Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

COVID-19 döwründe ykdysadyýet: Gazagystanda we dünýäniň beýleki ýurtlarynda işsizler tolkunyna nähili hötde gelýärler?


Egni gorag kostýumly 12 ýaşly oglan mugt berilýän ynsanperwer ýardamyny almak üçin, öz nobatyna garaşýar. Waşington, ABŞ.
Egni gorag kostýumly 12 ýaşly oglan mugt berilýän ynsanperwer ýardamyny almak üçin, öz nobatyna garaşýar. Waşington, ABŞ.

COVID-19 infeksiýasyndan ölýänleriň sanynyň artýandygy barada gürrüň gitmäýende-de, beýleki görkezijiler hem örän hopukdyryjy. Dünýäniň ähli ýurtlary gönüden-göni ykdysadyýete bagly bolan saglygy saklaýyşda hem halkyň sosial üpjünçiligi meselesinde peýdaly usullary tapmaga dyrjaşýarlar. Ýöne krizis netijesinde köpçülikleýin işsizlik emele geldi.

Ýer ýüzüniň işçi güýjüniň deň ýary – 1,6 milliard adamyň 2020-nji ýylyň birinji ýarymynda öz girdejisini ýitirmegi mümkin. Bütindünýä Zähmet Guramasynyň (BZG) soňky gelen çaklamasy şeýle.

BMG degişli bolan bu gurama iş sagatlarynyň görülmedik derejede peseljekdigini çaklaýar, ekwiwalentlikde 305 million iş ornunyň ýarysynda iş bolar. Ykdysady aktiwlik peseler, oňa degişlilikde garyplygyň derejesi, hatda işini saklap galan adamlaryň arasynda hem mätäçlik ýokary galar. Aýratyn-da, ownuk söwda pudagy, senagat önümçiligi, maşynlaryň remonty, jaý gurluşygy, gozganmaýan emläkler hem azyk pudagynda işleýänler has agyr zyýan çeker.

Ýagdaý dünýäniň bar ýerinde bir meňzeş. Iş sagatlarynyň iň köp ýitirilen ýerleri Demirgazyk hem Günorta Amerika – olarda 12%-den gowrak, onuň yz ýanyndan Merkezi Aziýa – 11,8%, dünýäniň beýleki sebitlerinde hem 9,5%-den aşýar.

Ýurtlar öz graždanlarynyň saglygyny hem-de ykdysadyýetini götermek işine dürlüçe çemeleşýärler.

GAZAGYSTAN: ADATDAN DAŞARY ÝAGDAÝ AÝRYLAN WAGTYNDA

Gazagystan Merkezi Aziýadaky iň uly ykdysadyýete eýelik edýän ýurt, bu ýurtda koronawirus infeksiýasyna ýoluganlaryň sany hem artyk, megerem, ol Orsýetiň täsirinden bolsa gerek. Gazagystanda 11-nji maýda adatdan daşary ýagdaý ýatyryldy.

Almaty bazarynyň girelgesindäki adamlar. Gazagystan. 2020-nji ýylyň 25-nji apreli.
Almaty bazarynyň girelgesindäki adamlar. Gazagystan. 2020-nji ýylyň 25-nji apreli.

Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew aýratyn indiwidual girdeji salgydyndan ýüz öwürýändigini aýtdy, girdejisi az bolanlardan tutulýan salgydy azaldyp, muňa derek köp girdeji gazanýanlar üçin salgydy ýokarlandyrdy.

Oblastlarda we şäherlerde koronawirusa täzeden ýolugýanlaryň sanynyň azalýandygy nazarda tutulyp, täze kanuna laýyklykda, birnäçe biznes merkezleriniň açylmagyna, şol sanda bölek söwda, edara jaýlaryna, üsti açyk bolan bazarlaryň işlemegine şert dörediler. Şol wagtyň özünde Gazagystanyň ylmy-önümçilik birleşikleri prezident Tokaýew tarapyndan hökümet koronawirusyň ýaýramagyna garşy 13 milliard dollar harç etdi diýen beýanatynyň açyklanmagyny talap edýärler.

ABŞ: PUL PROBLEMASYNDA ULY GÜRLEMEK

Dünýäniň iň iri ykdysadyýeti birdenkä ýokary galan işsizlik derejesi bilen ýüzbe-ýüz boldy. Sosial ýardamlary berýän agentlikler hem guramalar mümkinçiligi pes bolanlary ýetişip bildiginden, azyk önümleri bilen üpjün edýärler. Ýurtda infeksiýanyň derejesi iňňän ýokary bolsa-da, ykdysadyýeti açmaga çagyryşlar bar.

ABŞ-da karantine garşy aksiýa.
ABŞ-da karantine garşy aksiýa.

Aprel aýynda işsizligiň derejesi 14,8 % boldy, bu görkeziji 1930-njy ýyldaky Beýik durgunlyk döwründen hem ýokarydyr. Kongressiň býujet çaklamalary baradaky komiteti bu görkezijiniň ýylyň aýagyna çenli 12% derejesinde saklanjagyny aýdýar.

ABŞ-da infeksiýa kesellerini öwreniji esasy bilermen Entoni Fosi Senatda eden çykyşynda, eger çäklendirmeler örän çalt aradan aýrylsa, amerikanlylaryň «islenmeýän kynçylyk hem ölüm» bilen ýüzbe-ýüz boljakdygyny aýtdy. Ol ştatlary prezident Donald Tramp tarapyndan «Amerikany täzeden açmak» planynda aýdylanlara eýermäge çagyrdy.

Ýöne Trampyň ykdysadyýet boýunça maslahatçylary ýagdaýyň agyrlaşjakdygyny, maý hem iýun aýlarynda işsizligiň 20% ýetjekdigini aýdýarlar. Olar ykdysadyýete öwezini dolup bolmajak zyýandan gutulmak hem bu görkezijini peseltmek üçin, ykdysadyýeti çaltrak açmagyň zerurdygyny aýdýarlar.

Gaýragoýulmasyz kömek programmasy barada aýdylanda, býujeti ösdürmek üçin, ABŞ umumy möçberi üç trillion dollarlyk programmalar toplumyny kabul etdi. Olaryň ilkinjisi ýurduň taryhyndaky iň uly iki trillion dollar maý aýynda kabul edildi. Ol serişdäni ABŞ işsiz galanlara, ykdysadyýetiň esasy ugurlaryny düzýän sektorlara hem-de kiçi biznese karz ýa-da gönüden-göni ýardam hökmünde goýberdi.

Nýu-Ýorkda koronawirus näsagynyň keselhana getirilişi.
Nýu-Ýorkda koronawirus näsagynyň keselhana getirilişi.

Häzir kongresmenler ýene bir kömek paketini maslahat edýärkä, parlamentdäki demokratlar graždanlara gös-göni ýardam bermek aktynyň kadalaryny işläp düzdüler. Oňa biznes obýektlerini maliýeleşdirmek, has agram düşen ştatlara hem şäherlere ýardam bermek, studentlere, kireý hem ipoteka töleglere karz bermek göz öňünde tutulýar.

Bu çärler, elbetde, respublikançylaryň garşylygyna duçar bolar. Demokratlardan hem käbiri proýektiň real däldigine geň galýandygyny bildirýärler.

ISPANIÝA FINLERIŇ MODELINDEN BARÝAR – ŞERTSIZ BAZALY GIRDEJI

Şertsiz bazaly girdeji diýlen ideýa soňky döwürde meşhurlyk gazanýar, dünýäniň ähli ýerindäki syýasatçylar bu konsepsiýa barada oýlanýarlar. Rim papasy bolsa adatdaky pasha baýramynda eden çykyşynda «belki, onuň döwri gelendir» diýip, bu meselä seretmegi ýatlatdy.

Bu ideýa köp derejede Finlandiýa bilen bagly, ol 2017-nji hem 2018-nji ýyllarda iş ýüzünde amala aşyryldy. Işsizleriň arasyndan tötänlikde saýlanyp alnan 2 müň graždana her aýda ABŞ-yň 600 dolaryna golaýrak möçberde yzygiderli aýlyk tölendi. Ony alýan adamlaryň özlerine iş gözlemegi hökman däl, eger iş tapan ýagdaýynda-da, berilýän puluň olardan kesilmejekdigi aýdyldy.

Iki ýylda geçirilen barlagyň netijeleri şu aýyň başynda çap edildi. Ýardam alanlaryň psihiki hem maliýe şertleri gowulaşypdyr. Munuň özi olaryň öňküsinden has bagtly ýaşaýandygyny görkezýär, ýöne olaryň arasynda işe ýerleşmek mümkinçiligi artmandyr.

Medisina maskaly aýal Madridiň köçesinden barýar. Ispaniýa
Medisina maskaly aýal Madridiň köçesinden barýar. Ispaniýa

Şeýle-de bolsa, koronawirus pandemiýasy başlananda, şertsiz bazaly girdejini goldaýanlar ýüze çykyp başlady.

Ispaniýa koronawirusdan dünýädäki iň agyr zyýan çeken ýurtlaryň biri. Olar şu aýda ýurduň kömege has mätäç bolan üç million çemesi graždanyny bazaly girdeji bilen üpjün etmek hakdaky kanunyň kabul ediljekdigini aýtdylar.

Işsizleriň sany boýunça Ispaniýa Ýewropa ykdysadyýetinde dördünji orunda durýar, şu ýylyň başky kwartalynda 14,4% boldy.

Sosial üpjünçilik ministri Hose Luis Eskriwa bu ideýanyň işe ýerleşmäge mümkinçilik döremegi üçin geçiriljekdigini aýdýar hem onuň belli wagta çenli boljagyny duýdurýar. «Ýardam bolmadyk ýagdaýynda iş gözlemäge gyzyklanma ýok, olar zähmet bazaryna seretmeýärler» diýip, Eskriwa geçen aýda aýdypdy.

GERMANIÝA – KRIZIS BILEN KURZARBEIT ARKALY GÖREŞMEK

Ýewrozonanyň iri ykdysadyýeti Germaniýany nazarda tutýar.

Kurzarbeit — azaldylan gündelik iş programmasydyr, munda hökümetiň beren pul kömegi esasynda, iş wagtyny azaltmaga mümkinçilik döreýär, şol wagtyň özünde işleýänleriň aýlygy iş hakynyň 60%-den az bolmaýar.

Koronawirus pandemiýasy wagtynda myhmanhana hem restoran eýeleriniň ýagdaýyna ünsi çekmek üçin, Drezdendäki meýdançada «SOS» sözüni döredip duran boş oturgyçlar. Germaniýa. 2020-nji ýylyň 1-nji maýy.
Koronawirus pandemiýasy wagtynda myhmanhana hem restoran eýeleriniň ýagdaýyna ünsi çekmek üçin, Drezdendäki meýdançada «SOS» sözüni döredip duran boş oturgyçlar. Germaniýa. 2020-nji ýylyň 1-nji maýy.

Aýlyk tölegleri barada berilýän kömek Germaniýadaky işsizligi jylawlap bildi. Halkara walýuta fondunyň çaklamalaryna görä, bu ýylky işsizlik 2019-njy ýylda bolan 3,2% derek, diňe 3,9% bolar.

Meselä beýle çemeleşme gyzgyn goldaw tapdy. Meselem, Halkara zähmet guramasy bu tejribäni dünýä ýurtlaryna nusga üçin teklip etdi. Sebäbi meselä beýle çemeleşmek önümçiligiň bökdençsiz dowam etmegine hem-de edaranyň işjeňligine ýardam edýär.

Kurzarbeit Germaniýada üstünlikli amala aşyrylandan soň, Britaniýa, Italiýa hem Niderlandiýa munuň özleri üçin aýratynlygy bolan görnüşini işe girizdiler.

Beýleki birleri bu düzgün girizilse-de, uzak dowam etmesin diýýärler.

Mýunhen Ykdysady barlaglar institutynyň maglumatyna görä, ähli nemes kompaniýalarynyň deň ýarysy şol programma girmäge arza beripdir, olar jemi 10 million çemesi işçi güýji. Konsepsiýa biznes öňki derejesine dolanýança, aňsat tapdyrýan işçi güýji bilen üpjün edýär. Eger Kurzarbeit amala aşyrylmasa, onda ýokary derejedäki işsizligiň derejesi gutulgysyz bolardy.

