunist Mahmal rewolýusiýasyna çenli dowam etdi.

Nowotny geçen ýylyň ahyrynda Praga etrabynda II Jahan urşunda faşistler bilen söweşen, ýöne urşuň soňky günlerinde Pragany azat etmäge kömek eden sowet gaçgaklarynyň Wlasow goşunyna ýadygärlik gurulmagyny tassyklanda Moskwanyň gaharyny getirdi.

Häzirki wagtda bu üç resminiň hem 24 sagat polisiýanyň goragyndadyklary habar berilýär. Premýer ministr Andreý Babiş “islendik dünýä güýçleriniň” Çehiýa respublikasynyň içerki işlerine goşulmak synanyşyklaryna ýol bermejekdigini aýtdy, ýöne birnäçe resmi munuň şeýledigine aç-açan salgylandy.

1968: SSSR-iň "Praga baharyny“ basyp ýatyrmagy
please wait

No media source currently available

0:00 0:04:34 0:00

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin II Jahan urşunda Ýaran güýçleriniň nasist Germaniýany ýeňmek tagallalarynda Sowet Soýuzynyň roluna ünsi çekdi, bu ritorika gabat gelmeýän ýa-da oňa ähmiýet bermeýän islendik fakty tankytlady ýa-da äsgermezçilik etdi. Sowet Soýuzy II Jahan urşunda iň köp ýitgi berdi, ýöne onuň territoriýalary basyp almagy ýa-da azat etmegi Gündogar Ýewropada, şol sanda Çehoslowakiýada Moskwa tarapdar kommunist režimleriň hökmürowanlygyna ýol açdy.

“168 sagat” gepleşiginiň habaryna görä, Konçakow irki habarlarda aýdylyşyndan has ir, 14-nji martda bagažynda risin bilen Praga geldi. Diplomat bolandygy üçin onuň bagažy adaty düzgünlere laýyklykda çeh gümrük resmileri tarapyndan barlanmaýar.

“Seznam Zprawynyň” habaryna görä, Konçakowy aeroportda Russiýanyň Federal howpsuzlyk gullugynyň (FSB) agenti bolmakda güman edilýän hem-de rus diplomatlaryna diňe bir fiziki howpsuzlyk üpjün etmek däl, eýsem olaryň ýanyndaky dokumentleriň ýa-da beýleki serişdeleriň howpsuzlygyny üpjün etmek hem tabşyrylandygy aýdylýan, şeýle-de habarda ady Aleksandr A. diýlip görkezilýän Rus ilçihanasynyň sürüjisi garşy aldy.

Garaňky adam

Konçakowyň 1986-njy ýylda Moskwada doglandygy çak edilýär, ýöne ol barada jemgyýetçilige açyk beýleki maglumatlar az, gümürtik hatda görnüşinden gapma-garşylykly. Düýbi Moskwada ýerleşýän The Insider derňew saýtynyň maglumatlaryna görä, Konçakow Moskwanyň Inženerçilik we fizika institutyny (MIFI) tamamlady.

Jemgyýetçilige açyk maglumatlara görä, onuň okuwy haçan tamamlandygy aýdyň däl. The Insider Konçakowyň daşary ýurtlardaky rus raýatlarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerine gözegçilik wezipesi tabşyrylan döwlet eýeçiligindäki “Rossotrudniçestvo” agentliginde Pragada işläp başlandygyny aýdýar.

Şeýle-de, ol 2017-nji ýylyň dekabr aýyndan bäri Russiýanyň Pragadaky Ylym we medeniýet merkeziniň müdiri hökmünde görkezilýär. Merkeziň websaýty Konçakowyň MIFI-de bilim alandygyny aýdýar, ýöne institutyň adyny Milli ýadro ylmy barlag uniwersiteti, MEPhI, hökmünde görkezýär. Ýagdaýy has bulaşdyryp, onda Konçakowyň bilim alan ugrunyň halkara gatnaşyklardygy aýdylýar.

“Seznam Sprawy” neşirine görä, Konçakow birnäçe ýyl bäri Çehiýa respublikasynda ýaşaýar, ýöne diplomat statusyny diňe geçen ýyl aldy.

“Rossotrudniçestwonyň” başlygy Ýelena Mitrofanowa bu habarlary “esassyz prowakasiýa” atlandyrdy.

XS
SM
MD
LG