Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Eýran Wenesuela barýan nebit tankerlerine ABŞ gatyşsa, oňa “berk gaýtawul” berjekdigini duýdurdy


Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif

Eýranyň nebit ýükli bäş tankeri Wenesuela tarap barýan wagty, Eýran ABŞ-a Karib deňzinde “garakçylyk” etmezligi duýdurdy.

Tankerler ýokary derejeli ABŞ resmisiniň krizisden ejir çekýän Wenesuela Eýranyň ýangyç ibermegine ABŞ-nyň nähili gaýtawul berip biljekdigine seredilýändigini 14-nji maýda “Roýters” habar agentligine aýdýan wagty ýol aşýar.

Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif 17-nji maýda Birleşen Milletler Guramasynyň başlygy Antonýu Guterrişe ýazan hatynda “Eýranyň ýangyjynyň Wenesuela iberilmegine päsgel bermek maksady bilen” ABŞ-nyň “Karib deňzine goşun ibermegi” barada ABŞ-a duýduryş berdi.

Eýranyň daşary işler ministrliginiň websaýtynda çap edilen beýanata görä, Zarif Birleşen Ştatlaryň “dünýä arenasynda beýlekileri gorkuzmagy bes etmelidigini” we onuň halkara deňiz kanunlaryna hormat goýmalydygyny aýtdy we ABŞ-nyň islendik hereketini “halkara parahatçylyga we howpsuzlyga uly howp hem-de garakçylyk” atlandyrdy.

Eýranyň daşary işler ministriniň orunbasary Abbas Arakçi Şweýsariýanyň Tährandaky ilçisini çagyryp, oňa birmeňzeş duýduryş berdi. Ol ABŞ-nyň Eýrandaky bähbitlerine wekilçilik edýän şweýsar ilçisine ABŞ-nyň tankerlere abandyrjak islendik howpuna “gyssagly we berk gaýtawul” beriljekdigini duýdurdy.

ABŞ-nyň birtaraplaýyn girizen sanksiýalary Eýranyň we Wenesuelanyň nebit pudagyny hem-de beýleki pudaklaryny nyşana aldy, Tährany zerur nagt puldan mahrum etdi we Wenesuelanyň erbet dolandyrylýan ykdysadyýetine basyş etdi.

Tähran bir döwür Latyn Amerikasynyň iň uly nebit öndürijisinde ykdysady we syýasy bulam-bujarlygyň alamaty bolan benzin ýetmezçiligi döwründe nebiti gaýtadan işleýän zawodlara niýetlenen himiki maddalary uçarlarda iberip, prezident Nikolas Madura kömek etdi.

Iki ýurt hem ABŞ-nyň sanksiýalary astynda bolandygy üçin halkara maliýe düzümleriniň daşynda olary birek-birek bilen göni söwda etmekden saklajak zat az.

Geçen aý ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Wenesuela boýunça wekili Elliot Abrams Wenesuelanyň kynçylyk çekýän energiýa pudagyna ýardam bermek üçin Eýrana altyn töleýändigini öňe sürdi we Waşingtonyň iki garşydaşynyň arasyndaky barha artýan hyzmatdaşlygy ýazgardy.

Eýranyň bäş tankeriniň bahasy azyndan 45,5 million dollara barabar ýangyç alyp barýandygy çak edilýär.

“MarineTraffic” gämileri yzarlaýyş gullugyna görä, gämileriň dördüsi (“Petunia”, “Fortune”, “Forest” we “Faxon”) Ortaýer deňzinden hem-de Sues kanalyndan geçip eýýäm Atlantika bardy.

“Clavel” atly ýene bir gämi 18-nji maýda heniz hem Ortaýer deňzindedi.

Soňky dartgynlylyk aprel aýynda ABŞ-nyň Harby deňiz güýçleriniň Eýrany Pars aýlagynda gämilere azar bermekde aýyplamagynyň yzýany ýüze çykýar.

Geçen ýyl Eýran öz suwlarynda gämileri ele geçirdi we Britaniýa Eýran tankeriniň sanksiýalary bozup, Siriýa nebit we ýangyç alyp gitmeginiň öňüne geçmek üçin gysga wagtlyk ony ele geçirdi.

Birleşen Ştatlary Tährany Pars aýlagynda birnäçe gämä hüjüm etmekde aýyplaýar.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Tähranyň dünýä güýçleri bilen baglaşan ýadro şertnamasyndan 2018-nji ýylda çekilenden soň, iki ýurduň arasyndaky dartgynlylyk has-da güýçlendi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG