Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Biperwaýlykmy ýa-da syýasy plan? Täjigistan näme üçin koronawirus baradaky maglumaty ýaşyrdy?


Illýustrasiýa suraty

Täjigistanda koronawirusyň bardygynyň resmi taýdan uzak wagtlap ýaşyrylmagy hem saglygy saklaýyş pudagyndaky ukypsyzlyk beýle krizisiň öňünde durmakdan ejizdigini görkezdi. Ýurduň bilermenleri hem köp ýaşaýjylary muny hökümetiň bagyşlap bolmajak ýalňyşlygy hasap edýärler.

Öz gezeginde, hökümetiň tarapdarlary resmiler milletiň arasynda dowul ýaýratmak islemediler, şeýlelik bilen jemgyýetiň durnuklylygyny saklamaga çalyşdylar diýýärler.

Ekspertleriň aýtmagyna görä, Täjigistanda täze dörän wirusyň öňüni almak üçin, dört aý çemesi wagt bolupdy. Şeýle-de bolsa, hökümetlere «gaýgy-aladasyzlyk strategiýasy we informasiýalaryň ýaşyrylmagy»näme üçin gerek boldy?

Günäkär eks-ministrmi?

Täjigistanyň hökümetinde 30 ýyllyk tejribesi bolan adamyň aýtmagyna görä, saglygy saklaýyşyň eks-ministri hem-de hökümetde ol pudaga ýolbaşçylyk edýän resminiň günäsi bilen ýurtda koronawirus meselesinde birden şeýle agyr ýagdaý döredi. Gizlinlik şertinde Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeş bolan resmi şeýle diýdi.

Nasim Olimzoda eýeleýän wezipesinden 5-nji maýda boşadyldy.
Nasim Olimzoda eýeleýän wezipesinden 5-nji maýda boşadyldy.

«Ministr hökümet maslahatlary geçende, prezidente öz maglumatlaryny gowşurýardy hem ýagdaýyň kontrol astyndadygyna ynandyrýardy. Garaşylmadyk ýagdaý ýüze çykan halatynda, saglygy saklaýyş ulgamynda müňlerçe wraçyň hem birnäçe müň adamlyk keselhana orunlarynyň taýýardygyna kepil geçýärdi. Hemmeler oňa ynandylar. Meniň pikirime görä, beýle şertde biz iň möhüm mesele barada biperwaýlygyň dowam edendigini görýäris. Biz ýalanyň dowam edendigini, beýle ýagdaýyň öň hem käbir çinownikler tarapyndan ýol berlendigini, muňa olaryň öwrenişendigini, ýalanyň olaryň elinden gelýändigini görýäris. Ýöne ol bu gezek geçmedi. Beýleki tarapdan, saglygy saklaýyş ulgamynyň ýolbaşçysynyň agzyndan şeýle informasiýalaryň aýdylmazlygy beýlekileri arkaýynlyga saldy hem hakykatdaky şertleri biljek bolmadylar. Eger emele gelen ýagdaý prezidente doly ýetirilen bolsa, ol beýle maglumata hiç wagtda äsgermezçilik edip bilmezdi»diýip, ol resmi aýdýar.

Azatlyk Radiosynyň Saglygy saklaýyşyň eks-ministri Nasim Olimzoda bilen aragatnaşyk açmak synanyşygy netijesiz tamamlandy. Ýöne Azatlyk onuň pikirini islendik wagtda diňlemäge taýýar.

Hökümetiň beýleki bir agzasy bolan Ýodgor Faýzowyň sözüne görä, saglygy saklaýyş pudagynda koronawirusyň ýaýramagyna garşy taýýarlyk «ol resmi taýdan yglan edilmänkä başlanypdyr, sebäbi bütin dünýä ýaýran wirusyň irde-giçde ýaýrajakdygyna hemmeler düşünýärler; ahyrynda ol biziň ýurdumyzda-da peýda boldy»diýýär.

Biz ondan näme üçin merkezi hökümet owal başda Täjigistanda koronawirusyň bardygyny ýaşyrdy diýip soranymyzda, Ýodgor Faýzow şeýle diýdi: «Onuň ýaşyrylandygyny ýa-da däldigini men aýdyp bilmen. Ýöne pandemiýanyň bütin dünýäni gurşap alandygyny, çäklendirmeleriň girizilendigini akyly bar adam bilýär. Ony, ine, indi aýan etdiler, näme üýtgän zat bar?»

