Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda geçirilen welosipedli ýöriş Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi, raýatlar tigirli ýörişlere mejbur edilýär


Illýustrasiýa suraty.

1-nji iýunda türkmen paýtagtynda geçirilen welospied ýörişi Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Häkimiýetler býujet işgärlerini welosiped ýörişlerine gatnaşmaga mejbur edýär.

Bu ýöriş welosiped kerweniniň bir çyzygyň ugry bilen hatar gurap amala aşyran iň uzyn welosiped ýörişi hökmünde hasaba alnypdyr. Bu barada Türkmenistanyň döwlet habar gullugy habar berýär. Beýleki tarapdan, Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylary 3-nji iýunda Türkmenabatda raýatlaryň welosiped ýörişlerine mejbury gatnaşdyrylýandygyny habar berýär.

TDH-nyň maglumatyna görä, Aşgabadyň 2019 adamlyk welosiped kerweni 3300 metr aralygy geçip rekord goýupdyr.

Döwlet metbugatynda Köpetdagyň fonunda bir çyzygyň ugry bilen asfalt ýolda kerwen gurap barýan welosipedçileriň suraty görkezilýär.

Bu çäre Türkmenistanda resmi derejede 3-nji iýunda giňden bellenip geçilýän Bütindünýä welosiped gününiň öňýanyna gabat geldi.

Beýleki tarapdan, 3-nji iýunda Azatlyk Radiosynyň habarçysy gündogar Türkmenistanyň paýtagty Türkmenabatda tas ähli býujet işgärleriniň mejbury gatnaşdyrylmagynda welosiped ýörişiniň geçirilendigini habar berdi.

“Şu gün Türkmenabatda welosiped ýörişi geçirildi. Ir sagat 5-de tas ähli “býujetçileri” ýygnadylar” diýip, Azatlygyň habarçysy regiondan habar berdi.

Onuň maglumatyna görä, ak we gök reňkli sport eşik geýnen býujet işgärleriniň köpüsi “janly diwar” bolmak üçin çärä çagyryldy. Türkmenistanda geçirilýän resmi köpçülik çärelerinde ýollaryň kenarynda hatara düzülýän adamlara janly diwar diýilýär.

“[Welosiped ýörişine] gatnaşdyrylanlaryň käbiri öz welosipedleri bilen gelipdir. Köçeler ýol polisiýasy tarapyndan gurşalyp alyndy. Olar ir sagat 5-de hemmeler süýji ukyda ýatyrka, ses gataldyjy enjamlar bilen gygyryp, köçelerdäki maşynlary aýyrdylar. Maşynlar wideo düşürilmegine päsgelçilik döredýär, “sýujžeti” zaýalaýar” diýip, habarçy aýtdy.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet telewideniýesinde ýygy-ýygydan tigriň üstünde görkezilýär.

2018-nji ýylda Türkmenistanyň başlangyçlary bilen BMG-niň Baş Assambleýasy her ýylyň 3-nji iýunyny “Bütindünýä welosiped güni” diýip yglan etdi.

Munuň yzýany prezident Berdimuhamedow Aşgabatda welosipede ýadygärlik dikmegi teklip etdi.

TDH-nyň maglumatyna görä, 1-nji iýunda Aşgabatda geçirilen welosiped ýörişinde goýlan dünýä rekordy mynasybelti Ginnesiň rekordlar kitabynyň resmi wekili Şeýda Subaşy – Gemiji prezident Berdimuhammedowy we türkmen halkyny gutlapdyr.

Şeýle-de, döwlet mediasyna görä, Türkmenistanyň prezidentine we türkmen halkyna welosiped güni mynasybetli älem giňişliginden hem gutlag haty gelip gowşupdyr. Bu haty Türkmenistanda doglan russiýaly kosmonawt Oleg Kononenko Halkara kosmos stansiýasyndan ugradypdyr.

Türkmen metbugaty mundan ozal hem geçen Täze Ýyl baýramçylygynda Kononenkonyň türkmenistanlylara gutlag hatyny ugradandygyny habar beripdi.

Şonuň yzýany, 9-njy ýanwarda Azatlyk Radiosy Russiýanyň “Roskosmos” döwlet agentligi bilen telefon arkaly habarlaşyp, russiýaly kosmonawtyň Türkmenistana ugradan Täze ýyl gutlagy bilen gyzyklanypdy.

Şonda “Roskosmosyň” wekili Azatlyk Radiosyna beren jogabynda bu gutlagy türkmen resmileriniň özleriniň haýyş edendigini mälim edipdi.

Türkmen metbugatyna görä, prezident Berdimuhamedow Aşgabatdaky welosipedçileriň ilkinji jemgyýetiniň 1894-nji ýylda döredilendigini, şondan soň Türkmenistanda welosiped ýaryşlarynyň geçirilip, oňa gatnaşyjylaryň tas ýarysynyň zenanlar bolandygyny aýdýar.

2021-nji ýylda Ýapyk welotrek boýunça Dünýä çempionatynyň Türmenistanda geçirilmegine garaşylýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG