Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystandaky nebitçileriň protesti nämeden başlandy? Şaýatlaryň ýatlamasy


«Özenmunaýgaz» kompaniýasynyň iş taşlaýan nebitçileri şäher meýdançasynda. Žaňaözen, 2011-nji ýylyň 1-nji sentýabry.
«Özenmunaýgaz» kompaniýasynyň iş taşlaýan nebitçileri şäher meýdançasynda. Žaňaözen, 2011-nji ýylyň 1-nji sentýabry.

Mundan dokuz ýyl öň, 2011-nji ýylyň 26-njy maýynda Gazagystanyň Žaňaözen şäherindäki «Özenmunaýgaz» kompaniýasynyňüç müňden gowrak nebitçisi zähmet şertleriniň ýaramazlygyna närazylyk bildirip, iş taşlaýyş yglan etdi. Protestler 2011-nji ýylyň 16-njy dekabrynda, ýaragsyz işçiler poliseýler tarapyndan oka tutulandan soň tamamlandy. 2011-nji ýylyň aprel aýynda bolsa, Maňgystau oblastyndaky «Garažambasmunaý» kompaniýasyndan, müňlerçe işçi Aktau şäherinde iş taşlaýyş geçirdiler. Azatlyk Radiosynyň habarçysy ol iki şäherdäki protest aksiýalarynyň nämeden başlanandygy barada, wakalara şaýat bolan Adylbek Sagyndykow hem Şolpan Ötekeýewa bilen gürrüň geçirdi.

«GARAŽAMBASDAKY» NÄRAZYLYK

Bir aýlap zähmet rugsadynda bolan Adylbek Sagyndykow 2011-nji ýylyň 13-nji aprelinde işe çykandygyny ýatlaýar.Şol wagt nebitçiler iş şertleriniň gowulaşdyrylmagyny hem aýlyk haklarynyň artdyrylmagyny talap edip, proteste başlan döwürleri eken. Närazylyk protesti hökmünde olar kärhananyň berýän naharyndan ýüz öwrüpdirler hem işe diňe birnäçe sagat çykypdyrlar. Adylbek owal başda protestiň gidişine syn edipdir, soňra olar bilen gürleşipdir.

—Men ahyry saklanyp bilmedim. 16-njy aprel agşamy Garažambas ýatagyndaky protest geçirýänleriň ýanyna bardym. “Siz kärhananyň naharyndan ýüz öwürseňiz-de, işe çyksaňyz ýa çykmasaňyz-da, tä öndürilýän nebit kesilýänçä, olar size üns bermezler. Eger talabyňyzy ödejek bolsaňyz, onda işi 100% saklamak gerek” diýdim.

2011-nji ýylda Adylbek 30 ýaşynda eken, häzir ol 39 ýaşynda. Onuň sözüne görä, 17-nji aprelde Garažambas nebit käninde üç müňden gowrak nebitçi iş taşlapdyr. Nebitçiler bilen gepleşmek üçin, Astanadan (häzirki Nur-Sultan – Red.) hem Aktaudan kompaniýanyň ýolbaşçylary gelipdir. Ýöne ýolbaşçylar işçiler bilen ylalaşyk gazanyp bilmändir.

20-nji aprelde kompaniýanyň ýolbaşçylary protest aksiýalaryna aktiw gatnaşýanlardan Adylbeki hem-de on çemesi nebitçini saklap, olary öýlerine ugradypdyr. Aktaudan işiň gidip duran ýerine gelmeli nebitçilere bökdençlik döredilipdir. Adylbekiň sözüne görä, ýolbaşçylar beýleki smenada işleýänleriň hem bu aksiýa goşulmagyndan ätiýaç edipdirler.

Işçiler kärhananyň naharhanasyndan naharlanmagy bes edenlerinden soň, golaýdaky obalaryň ilaty olary iýmit bilen üpjün edipdir. Ýöne iş taşlaýan üç müňden hem artyk bolansoň, olaryň berýäni ýetmezçilik edipdir.

Şol döwürde zähmet rugsadynda bolan nebitçiler öz kärdeşlerini goldamak üçin, Aktauda «Garažambasmunaý» kompaniýasynyň baş edarasynyň alnynda ýygnanyşyp başlapdyrlar.

«Garažambasmunaý» kompaniýasynyň işçileri iş taşlaýarlar. Maňgystau oblasty, 2011-nji ýylyň maýy.
«Garažambasmunaý» kompaniýasynyň işçileri iş taşlaýarlar. Maňgystau oblasty, 2011-nji ýylyň maýy.

Adylbegi işden boşadanlaryndan soň onda «meniň missiýam tamamlandy» diýen düşünje döräpdir. Ýöne basym ol başgaça pikir edipdir.

— Eger ýalňyşmasam, 2011-nji ýylyň 5-nji maýynda Aktauda protest geçirýänler oblast häkimliginiň öňüne baryp, öz talaplaryny mälim etmek islediler. Netijede, birnäçe ýaş adamy başgalary öjükdirmekde aýypladylar, 20 – 30 adamy polisiýa saklapdy – diýip, Adylbek gürrüň berýär.

Muny eşidensoň, ertesi güni ol Aktau şäherine ugrapdyr. Onuň sözüne görä, şol başda köp işçi polisiýalaryň basyşyndan gorkupdyr. Polisiýa Adylbeke-de haýbat atypdyr. Organ gullukçysydygyny mälim eden üç adam Astanadan gelendigini aýdyp, bu işi bes etmegi ondan talap edipdirler. Adylbek munuň bilen ylalaşmaýandygyny aýdypdyr. Şol wagtda onuň ogullary 6 hem 5 ýaşlarynda eken, gyzjagazy bolsa bir ýaşyna-da ýetmändir.

Nähili-de bolsa, organ işgärleri iş taşlaýanlary dargadypdyrlar, ýöne olar ýaňadan jemlenip, saklanan kärdeşleriniň azatlyga goýberilmegini talap edipdirler.

2011-nji ýylyň iýul aýynda Aktaudaky hem Žaňaözendäki iş taşlaýanlar bilen duşuşmaga Ýewropa parlamentiniň deputatlary gelýär. Ýewroparlamentiň agzasy Pol Merfi işçileriň meselesini çözüp bilmeýandigi üçin, Gazagystanyň hökümetini tankytlaýar.

Adylbekiň sözüne görä, işçiler bilen ýolbaşçylaryň arasyndaky närazylyk aslynda 2009-njy ýylda başlanypdyr. Şol ýylyň 1-nji ýanwarynda şol wagtky premýer-ministr Kerim Mesimow nebit-gaz pudagynyň işgärleriň aýlyklaryna 1,8 koeffisent goşmak baradaky karara gol çeken ekeni. Bu karardan nebitçiler habarsyz bolansoň, Garažambas nebit käniniň ýolbaşçylary ol karary ýerine ýetirmändirler. Aýlyklaryň üýtgemändigi sebäpli, nebitçiler proteste çykypdyrlar.

ŽAŇAÖZENDE BAŞLANAN PROTESTLER

Aktaudaky närazylyk aksiýalary başlanandan, bir aýdan soň Žaňaözende hem nebitçiler protest geçiripdirler. 26-njy maýda «Özenmunaýgaz» kompaniýasynyň üç müňden gowrak işçisi Garažambasda bolşy ýaly, 1,8 koeffisentlik goşmaça haky talap edip başlapdyrlar. Owal başda närazylyk bildirýänler şäheriň eteginde ýerleşen «Özenmunaýgaz» kompaniýasynyň edarasynyň alnynda oturypdyrlar. Ýöne olary polisiýa dargadypdyr.

Şondan soň üç müňden gowrak nebitçi Žaňaözeniň merkezindäki Garaşsyzlyk meýdançasynda ýerleşip, öz aksiýalaryny şol ýerde dowam etdiripdir.

Žaňaözende nebitçiler närazylyk bildirýärkä, «Samutyk-Hazyna» milli üpjünçilik fondunyň başlygy, ýurtdaky iň baý adamlaryň biri hem-de Gazagystanyň şol wagtky prezidenti N. Nazarbaýewiň giýewi Timur Kulibaýew protest geçirýänlere «Oralmanlar», ýagny keseden gelenler diýdi.

Žaňaözeniň ýaşaýjysy Şolpan Ötekeýewa iş taşlaýyşyň bolýandygyny adamsy Duýsenbek Nurowdan eşidipdir. Duýsenbek hem müňlerçe närazylyk bildirýän nebitçilerden biridi. Ykdysatçy-buhgalter Ötekeýewa owal başda ol çärelere gatnaşmandyr.

— Her ýyl tomusda nebitçileriň çagalaryny Gazagystanyň dürli şäherlerindäki lagerlere iberýärdiler. 2011-nji ýylyň 12-nji iýunynda çagalarymyz bilen şäher meýdançasynda bolanymyzda, bize “Siziň hossarlaryňyz iş taşlaýyş edýär” diýip, ol hyzmatdan ýüz öwürdiler. Biz muny eşidip, hökümetleriň edýän işine gaty närazylyk bildirdik. Şondan soň aýallar hem şäher meýdançasyna çykyp başladylar – diýip, Şolpan gürrüň berýär.

Şolpan hem beýleki aýallar iş taşlaýanlara soňky ýedi aýyň dowamynda azyk-iýmit hem suw eltip beripdirler.

«Özenmunaýgaz» kompaniýasynyň iş taşlaýan nebitçileri şäher meýdançasynda. Žaňaözen, 2011-nji ýylyň 1-nji sentýabry.
«Özenmunaýgaz» kompaniýasynyň iş taşlaýan nebitçileri şäher meýdançasynda. Žaňaözen, 2011-nji ýylyň 1-nji sentýabry.

Soňlugy bilen iş taşlaýanlardan ençemesi kompaniýanyň ýolbaşçylarynyň sözüne gulak asyp, iş orunlaryna barypdyrlar. Şolpanyň sözüne görä, 23-24-nji noýabrda protestçileri iş ýerine gaýtarmak üçin, ylalaşdyryjy komissiýa döredilipdir. Ol komissiýanyň toparynda graždan aktiwistleri bolsa-da, meseläni gutarnykly çözüp bilmändirler. Iş taşlaýyş dowam edipdir.

2011-nji ýylyň 3-nji iýulynda belli britan aýdymçysy Sting Astananyň Gününe bagyşlanan konsertde etjek çykyşyny ýatyrdy. Muny ol nebitçileriň närazylygyna raýdaşlyk hökmünde edýändigi bilen düşündirdi.

POLISIÝANYŇ ÝARAGSYZ ADAMLARY OKA TUTAN GÜNI

15-nji dekabrda Žaňaözen häkimligi merkezi meýdançada gara öýleri dikip, Garaşsyzlyk gününi baýram etmäge taýýarlyga başlapdyr. Şolpanyň sözüne görä, beýleki baýramlarda gara öýleri meýdançanyň merkezinde däl, gyralarynda tutýan ekenler. Häkimligiň bu hereketini nebitçiler özlerine garşylyk hökmünde kabul edipdirler. Şäher häkimi Orak Sarbopeýew bolsa täze dikilen gara öýler bilenem, nebitçiler bilenem problema bolmajagyna söz beripdir.

16-njy dekabrda Garaşsyzlyk gününde, merkezi meýdançada dabara başlanyp, gaty sesli şadyýan sazlary goýberipdirler. Ýedi aý bäri öz talaplaryny häkimiýete ýetirip bilmeýän nebitçiler muny özlerine garşy çäre hökmünde kabul edipdir.

Maňgystau oblastynyň Žaňaözen şäherindäki şol wagtky prezident Nursoltan Nazarbaýewiň şekili goýlan banner. 2011-nji ýylyň 19-njy dekabry.
Maňgystau oblastynyň Žaňaözen şäherindäki şol wagtky prezident Nursoltan Nazarbaýewiň şekili goýlan banner. 2011-nji ýylyň 19-njy dekabry.

16-njy dekabrda ir ertir Şolpan meýdança gelip, ýagdaýy synlamak isläpdir. Birnäçe wagtdan soň meýdançada gykylyk döräp başlapdyr. Merkezi meýdançadan güýçli aýdym-saz berlipdir, gapdalda bolsa bir awtobusy otlapdyrlar. Şolpan öýüne ylgap, bolýan ýagdaýy adamsyna aýdypdyr hem olar iki bolup meýdança gelipdirler. Olar hatara düzülýän polisiýa toparlaryny görüpdirler. “Men ýörite maksatly otrýadyň meýdançada duran adamlara garşy ok atýandygyny eşitdim” diýip, Şolpan gürrüň berýär. Ýöne olar rezin oklary atýandyr diýip çaklapdyr hem gözüniň alnynda ýere ýykylan adama kömek bermäge howlugypdyr.

— Bir ýaş adam iki ýana çaýkanyp, agaçlaryň arasyna ýykyldy. Men onuň ýanyna ylgadym. Kellesinden ýaralanan eken. Ol rezin gülleden huşuny ýitirendir öýdüp, iki ýana silteledim. Men gygyryp, gapdaldan geçip barýan oglany kömege çagyrdym. Olar ýaralanany dikläp, birnäçe ädim ätdiler-de, saklandylar. Görsem, ol eýýäm ölüpdir – diýip, Şolpan aýdýar.

Şol wagtda Şolpan tanyşlaryna jaň edip, adamsy Duýseniň aýganydan ýaralanandygyny aýdypdyr. Ok onuň aýagyndan geçip, beýle tarapyna çykypdyr. “Şondan soň men polisiýanyň hakyky ok atýandygyna düşündim” diýip, Şolpan ýatlaýar.

— Keselhana barýan UAZ maşynynda boýnundan ýaralanan nebitçi Nurlybek Nurgaliýew hem bar eken. Ol awtoulagyň içi gandan doludy. Hiç bir adam gepläp bilmeýärdi. Bir adam maňa seredip: “Uýam, men nebitsi däl, ýöne maňa iki ok degdi” diýdi. Soňra men ol adamyň suratyny ölenleriň arasyndan gördüm. Oňa Tölegenow diýýärler.

Şolpanyň ýatlamasyna görä, Žaňaözendäki üç gatly keselhana şol gün ýaralylardan dolupdyr. “Doktorlar kömek bermäge ýetişmeýärdiler. Ýaraly adamlaryň keselhananyň polunda ýatandygyny men gözüm bilen gördüm” diýip, ol aýal ýatlaýar. Şeýle hem ol UAZ maşynynda keselhana getirilýärkä, iki adamyň ýolda ölendigini aýdýar.

Žaňaözen şäher meýdançasy. 2011-nji ýylyň 19-njy dekabry.
Žaňaözen şäher meýdançasy. 2011-nji ýylyň 19-njy dekabry.

Birnäçe sagat geçenden soň Aktaudan Tiz kömek maşynlary gelip, ýaraly bolanlary oblast keselhanasyna äkidip başlapdyr. Olaryň arasynda Şolpanyň adamsy Duýsenbek Nurow hem bar eken. Ol Gazagystanda hem Russiýada birnäçe operasiýany başdan geçirensoň, 2-nji topara degişli maýyp bolupdyr.

Şol wagtda Şolpan Ötekeýewa Žaňaözende bolan gandöküşiklik barada žurnalistlere interwýu bereni üçin, polisiýanyň izolýatorynda saklanypdyr.

16-njy dekabrda Adylbek Sagyndykow maşgalasy bilen Aktaudan 120 km. uzaklykdaky öz obasynda eken. Günortanlar ol Žaňaözende bolan hadysany eşidip, şol gün agşamlyk Aktau gelip, beýleki nebitçilere goşulypdyr. Birnäçe sagatdan soň şäheriň baş prokurory bilen birlikde polisiýa topary gelip, olary polisiýanyň bölümine alyp gidipdirler. Olardan düşündiriş alypdyrlar, barmak yzlaryny nusga düşüripdirler. Polisiýa bölüminde olary iki sagada golaý saklap, soňra goýberipdirler.

