Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryda arassaçylyk işgärleri gije sagat 11-e çenli işlemäge mejbur edilýär


Türkmenistanda jemagat hojalygy edaralarynyň işgärleri. Arhiwden alnan surat
Türkmenistanda jemagat hojalygy edaralarynyň işgärleri. Arhiwden alnan surat

Maryda dowam edýän "arassaçylyk çäreleriniň” çäginde, şäheriň jemagat hojalygy edaralarynyň işgärleri irden sagat 06:00-da işe başlap, gije sagat 23:00-a çenli işlemäge mejbur edilýärler.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan arassaçylyk işgärleriniň ençemesi munuň üçin özlerine goşmaça pul serişdesiniň tölenmeýändigini aýdýar.

“Şu gün arassaçylyk işgärleri şäheriň Kemine köçesini we onuň gyralaryny süpürdiler hem-de baglaryň, arçalaryň düýplerini akladylar we ýerleri agdardylar. Olar agdarylan atyzlara gül ekdiler.Işler gije sagat 23:00-a çenli dowam etdi. Gije sagat 23:00-dan soň Mary welaýat we şäher häkimlikleriniň wekilleri Kemine köçesine aýlanyp görenden soňra, olaryň öýlerine gitmegine rugsat berildi” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan maryly habarçy 13-nji fewralda gürrüň berdi.

Belläp geçsek, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Mary welaýatyna etmegine garaşylýandygy aýdylýan sapary bilen baglylykda, şäheriň köçelerinde arassaçylyk we abatlaýyş işleriniň geçirilýändigi barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary birnäçe gezek habar berdiler. Bu işler ýanwar aýynyň ortalaryndan bäri dowam edýär.

Arassaçylyk işgärleriniň aýtmagyna görä, olaryň iş güni adatça irden sagat 07:00-da başlap, agşam sagat 18:00-da tamamlanýar. Ýöne olar indi bir aýa çemesi wagt bäri irden sagat 06:00-da işe çykarylyp, gije sagat 23:00-a çenli işledilýär. Munuň üçin olara goşmaça töleg tölenmeýär.

“Bizi günde 17 sagat işledýärler. Eger boýun gaçyrsaň, işden çykarýarlar. Hol arada biziň işgärlerimizden üç adam iş ýerinden bir sagat ir gitdi. Olaryň üçüsinem işden çykardylar, deregine häzir täze işgär aldyrlarmy ýa almadylarmy bilemok. Ýöne bizi ýary gijä çenli işletseler-de, onuň üçin aýlyklarymyzy ýokarlandyrmaýarlar” diýip, maryly arassaçylyk işgäri gizlinlik şertinde Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Aýdylmagyna görä, häzirki wagt Mary welaýatynda jemagat hojalygy edaralarynyň işgärleriniň aýlyklary 1000 manatdan geçmeýär. Bu resmi kursda $285 amerikan dollaryna deň bolsa, “gara bazaryň” nyrhynda $50 barabardyr.

Azatlyk Radiosy ýokarda aýdylanlar barada Mary welaýat we şäher häkimliklerinden kommentariý alyp bilmedi.

Türkmenistanda jemagat hojalygy işgärleriniň iş wagtyndan daşary işlemäge mejbur edilýändigi barada Azatlyk Radiosy mundan ozal hem ençeme gezek habar beripdi.

Mundanam başga, arassaçylyk işgärlerine arakesme üçin şertleriň hem döredilmeýändigi aýdylýar. Şeýle-de, olar köçelerdäki beýleki arassaçylyk işlerini we ýagyn suwlaryny sadaja gurallar, şol sanda sübseli we pilli berjaý etmeli bolýarlar.

Bu aralykda, Azatlyk Radiosynyň maryly habarçysy welaýatda prezidentiň etjekdigi aýdylýan saparyna taýýarlyk işleriniň güýçli depginde dowam edýändigini aýdýar. Ol munuň bilen bagly, 15-nji fewralda welaýatyň edara-kärhanalarynyň ençemesinde köpçülikleýin ýowar geçiriljekdigini hem belledi.

“Edara-kärhanalaryň işgärlerine özlerine degişli bolan ýerde, ýol ugrundaky atyzlary arassalamak we agdarmak tabşyrylypdyr. Bu arassaçylyk işleriniň haçana çenli dowam etjegi belli däl. Käbir býujet işgärleri prezidentiň welaýata etjek saparynyň anyk gününiň belli däldigini aýdýarlar” diýip, habarçy aýtdy.

Türkmen häkimiýetleri Berdimuhamedowyň Mara sapar etjekdigi ýa-da etmejekdigi barada hiç zat aýtmaýarlar. Bu barada döwlet metbugatynda maglumat göze ilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG