Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaýyň Merkezi Aziýada boý alýan harby güýji geljekde Russiýa bilen boljak oňşuksyzlyklardan habar berýär


Sinzýanda hytaýly we täjik esgerleri güýç synanyşýar. 18-nji maý, 2019-nji ýyl.
Sinzýanda hytaýly we täjik esgerleri güýç synanyşýar. 18-nji maý, 2019-nji ýyl.

Hytaý ýuwaş-ýuwaşdan Merkezi Aziýada howpsuzlyk täsirini yzygiderli artdyrýar we Russiýa bilen aradaky ara tapawudy azaldýar, bu meýil “öňümizdäki on ýyllykda” Moskwanyň sebitdäki täsirini “gowşadyp” biler diýip, täze hasabatda aýdylýar.

Düýbi Waşingtonda ýerleşýän Wilson merkeziniň Kennan instituty tarapyndan 27-nji maýda çap edilen hasabata görä, Pekin ýygjamlaşýan ýarag söwdasy, hödürleýän tälim-türgenleşikleri we gurup berýän harby gözegçilik nokatlary arkaly, adatça Moskwanyň “ýakyn ýurtlaryna”, goňşy aradaky öňki Sowet respublikalaryna aralaşýar.

Sowet Soýuzy dargaly bäri, Russiýa sebitiň esasy howpsuzlyk kepili hökmünde öz ornuny saklap gelýär, hatda Kreml Hytaýyň Merkezi Aziýada ykdysady taýdan üstünligini hem kabul etdi.

Hytaý bireýýäm sebitde harby güýje öwrüldi
Bredliý Jardin

Bu köp synçynyň Pekiniň we Moskwanyň sebitdäki dinamikasyny iş bölünişigi hökmünde häsiýetlendirmegine getirdi. Bu häsiýetlendirmä görä, Russiýa syýasy we harby gatnaşyklary arkaly Merkezi Aziýany şekillendirýär, Hytaý bolsa, hususan-da köpmilliardlyk Guşak – Ýol başlangyjy bilen, ykdysady ösüşe itergi berýär.

Ýöne täze hasabatyň awtorlary, bu prosesde Hytaýyň soňky ýyllarda iki ýurduň arasyndaky häkimiýet bölünişigini bozup hem-de geljekdäki oňşuksyzlyklara esas döredip, sebitiň “howpsuzlyk pudagyna möhüm aralaşýandygyny” anykladylar.

“Biz Merkezi Aziýada Russiýa howpsuzlyk bilen iş salyşýar, Hytaý ykdysadyýet bilen meşgullanýar, olaryň arasynda berk bölünişik bar, diýlen garaýyş barada köp gürrüň etdik, ýöne bu bölünişik ýitip barýar” diýip, hasabatyň esasy awtory hem-de Wilson merkeziniň Kissinger institutynyň Hytaý we Birleşen Ştatlary boýunça ylmy işgäri Bredliý Jardin (Bradley Jardine) Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna (AÝ/AR) gürrüň berdi. “Hytaý bireýýäm sebitde harby güýje öwrüldi” diýip, ol aýtdy.

Bu üýtgeşikligi Hytaýyň Merkezi Aziýa hökümetleri bilen aradaky ýarag söwdasynda görmek bolýar, soňky bäş ýylyň dowamynda Pekin sebitdäki harby enjamlaryň 18 göterimini emele getirdi. Bu onuň 2010-2014-nji ýyllar aralygynda Merkezi Aziýa üpjün eden sebitiň umumy 1,5 göterimlik ýaragy bilen deňeşdirilende ep-esli ýokarydyr.

Bu ýaraglaryň arasynda ýarag we harby tehnikalaradan başlap, ýaragly pilotsyz uçarlar ýaly, adatça Birleşen Ştatlaryň we Ysraýylyň agalyk edýän ýarag bazarynda uly isleg bildirilýän ýokary tehnologiýaly harby enjamlara çenli bar.

Hytaý Halk Respublikasynyň prezidenti Şi Jinpin bilen Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon (sagda)
Hytaý Halk Respublikasynyň prezidenti Şi Jinpin bilen Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon (sagda)

Hytaý günortada Owganystan bilen 1,356 kilometr, gündogarynda Hytaý bilen 476 kilometr araçägi bolan Täjigistanda ownuk ýöne boý alýan harby täsire eýe bolup, sebitde ilkinji harby desgalary gurup berdi.

“Waşington Post” gazetiniň 2019-njy ýylda çap eden habary Hytaýyň Täjigistandaky harby desgalarynyň kiçi ýygyndysyny anyklady, olarda hytaýly işgärler hem bar. Şol ýyl “Wall Street Journal” neşiri Hytaý bilen Täjigistanyň arasynda gol çekilen gizlin ylalaşykdan, onda “Owganystan serhediniň täjik tarapynda Pekine 30-40 töweregi sakçy postyny gurmak hukugynyň berilmeginden” habarly bir çeşmäniň sözlerini getirdi.

Şeýle-de, Pekin howpsuzlyk täsirini giňeltmek bilen Merkezi Aziýada infrastruktura inwestisiýalaryny goramaga çalyşýar.

Soňky birnäçe ýylyň dowamynda Russiýa yzygiderli ýagdaýda sebitiň ýarag söwdasynyň 60 göterimini emele getirip geldi, bu Hytaýyň täsiriniň sebitde Russiýanyň bazar paýynyň golaýyna-da barmandygyny görkezýär. Ýöne hasabata görä, bu ýagdaý öňümizdäki ýyllarda üýtgemegi mümkin.

“Köp adam Hytaýyň we Russiýanyň bireýýäm bäsleşýändigini aýdýarlar, ýöne biziň barlaglarymyz bäsleşigiň heniz başlamandygyny görkezýär” diýip, Jardin aýtdy. “Sebitde ýarag üpjünçisi hökmünde boý alýan Hytaý wagty gelende Russiýanyň bazar paýyna-da göz dikmeli bolar, ynha, şonda biz Pekin bilen Moskwanyň arasynda käbir dartgynlyklary görüp başlarys” diýip, ol belledi.

Russiýa heniz hem agalyk edýär

Russiýa heniz hem sebitiň möhüm ýarag üpjünçisi we daşarky harby güýjüdir.

Moskwanyň Merkezi Aziýada desgalary, şol sanda Täjigistanda ýerleşen 7 müň goşuny we Gyrgyzystanda howa bazasy bar, Kollektiw Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasy regionyň harby gatnaşyklarynda möhüm rol oýnaýar.

Howpsuzlyk pudagynda Hytaýyň barha artýan roluna garamazdan, Pekin we Moskwa soňky ýyllarda has çuňlaşan giň hyzmatdaşlygy saklap gelýär we Merkezi Aziýada olaryň iki sany umumy maksady bar – Owganystandan abanyp biljek durnuksyzlygyň hem-de islendik terrorçylygyň we ekstremizmiň öňüni almak.

Moskwanyň Merkezi Aziýada desgalary, şol sanda Täjigistanda ýerleşen 7 müň goşuny we Gyrgyzystanda howa bazasy bar, Kollektiw Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasy regionyň harby gatnaşyklarynda möhüm rol oýnaýar.
Moskwanyň Merkezi Aziýada desgalary, şol sanda Täjigistanda ýerleşen 7 müň goşuny we Gyrgyzystanda howa bazasy bar, Kollektiw Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasy regionyň harby gatnaşyklarynda möhüm rol oýnaýar.

Pekin Merkezi Aziýany özüniň gündogar Sinszýan uýgur awtonom sebitine garşy bufer hökmünde görýär. Ol ýerde Hytaý hökümeti 1 milliondan gowrak uýgury we beýleki musulman azlyklaryny, şol sanda gazaklary we gyrgyzlary türme lagerlerinde tussaglykda saklaýar.

Hytaý bilen Russiýa özleriniň Birleşen Ştatlara bolan garşylygy boýunça-da birleşýär.

Bu ýurtlaryň ikisi-de sebitde Birleşen Ştatlaryň täsirini azaltmak boýunça iş alyp bardylar, onuň harbylaryny Owganystandan çekmegini hem-de 2014-nji ýylda Gyrgyzystandaky harby howa bazasyny ýapmagyny makulladylar.

Dostlukly bäsdeşler

Emmä iki ýurt hem Merkezi Aziýa täsir etmek üçin birek-birek bilen barha güýç synanyşýarlar.

Kennan institutynyň hasabatyna görä, Merkezi Aziýanyň harby ofiserleri üçin tälim-türgenleşik hödürlemek Moskwa we Pekiniň ikisi üçin-de barha möhüm ähmiýete eýe bolup barýar.

Merkezi Aziýanyň ähli bäş ýurdunda öz harby okuw mekdepleriniň üsti bilen tälim-türgenleşik hödürleýän Russiýa ýarag söwdasy babatynda-da öňdebaryjydyr.

Ýöne Hytaý hem onuň yzyndan ýetişmäge synanyşýar.

Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň ählisiniň agza bolan Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasy (ŞHG) 2021-nji ýylyň iýun aýyna çenli gurama agza ýurtlardan 2 müň ýokary wezipeli resmini taýýarlamaga niýetlenen merkez açmak meýilnamasy bilen bu ugurda möhüm gural bolup durýar.

Şeýle-de, Pekin Merezi Aziýanyň harbylaryna ikitaraplaýyn esasda tälim-türgenleşik hödürlemek işlerine-de girişdi. Bu ugurda san taýdan Russiýadan yzda galsa-da, hem Hytaýyň Ýaragly Halk Polisiýasynyň (ÝHP) ýarym harby toparynyň, hem Halkyň Azat Ediş Goşunynyň (HAD) akademiýalary sebitiň serkerdelerine tälim berýär, ýöne bular boýunça sanlar köpçülige mälim edilmeýär.

Pekin öz ýoly bilen barýar

Hytaý bilen Russiýanyň ikisi-de hem ikitaraplaýyn gatnaşyklara hem köptaraply guramalara bil baglasalar-da, hasabatda bellenilmegine görä, Pekin sebit üçin Moskwadan aýry özbaşdak başlangyçlaryny barha ösdürýär.

2017-nji ýylda Moskwa Hindistany we Pakistany Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasyna goşulmaga iterdi. Köp synçy bu göçüme özara kynçylykly gatnaşyklary bolan bu iki ýurduň agzalygyny makullamak bilen Moskwanyň guramany eretmek we onda Hytaýyň täsirini kadalaşdyrmak synanyşygy hökmünde baha berdi.

Bu, belli bir derejede, Hytaýyň harby diplomatiýasynyň Owganystanyň, Hytaýyň, Pakistanyň we Täjigistanyň terrorçylyga garşy göreşmekde hyzmatdaşlyk edýän hem-de Russiýanyň goşulmaýan Dört taraplaýyn hyzmatdaşlyk we Utgaşdyryş mehanizmi atly täze gurama tarap süýşmegine sebäp boldy.

Şonuň ýaly-da, ÝHP 2019-njy ýylda Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň gatnaşmagynda tälim-türgenleşik geçirdi we Merkezi Aziýanyň milli gorag bölümleri bilen hyzmatdaşlygy güýçlendirdi. Bu Moskwanyň ünsüni özüne çekdi.

“Russiýa seresaplylyk bilen ÝHP-nyň işini synlady we soňky ýyllarda onuň deňeçeri bolan “Rosgwardiýany” alternatiw hyzmatdaş hökmünde Daşkende hödürledi” diýip, hasabatda aýdylýar.

Russiýanyň täsiri we Merkezi Aziýanyň howpsuzlyk pudagyndaky roly heniz hem güýçli galýan wagty, Hytaý barha işjeňleşýär we öňümizdäki on ýyllyklarda sebitde öz täsirini ösdürýär.

“Hytaý töwereklerinde Orsýete gowşaýan güýç hökmünde garalýar” diýip, Jardin aýtdy. “Uzak möhletleýin perespektiwada, Pekin yza tesýän Russiýa taýýarlyk görmelidir we häzir olar şoňa-da taýýarlyk görýärler” diýip, ol sözüne goşdy.

XS
SM
MD
LG