Polisiýa işgäri Maňgystau oblastynyň Žaňaözen şäherinde bir adamy barlaýar. 2011-nji ýylyň 19-njy dekabry.
Polisiýa işgäri Maňgystau oblastynyň Žaňaözen şäherinde bir adamy barlaýar. 2011-nji ýylyň 19-njy dekabry.

17-nji dekabrda Aktau şäheriniň Yntymak meýdançasyna Kalamkas, Garažmbas hem Žetibaý nebit ýataklarynyň nebitçileri bilen şäher ýaşaýjylary jemlenipdir. Şol gün agşam bu ýere şol wagtky birinji wise-premýer Ömürzak Şökeýew hem gelipdir. Nebitçiler ondan “Işçileri oka tutmazlygy, Žaňaözende tutulanlary boşatmagy hem-de şäherden goşuny çykarmagy” talap edipdirler.

— Yntymak meýdançasyndaky adamlar 20-nji dekabra çenli durdular. Soňra dargap başladylar. 28-29-njy dekabrda täze önümçilik birleşigi açylyp, işden boşadylan müň çemesi ýaş adamy işe aldylar – diýip, Adylbek gürrüň berýär.

Adylbek hem işe ýerleşip bilipdir. Ýöne şondan ýedi ýyl geçensoň, 2017-nji ýylda şol kompaniýanyň 600 müň tenge puluny iýnedigi üçin, oňa günä bildirilipdir.

— Ol işi 19 aýlap derňeseler-de, günä tapyp bilmediler. Ýöne meni şol wagtda işden çetleşdirip, soňra, umuman, işden boşatdylar. Şeýdip, hökümet öz maksadyna ýetdi, meni işsiz galdyrdy. Men olara garşy çykdym ahyryn – diýip, ol ýatlaýar.

Aradan iki ýarym ýyl geçse-de, Adylbek öňküleri ýaly işsiz.

«Özenmunaýgaz» kompaniýasynyň ot alan binasy.
«Özenmunaýgaz» kompaniýasynyň ot alan binasy.

Žaňaözende bolan hadysadan soň nebitçiler işe başladylar. Ýoldaşy işe ýarawsyz bolanlaryň hossarlaryna iş orunlaryny teklip etdiler. Adamsy 2-nji topara degişli maýyp bolany üçin, Şolpan Ötekeýewany hem işe ýerleşdiripdirler. Ol häzir «Özenmunaýserwis» birleşiginde ykdysatçy-buhgalter bolup işleýär.

Resmi maglumata görä, Žaňaözen hadysasynda 16 adam ölüpdir, ýüzden gowrak adam ýaralanypdyr. Poliseýler ok atanynda, nebitçileriň aksiýasyna hiç bir dahyly bolmadyk ýerli ýaşaýjylardan birnäçesi ölüpdir. Poliseýlerden bäş ofisere protest geçirýänlere garşy ýarag ulanandygy üçin, 5-den 7 ýyla çenli türme tussaglygy berlipdir. Saklanan 37 adamdan, 13 sanysyna «köpçülikleýin bidüzgünçiligi gurandygy» üçin, 3 ýyldan, 7 ýyla çenli türme tussaglygy berlipdir. Olardan 21 adama şertli möhlet bilen çäre görlüpdir, 3 adam bolsa jogapkärçilikden boşadypdyr.

IIM-niň aýratyn maksatly otrýadynyň söweşijileri. Maňgystau oblastynyň Žaňaözen şäheri. 2011-nji ýylyň 19-njy dekabry.
IIM-niň aýratyn maksatly otrýadynyň söweşijileri. Maňgystau oblastynyň Žaňaözen şäheri. 2011-nji ýylyň 19-njy dekabry.

Žaňaözen hadysasynda günäli bilnip sud edilenleriň ählisi soňlugy bilen azatlyga çykarylypdyr. Käbir graždan aktiwisti hem-de Žaňaözen hadysasyna şaýat bolanlar parahat ýaşaýjylary oka tutmaga buýruk bereniň sud jogapkärçiligine çekilmedigini aýdýarlar.

Material AÝ/AR-nyň Gazakgullugy tarapyndan taýýarlandy.

XS
SM
MD
LG