«Ony indi aýan etdiler, näme üýtgän zat bar?»diýen pikiri biz Radionyň okyjylarynyň ýazýan kommentariýalaryndan hem görýäris. Ýöne beýleki döwletleriň tejribesi millete öz wagtynda informasiýa bermegiň kesele garşy ünsüň ýokarlanmagyna getirýändigini görkezdi hem belki-de ölümiň ýokary bolmagyny azaltdy. Goňşy Özbegistanda koronawirusyň bardygy 15-nji martda aýan edilipdi, indi ol ýurtda koronawirus bilen kesellänleriň sany azalyp barýar. Muny Gazagystan 13-nji martda, Gyrgyzystan hem 18-nji martda aýan etdiler. Täjigistan bolsa koronawirusyň bardygyny diňe 30-njy aprelde aýtdy.

Beýleki bir statistika: 15-nji martdan häzirki güne çenli, ýagny iki aýyň dowamynda Özbegistanda koronawirusdan 10 adam ýogaldy, Gyrgyzystanda 12, Täjigistanda bolsa diňe başky iki hepdäniň dowamynda 23 adam aradan çykdy. Gazagystanda ölüm derejesi ýokarrak, olarda 32 adama ýetdi. Ýöne olaryň ilat sany Täjigistandan iki esse artyk. Mundan daşary-da, Täjigistanyň berýän maglumatyna köpler şübheli garaýar.

«Tagt mirasçysy»operasiýasynyň pidasy»

Garaşsyz žurnalist Irşod Sulaýmoni “häkimiýetler şol günlerde bolan syýasy öwrülişigiň ähmiýetini peseltmek islemediler” diýýär. «Bu awtoritar syýasat ýöredýänler üçin örän häsiýetli. Ýöne informasiýalary ýaşyrmak entegem dowam edýär. Halka ýetirilýän statistika örän pes. Adamlar hem jemgyýet aslynda nähili heläkçiligiň bolup geçýändiginden habarsyz, şonuň üçinem howpuň öňüni alar ýaly ýeterlik çäre görüp bilmeýärler... Munuň ählisi milletiň hökümete bolan ynamyny öňküsindenem azaldýar»diýip, ol belleýär.

Azatlyk Radiosynyň sorag-jogap geçiren bilermenleriniň aglabasy hökümetleriň koronawirus baradaky maglumaty ýaşyrmagy býurokratik geleňsizlik bolman, eýsem öňden oýlanyşykly plana meňzeýändigini aýdýarlar. Olaryň sözüne görä, bu ýalňyşlyk owaly bilen Sogdi welaýatynda Nowruz baýramynyň geçirilmegi sebäpli başlanýar. Bilermenleriň pikirine görä, beýle şowhunly dabara Rustam Emomalini ýurduň 2-nji ýolbaşçysy wezipesine bellenmek üçin gerek bolupdyr.

Rustam Emomali, Täjigistanyň prezidentiniň ogly 17-nji aprelde ýurduň parlamentiniň ýokary palatasynyň başlyklygyna saýlandy.
Rustam Emomali, Täjigistanyň prezidentiniň ogly 17-nji aprelde ýurduň parlamentiniň ýokary palatasynyň başlyklygyna saýlandy.

Syýasy synçy Abdulmalik Kodirow: «Gynansak-da, döwlet derejesinde pikir edip, häzir toý-dabara etmegiň wagty däldigini, häzirki wagtda epidemiologiýa şertlere aýratyn üns bermelidigini, dünýäde wirusyň öňüni almak barada çäreleriň geçirilýändigini prezidente ynandyryp biljek biri olaryň arasynda ýok»diýýär.

“Onsoňam Rahmon hökümeti öz ogluna geçirmek meselesini öňden oýlanyp gelýärdi. Ogly Rustamy «2-nji adam»etmek ýa-da «Tagt mirasçysy»bellemek pandemiýadan has öň nazarda tutulypdy. Ýöne ony geçirmek çäresi biziň ýurdumyzda koronawirusyň ýaýran pursadyna gabat geldi. Başga söz bilen aýdylanda, epidemiýa «Tagt mirasçysy»operasiýasynyň pidasy»boldy” diýip, ekspert aýdýar.

Bi-Bi-Сi gullugynyň Täjigistandaky öňki ýolbaşçysy Isfandiýor Odina hem hökümetleriň koronawirus baradaky maglumaty ýaşyrmagyny pudak hem syýasy maksat bilen baglanyşdyrýar. “Pudaklar barada aýdylanda, Täjigistanyň saglygy saklaýyş pudagy «gaýgy-aladasyz ukuda», şonuň üçinem abanjak howpa garşy öz wagtynda ýeterlik taýýarlyk görüp bilmedi. Hususan-da, wraçlara COVID-19bejermek barada diagnostika rekomendasiýasy hem onuň öňüni almagyň protokollary berilmedi, olar uzak wagtlap pnewmoniýa bilen koronawirus infeksiýasyny kesgitläp bilmediler” diýip, Isfandiýor Odina aýdýar.

Azatlyk Radiosynda bar bolan maglumata görä, «CОVID-19infeksiýasynyň profilaktiki çäreleri, diagnostikasy hem-de koronawirusy bejermegiň wagtlaýyn metodiki rekomendasiýasy»ministr Olimzoda tarapyndan diňe 13-nji aprelde tassyk edilipdir. Ýöne 6-njy aprelde 60 ýaşly näsagyň koronawirus alamatlary bilen ölendigi hakda maglumat ýaýrady. Soňra ol näsagy bejeren wraçlar hem medisina işgärleri – jemi 11 adam karantine alyndy hem Täjigistanda görülmedik pnewmoniýanyň ýaýrandygy barada gürrüňler çykyp başlady. Ol näsagyň ýogalmagynyň sebäbini bolsa pnewmoniýa bilen baglanyşdyrdylar.

Isfandiýor Odina koronawirus baradaky maglumatyň ýaşyrylmagynyň syýasy matlabynyň hem bardygyny aýdýar. “Adamlar hökman meýdanda işlemelidi. Geň pnewmoniýa baradaky ilkinji maglumatyň ýaýramagy, ekiş wagtyna gabat geldi. Onuň üstesine-de Nowruzy, Milli Mejlise geçen saýlawlary, Rahmonyň oglunyň senata başlyk bolmagyny we gaýrylary baýram etmelidiler. Bu wakalar yzly-yzyna geldi. Täjigistanda ähli meseläni bir adam – diňe Rahmonyň özi çözýän wagtynda, ministrler hem beýleki ýolbaşçylar oňa nämedir bir zady maslahat bermäge erk edip bilmezler”.

Serhetleriň ýapylmagy,Täjigistana gelýän importyň azalmagy bilen oba hojalygy-da öz ähmiýetini bildirdi, önümler ýetmän başlady hem azyk önümleriniň bahasy birden ýokarlandy. Bu dörän krizisi aradan aýyrmak üçin, hökümet her daban ýeri ekin üçin peýdalanmagy öňe sürdi. 2-nji maýda prezident Rahmon ýazky ekişiň çaltlaşdyrylmagyny talap etdi.

Londondaky Merkezi Aziýa barlaglary boýunça bilermen Jon Hizerşou: «awtoritar döwlet öz ýalňyşyny boýun almak islemeýär»diýdi. «Milletiň atasy»ýagdaýa kontrollyk edýändigini tassyklaýar, şonuň bilen birlikde, öz halkynyň doly üpjünçilikde ýaşamak jogapkärçiligini öz üstüne almaýar.Men haçan-da bolsa bir wagt Täjigistanda COVID-19wirusyndan ölenleriň takyk sanyny biljekdigimize ynam edemok»diýip, Jon Hizerşou aýdýar. Ol bilermeniň pikiriçe, hakyky sanlar resmi taýdan azaldylýar. Koronawirusyň pidalary barada resmi bolmadyk sanlarda onuň 150 adama ýetendigi aýdylýar. Ýöne «halk»sanawynyň hem takyklygy belli däl, her halda ol bilermeniň pikirine goltgy berýär.

Bilermenleriň aýtmagyna görä, hökümetleriň şeýle ýalňyş hereketi ahyrky netijede millete hem ýurdup ykdysadyýetine agyr zarba urýar. Saglygy saklaýyş pudagynyň taýýarlyk derejesiniň gowşak bolmagynyň geljekde-de şertleri agyrlaşdyrmagy mümkin. Bu ýagdaý Täjigistana sapar eden BSG delegasiýasynyň ekspertleri tarapyndan, 12-nji maýda mälim edildi hem ýurtda epidemiýanyň ýokary derejesiniň entek aradan aýrylmadygy mälim edildi.

Material AÝ/AR-nyň Täjikgullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG