Golaýda Nýu-Ýorkda her ýylda geçirilýän «Traýbeka» (Tribeca Film Festival, TFF) halkara kinofestiwalynda asly Gyrgyzystandan bolan Assol Abdullina «Gowy aktrisa» derejesi boýunça ýeňiji boldy. Ol režissýor Dewid Gutnikiň «Enelik» («Materna») atly doly metražly filminde oýnap, aýal roluny iň gowy ýerine ýetiren aktrisa hökmünde ýeňiş gazandy.
– Assol, sizi «Gowy aktrisa» baýragyny almagyňyz bilen gutlaýarys. Şeýle hormatly kinofestiwalda ýeňijileriň hatarynda öz adyňyzyň aýdylan pursadynda, nähili duýgyny başdan geçirdiňiz?
– Gutlagyňyz üçin sag boluň! Dogrymy aýtsam, ýeňijileriň atlarynyň aýdylýan pursadyny men duşumdan geçirdim. Soňky dörän ýagdaýlar sebäpli «Traýbeka» kinofestiwaly bu ýyl onlaýn arkaly geçirildi. Efirden öň ony guraýjylar ýeňijiler bilen duşuşdylar hem olaryň muňa begenjini wideo ýazgy etdiler. Maňa hem meniň režissýoryma beýle jaň gelmedi, şonuň üçin men aýratyn bir duýgyny başdan geçirmän, diňe dabaranyň barşyna seredip oturdym.
Haçan-da, men çagamy ýatyrmak üçin beýleki otaga geçenimde, režissýor jaň edip: “Assol, sen ýeňdiň!” diýip, bar sesi bilen gygyrýar. Men huşumy uçuryp, nämeleriň bolanyny aňşyrmadym. Özüme gelip, Internet arkaly örän uly neşirler bolan New York Times, Times, Hollywood Reporter ulgamyndan, «Traýbeka» kinofestiwalynda «Gowy aktrisa» baýragy Assol Abdullina berildi» diýen habary tapdym. Diňe şondan soň öz ýeňşime ynanyp, oňa begendim. Özümde Gyrgyzystana bolan buýsanjy duýdum, sebäbi bu Gyrgyzystandan bolan aktrisanyň «Traýbekadaky» ilkinji ýeňşidir.
– Siz «Traýbeka» festiwalynda «Gowy aktrisa» baýragyny «Enelik» filminde oýnan roluňyz üçin aldyňyz. Siz ol filme kömekçi ssenariýaçy hökmünde-de gatnaşdyňyz. Siz bu filme nädip girişdiňiz?
– Filmiň režissýory Dewid Gutnik bilen meni «Sandens» festiwalynda kompozitor Katýa Mihaýlowa tanyşdyrdy. Katýa örän belli kompozitor, kinofilmlere saz ýazýar. Onuňam asly Gyrgyzystandan.
Owal başda biz Dewid bilen diňe gürrüň etdik. Asyl şol wagt biziň ikimizem film barada oýlanýan ekenik, ol hem men ýaly döredijilik gözleginde eken. Öz pikirimi aýdanymda, ol meni goldady. Ertesi gün jaň edip, bilelikde işleşmegi teklip etdi. Şeýdip, biz bilelikde işläp, filmiň ssenarisini ýazdyk.
– Filmiň enelik barada gidýändigini okadym. Ol ýerde gomofobiýa, abort hem zorluk meseleleri-de gozgalýar. Jemgyýetdäki bu meselelere ýüzlenmäge näme itergi berdi?
– Filmde 4 aýal gahryman bar, olaryň birini abort meselesi alada goýýar, ikinjisini – gomofobiýa, üçünjisi bolsa zorlukdan ejir çekýär. Olaryň ählisini enelik birleşdirýär.
Ol filmden belli bölek 2018-nji ýylyň güýzünde Bişkekde surata düşürildi. Gyrgyzystanda alnan bölege režissýory Dewid Gutnik hem prodýusser Maýa Margolinadan daşary-da, kameraman hökmünde Žaýe Жае (Chananun Chotrungroj) çagyryldy. Ol zenan Elnura Osmanaliýewanyň «Seýde» atly gysga metražly filminde operator bolupdy. Dewid onuň bilen işleşmegi diýseň halaýar.
– Döreden gahrymanyňyz – Perizat barada aýtsaňyzlaň. Ol nähili zenan?
– Ol gyz Gyrgyzystandan. Edil men ýaly, soňra Nýu-Ýorkda ýaşaýar. Watanyna dolanyp baranynda, maşgalasynda heläkçilik ýüze çykýar. Entek öz hossarlary bilen ýaşaýan wagtynda, öz içki howsalasynyň sebäplerini agtarýar, şonda durmuşdan özüniň kanagatlanmaýandygyny duýýar.
– Bu tema size nä derejede ýakyn?
– Bu maňa örän ýakyn, men öz hossarlarymdan gaty uzakda ýaşaýan, dürli pikirler hem täsirler meni günüme goýanok. Men Amerika mundan 15 ýyl öň geldim. Gyrgyzystanda ýaşamasam-da, o ýerde meniň öýüm hem ýakynlarym bar. Öň her ýyl gidip gelýän bolsam, indi 2 ýyldan bir gezek barýan.
Amerikada men durmuşa çykdym, meniň çagam bar. Şeýlelikde, men Gyrgyzystanda ýaşamok, şol wagtda Amerika-da ýerleşip bilemok. Men göýä iki ýurduň arasynda ýaly. Şonuň üçin men ekranda döredýän gahrymanyma Perizat adyny dakdym, ol sözüň düýbi – peri. Ol hem men ýaly durmuşda öz ornuny hem muňa näme maksat bilen gelenini tapmak üçin giňişlikde gaýýar.
– Aýdyşyňyz ýaly, filmde 4 aýalyň durmuşy görkezilýär. «Traýbeka» festiwalynda näme üçin aýratyn size «Gowy aktrisa» baýragy berildi?
– Munuň sebäbini biz bilemzok. Doly metražly filmlerde baş gahryman mydama ekranyň 90% wagtyny alýar. Meniň gahrymanym bolsa filmiň ¼ bölegini tutýar, beýleki wagtlar galan üç gahrymana degişli. Belki-de, kinofestiwalyň emin agzalaryna meniň döreden gahrymanym ýarandyr. Bu meniň üçin doly garaşylmadyk ýagdaý boldy.
– Şeýle meşhur kinofestiwalda ykrar edileniňizden soň, sizi beýleki has täsirli proýektlere çagyrmaga şert dörärmi? Sizi belli režissýorlaryň görendigine umyt barmy?
– Bu baýrak meniň ömrümiň täze sahypalaryny açar diýen umydym bar. Meni ýokary derejeli proýektlere çagyrmaklary mümkin, ýöne häzirki dörän ýagdaýda bu ýeňil däl, karantin sebäpli bar ýerler doňup galdy. Pandemiýa bolmasa, režissýorlar bilen aragatnaşyk açmaga gowy pursat emele gelipdi.
Maňa birnäçe telekompaniýalaryň kasting bölümlerinden jaňlar gelip başlady, munuň özi gowy alamat. Meniň özümem gözlegde, haýsydyr bir proýekte çagyrarlar diýip garaşyp oturamok. Häzir ssenariý ýazýan, 2-3 proýektim bar.
– Nýu-Ýorkdaky aktýorlyk durmuşyňyz barada aýdaýsaňyz, Amerikada aktrisa bolmak kynmy?
– Aňsat däl, sen Amerikadan bolsaň kyn, daşardan gelen bolsaň birnäçe esse kyn. Owaly bilen meniň keşbim aziýalynyň sypaty, iňlis dilini bolsa rus aksenti bilen gürleýän. Men çalgyrt dilimiň üstünde işläp, ony düzetjek bolýan. Şonda-da meniň amerikaly däldigim bildirýär. Kastingde maňa nähili rol berjeklerini bilmän ýaýdanýarlar.
Ikinji tarapdan, biziň işimizde bir işe ýerleşeňsoň, o ýerde hemişelik galmak mümkinçiligi ýok. Her bir iş şol proýekt gutarýança dowam edýär. Şonuň üçin mydama sen täze işiň gözleginde bolýaň, ähli gapylary kakyp çykýaň. Bäsleşik örän ýokary, bir zada ýapyşaýmak gaty kyn. Men teatrda-da işleýän, ol ýerde-de iş ýeňil däl. Her alty aýdan saňa täze bir rol berseler, bu köp aýlap seniň döredijilik hyjuwyňy kanagatlandyrýar. Garaz, aktrisa bolup gazanç etmek ýeňil däl. Az hak tölenýän proýektler bar, şeýle proýektler bar, asla hiç zat tölenmeýär. Şonuň üçinem Nýu-Ýorkda aktrisa boljaklara öňünden gowy oýlanmagy maslahat berip bilerin.
– Siz näme üçin şu hünäri saýladyňyz we näme sebäpden hut Nýu-Ýorkda galdyňyz?
– Gyrgyzystanda men bir model agentliginde işledim. Şonda men belli modelýer Dilbar Aşimbaýewa bilen hyzmatdaşlyk sakladym. Onuň adamsy Talgat Asyrankulow režissýordy, ol meni synaga çagyrdy. Şeýdip, men gazak-gyrgyz filmi bolan «Jennet guşunda» oýnadym.
2005-nji ýylda AUSA-da okuwymy gutaranymdan soň, Amerikada statistika boýunça magistrlik derejesini aldym. Waşingtondaky ýuridiki kompaniýada işe başladym. Şol wagtyň özünde meni kino sungaty-da mydama özüne çekdi. Bu ugurdan okuwa başlanymda, hut şonuň meniň hünärimdigine göz ýetirdim. 10 ýyl bäri aktrisa hökmünde çykyş edip gelýän.
Kä wagt meni statistika hünärine bolan pikirler özüne çekýär, aýratynam öňki kärdeşlerimi görenimde. Olaryň stabil işi bar, aýlyklary oňat. Belki, maňa-da şeýle etmek gerekdir diýip oýlanýan. Başga zady pikir etmän, medisina kepilnamalaryny dolduryp oturmaly, ýöne meniň göwnüm sungata tarap çekýär.
Her ýylda Nýu-Ýorkda geçirilýän «Traýbeka» (Tribeca Film Festival, TFF) halkara kinofestiwaly 2002-nji ýylda Robert De Niro, Jeýn Rozental hem Kreýg Hatkoff tarapyndan esaslandyryldy. Festiwalyň maksady gysgaça TriBeCa diýilýän Traýbeka raýonynda (iňlisçe – Triangle Below Canal Street) 11.09.2001-nji ýylda bolup geçen terror aktyna kinematografiýa işgärleriniň ünsüni çekip, Aşakky Manhetteniň has agyr zyýan çeken işewür jemgyýetiniň işini ýaňadan janlandyrmakdan ybarat. Festiwalyň baş missiýasy kinematografiýa işgärleriniň jemgyýetçilik aňyna öz täsirini ýetirmegi hem-de garaşsyz kinonyň meşhurlygyny artdyrmak bolup durýar.
Material AÝ/AR-nyň Gyrgyz gullugy tarapyndan taýýarlandy.