Germaniýada şu ýyl içerki jemi önümiň derejesiniň 6,5% aşaklamagyna garaşylýar. Eýýämden käbir maşyn gurluşygy ýaly kompaniýalar, myhmanhanalar hem restoranlar sektory, şeýle hem turizm işleri öz işgärlerini boşadyp başlady.

Ykdysady barlaglar institutynyň derňewine görä, koronawirus pandemiýasy öz güýjünde saklanýan wagtynda, nemes kompaniýalarynyň üçden biri ol programmany üç aýlap goldap biljekdigini aýtdylar.

RUSSIÝA — «IŞLENMEÝÄN KANIKUL» INDI BOLMAZ

Russiýa koronawirus pandemiýasyndan agyr zyýan çekýär. Häzirki wagtda Moskwa şäherinde infeksiýa ýolugýanlaryň sanynyň azalýandygy aýdylsa-da, umumylykda COVID-19 ýokuşanlaryň hasaba alnanlary diňe Birleşen Ştatlardan azlyk edýär.

Orsýet nebite bagly bolan ykdysadyýetini ähli güýji bilen goramaga çalyşýar. Nebitiň bahasy bolsa dünýäde az talap edilýändigi üçin peseldi.

Omskiniň demir ýollarynda duran nebit çelekleri. Russiýa, 2020-nji ýylyň 1-nji maýy.
Omskiniň demir ýollarynda duran nebit çelekleri. Russiýa, 2020-nji ýylyň 1-nji maýy.

Bu abanýan howpa garamazdan, 11-nji maýda prezident W. Putin Russiýada mart aýynyň ahyrynda girizilen «işsiz kanikullar» möhletiniň soňlanýandygyny aýtdy.

Beýle karara gelinmegi ýapylan kärhanalaryň işgärlerine doly aýlyk haklaryny tölemek çäresiniň agyrlygy hem-de resmi hasaba alnan işsizligiň 1,4 million adama çenli artmagy bilen bagly boldy.

Putiniň sözüne görä, ýurtda biznes üçin täzeden ýol açylanda, esasy üns pandemiýanyň «täze tapgyryna» baglylykda bolar hem ykdysadyýetiň başga bir goldaw usuly ulanylar.

Maşgalalara täze sosial ýardamlaryň beriljekdigi wada edildi, olara salgyt ýeňilliklerini gazanmaga hem-de kredit almaga şert dörediljekdigi aýdyldy. Olar muny aýlyk haklaryny tölemäge harç ederler.

Orsýetli aýal kommunal hyzmatlar üçin tölenmeli puly sanaýar. Illýustrasiýa suraty.
Orsýetli aýal kommunal hyzmatlar üçin tölenmeli puly sanaýar. Illýustrasiýa suraty.

Munuň üçin puluň nireden alynjagy belli däl. Mundan öňräk rus hökümeti işçi orunlaryny goramak özüniň ilkinji nobatdaky wezipesi boljagyny aýdypdy. Ýöne kreditler bermek arkaly goldaw işleri hem gös-göni maliýe goldawy üçin diňe milliard dollardan gowrak goýberildi.

Ýurduň maddy hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmagyň Milli fondundaky zapasyň 160 milliard dollar çemesindedigi aýdylyp, ol eldegrilmesiz baýlyk hasaplanýar. Maliýe ministri Anton Siluanow işewür toparyň «Ведомости» neşirine beren interwýusynda, ol puly bölüp bermegiň dogry bolmajakdygyny mälim etdi.

Putin gurluşygy ykdysadyýetiň sektory hökmünde ileri sürdi hem ony ösdürmegiň howpsuz boljakdygyny aýtdy. Ýöne bu ideýany Halkara zähmet guramasynyň bilermenleri tankyt edýärler.

Material AÝ/AR-nyň Gazak gullugy tarapyndan taýýarlandy.

XS
SM
MD
LG