Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Harasatdan bir aý soň, Berdimuhamedowyň Lebaba we Mara sapar etmegine garaşylýar


Türkmenabatda býujet işgärleri köçeleri arassalaýarlar (arhiw suraty)
Türkmenabatda býujet işgärleri köçeleri arassalaýarlar (arhiw suraty)

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňümizdäki hepdäniň başynda, mundan bir aý ozal gopan weýrançylykly apy-tupandan ejir çeken, ýurduň gündogar sebitlerine sapar etmegine garaşylýar. Bu aralykda, Lebapda we Maryda güýçli depginde abatlaýyş we arassaçylyk işleri geçirilip başlandy. Emma welaýatlaryň administratiw merkezlerinde alnyp barylýan bu işler şäherleriň diňe merkezi sebitleri bilen çäklenýär.

Azatlyk Radiosynyň ençeme çeşmesiniň tassyklamagyna görä, öňümizdäki hepdäniň başky günlerinde prezident Berdimuhamedowyň Lebap we Mary welaýatlaryna sapar etmegine garaşylýar.

Mundan bir aý öň, 27-nji aprelde bu iki welaýatda gopan apy-tupanyň netijesinde uly weýrançylyklar döräpdi, sebitleriň ýüzlerçe ýaşaýyş jaýyna zeper ýetipdi, şeýle-de azyndan 37 adam ölüp we başga-da onlarçasy ýaralanypdy.

Türkmen hökümeti şol harasat we onuň netijeleri barada häzirki güne çenli dymyşlygy saklap gelýär. Ýerli ilat häkimiýetleriň tebigy hadysasynyň weýrançylykly netijelerini aradan aýyrmak boýunça ýeterlik ýa asla-da hemaýat bermeýändigini aýdýar. Munuň bilen baglylykda, raýatlar ýurduň hem içinde hem-de daşynda protest çärelerini hem geçiripdiler.

Türkmenler Stambuldaky türkmen konsullygynyň öňünde protest geçirdiler
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:39 0:00

Berdimuhamedowyň Mara we Lebaba etmegine garaşylýan saparynyň gün tertibinde mundan bir aý ozalky apy-tupanyň netijeleri bilen hem tanyşmak çäresiniň göz öňünde tutulup-tutulmaýandygyny anyklamak başartmady.

Galyberse-de, türkmen resmi metbugatynda Berdimuhamedowyň bu welaýatlara sapar etjekdigi barada häzirlikçe maglumat ýok. Muny türkmen resmilerine-de ne tassykladyp, ne-de inkär etdirip boldy.

Emma Berdimuhamedowyň ýurduň sebitlerine edýän saparlarynyň öňýanynda adatça bolşy ýaly, häzir Türkmenabat we Mary şäherlerinde güýçli depginde abatlaýyş we arassaçylyk işleri geçirilýär.

“Türkmenabadyň merkezi ‘Bitarap Türkmenistan’ köçesiniň ugry boýunça arassaçylyk we abatlaýyş işleri geçirilýär. Şäheriň merkezi sebitleriniň jaýlarynyň daşky durky oňarylýar, zir-zibiller toplanýar” diýip, Azatlygyň Lebapdaky habarçylarynyň biri 2-nji iýunda gürrüň berdi.

Howpsuzlyk aladalary sebäpli atlandyrylmasyzlygyny soran habarçy bu işleriň diňe prezidentiň geljekdigi baradaky maglumatlardan soň ýaýbaňlandyrylandygyny, şol bir wagtda şäheriň beýleki sebitleriniň ünsden düşürilýändigini belledi.

“Türkmenabatda diňe prezidentiň gözüne iläýjek ýerler oňarylýar. Şäheriň beýleki käbir sebitlerinde agyz suwy hem entek doly ýola goýulmady. Lagym suwlarynyň aýrylmadyk ýerleri hem bar. Çaýkanyp duran suw eýýäm yslanyp başlady” diýip, Lebapdaky habarçy gürrüň berdi.

Azatlygyň ozal-da habar berişi ýaly, bu günler giň gerimdäki abatlaýyş we arassaçylyk işleri Mary şäherinde hem geçirilýär. Emma Türkmenabatda hem bolşy ýaly, bular şäheriň diňe merkezi sebitlerinde alnyp barylýar.

“Bu günler Marynyň diňe esasy, şol sanda ‘Magtymguly’, ‘Kemine’ köçeleriniň ugrundaky sebitlerinde arassaçylyk, abatlaýyş işleri geçirilýär. Baglary aklaýarlar, jaýlaryň diwarlaryna reňk sepýärler, zyýan ýeten üçekleri çalyşýarlar... Emma ýoluň ugrundan görünmeýän jaýlara asla el hem degirilmeýär, olaryň köpüsinde heniz hem üçekleri ýok” diýip, Azatlygyň Mary şäherindäki ýagdaýlar bilen tanyşan Baýramalydaky bir çeşmesi 1-nji iýunda maglumat beripdi.

Azatlyk Radiosy ýokarda aýdylanlar barada Lebap we Mary welaýat häkimliklerinden kommentariý alyp bilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG