Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapdan Aşgabada ogryn gatnaýan taksi sürüjileri ele salyndy


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda welaýatlaryň arasynda raýatlaryň hereket çäklendirmeleri dowam edýän mahaly, Lebap-Aşgabat aralygynda gizlin kireý etmäge synanyşýan hususy taksi sürüjileri häkimiýetler tarapyndan tutulyp, jogapkärçilige çekilýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçysy anonim şertde habar berýär.

“Lebap-Aşgabat aralygyna gatnaýan azyndan 20 taksi sürüjisi [polisiýa tarapyndan] saklanyp, 10 günlük tussag edildi. Olara 3,000 manat möçberinde jerime töledilýär” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy habar berdi.

Koronawirus global pandemiýasynyň fonunda Türkmenistanda häkimiýetler 20-nji martda raýatlaryň bir welaýatdan başga welaýata gidip-gelmekleriniň tertibine çäklendirme girizdi.

Mundan ozal-da, 8-nji aprelde Azatlyk Radiosynyň habarçysy ýurtda hereket çäklendirmeleri dowam edýän mahaly Lebapdan Aşgabada ogryn ýolagçy daşaýan hususy taksileriň peýda bolandygyny habar beripdi.

Habarçynyň tassyklamagyna görä, gizlin taksiler adam gatnatmak üçin Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň ýollardaky gözegçilik nokatlaryndan gijelerine sowlup geçýärler.

27-nji maýda Azatlyk Radiosynyň habarçysy bu hususy taksileriň hem-de olaryň ýolagçylarynyň ýurtda karantin düzgünlerini bozmakda aýyplanyp jogapkärçilige çekilmek howpy astynda ýola çykýandyklaryny habar berdi.

Welaýatlaryň arasynda koronawirus sebäpli girizilen hereket tertibiniň çäginde bir welaýatdan başga welaýata gidip-gelýän adamlaryň hereketine Türkmenistanyň Içeri işleri ministrligi gözegçilik edýär. Wagtlaýyn düzgüne laýyklykda, raýatlara welaýatlaryň arasynda diňe gaýragoýulmasyz ýagdaýlarda hem-de saglyk kepilnamasy we ýörite rugsatnama esasynda hereket etmäge rugsat berilýär.

“Lebap-Aşgabat aralygynda hereket çäklendirilmeginde galýar. Adamlara ýörite saglyk kepilnamasy we [ýerli] polisiýa tarapyndan berlen Ýollanma esasynda hereket etmäge rugsat berilýär. Rugsatnama almak üçin azyndan 500 manat para bermeli” diýip, habarçymyz aýdýar.

“Taksiler gizlin gumuň içinden adamlary daşaýarlar. Lebap-Aşgabat ýoly tas 30 sagada çekýär” diýip, ol maglumatynyň üstüni ýetirdi.

Lebabyň merkezi Türkmenabat paýtagt Aşgabatdan 620 kilometr töweregi aradaşlykda ýerleşýär, iki şäheriň arasyndaky magistral ýolda awto ulag ýolagçylygynyň dowamlylygy adatça 7-8 sagat dowam edýär.

Karantin düzgünlerini bozup, gumuň içinden gizlin gatnaýan taksilerdäki ýolagçylar häkimiýetler tarapyndan ele salnan ýagdaýynda, habarçymyzyň maglumatyna görä, olara müňlerçe manat jerime töledilýär.

Lebapdan Aşgabada PÝGG-den sowlup, ogryn gatnaýan hem-de 10 gün tussag edilip, 3,000 manat jerime töledilen 20-den gowrak taksi sürüjisiniň soňky ykbaly, olara bildirilen anyk aýyplamalar barada goşmaça maglumat alyp bolmady.

Habarçymyzyň maglumatlaryna görä, Aşgabat-Mary-Lebap aralygynda bellenen tertipde ýörite awtobuslar gatnaýar. Olaryň ýol bahasy 250-300 manatdyr. Gizlin gatnaýan taksileriň bahasy, mundan ozalky bar bolan maglumatlara görä, 1,200 manatdyr.

Ýurt resmileri karantin düzgünleri, welaýatlaryň arasyndaky hereket çäklendirmeleri barada aç-açan resmi metbugatda çykyş edip bilmeýär.

Azatlyk Radiosy Lebap-Aşgabat aralygyna gatnaýan gizlin taksiler barada “Türkmenawtoulaglary” agentliginden hem-de Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugyndan kommentariýa alyp bilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG